8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalynyň nobatdaky sany.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň neşire taýýarlan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Mälim bolşy ýaly, özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary galýandygynyň, türkmen halkyny abadançylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly alyp barýan milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we täzeçillik syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Aşgabatda bolan gepleşikleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna we Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň jemleri ýokarda aýdylanlaryň dogrudygyny äşgär edýär. Žurnalda şu ugur boýunça çap edilen makalalardan belli bolşy ýaly, biziň ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen syýasy-diplomatik, ykdysady we gumanitar ugurdaky gatnaşyklary, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň möçberli hyzmatdaşlyk ugry boýunça daşary syýasat hyzmatdaşlygyny ýola goýýar.

Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygyna we ýurdumyza 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Milletler Bileleşiginiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” derejäniň berilmeginiň ähmiýetine makalalar toplumy bagyşlanypdyr.

“Türkmenistanyň bitaraplygy: parahatçylyk döredijiligiň täze nusgasy” atly makalada bellenilişi ýaly, munuň özi her bir ýurduň bitaraplyk ugrunyň häzirki zaman parahatçylyk döredijilik konsepsiýasynyň kemala gelip başlandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem makalanyň awtory türkmen döwletiniň bitaraplygy halkara gatnaşyklarynda täze ugur bolmak bilen gysga döwrüň içinde bu babatda bilermenleriň ylmy taýdan öwrenýän derejesini emele getirdi diýip belleýär. Köpsanly bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň hemişelik we oňyn bitaraplygy dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak hem-de ony üpjün etmek, Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek meseleleriniň çözgüdinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň gatnaşyklary we anyk teklipleri bilen baýlaşdyrylýar we Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen we syýasy taýdan kadalaşmagyny, bu ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini şertlendirýär.

Şeýle hem žurnalyň okyjylary Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ýörite wekili jenap Çarlz Hendriniň, GDA we Günorta Ýewropa ýurtlary boýunça Halkara deňiz guramasynyň baştutany jenap Iwaýlo Walewiň makalalary bilen tanşyp bilerler.

Gumanitar ulgamdaky, şol sanda bilim, sport, medeniýet we taryhy ýadygärlikleri goramak ugurlaryndaky sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklary žurnalyň nobatdaky sanynda giňden beýan edilýär. Olaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk”, “Medeni hyzmatdaşlygyň asylly däplerini ösdürip”, “Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň taryhy sahypalary”, “Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygy”, “Medeni gatnaşyklary ösdürmekde muzeýleriň ähmiýetli orny” ýaly makalalary görkezmek bolar.

Şeýle hem okyjylar köpçüligine hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda telekeçilik işiniň hukuk üpjünçiliginde daşary döwletleriň tejribesi, şeýle hem Türkmenistanyň milli we halkara hukuk sazlaşygy ulgamynda birnäçe halkara merkezleri bilen özara gatnaşyklary hakyndaky makalalary görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýokary hünärli işgärleri kämilleşdirmek, okuw ulgamlarynda innowasion usullary peýdalanmak ýörelgeleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň ileri tutulýan uguralarynyň biri bolup durýar. Türkmen diplomatlarynyň ýaş nesillerine diplomatik adalgalary öwretmekde ulanylýan häzirki zaman innowasion usullar barada gürrüň berýän makalada bu ugra aýratyn üns berilýär. Şunlukda, makalanyň awtory okatmagyň dürli usulllaryny öz içine alýan interaktiw tejribelere aýratyn ähmiýet berýär.

Žurnalyň “Ýaş alymyň sahypasy” diýen sözbaşy bilen berilýän makalada türkmen halkynyň Garamanogullary begligi döwründäki daşary ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyna, şeýle hem Türkmenistanyň iri halkara guramalarynyň biri bolan we özünde harby birikmelere gatnaşmazlyk ýörelgesine eýerýän dünýäniň 120 döwletini özünde jemleýän Goşulyşmazlyk hereketi bilen netijeli gatnaşyklary barada gürrüň berilýär.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen sözbaşy astynda dürli derejede geçirilen duşuşyklara we gepleşiklere, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlislerine, Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky geňeşmelere, şeýle hem Aşgabatda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara maslahatlara gysgaça syn berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda ilçihanasyny açmak, Gazagystan Respublikasynda (Aktau şäheri) ýurdumyzyň konsullygyny açmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýadaky, Wenesuelanyň Boliwar Respublikasyndaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlaryny bellemek hakyndaky Permanlary we Kararlary žurnalyň nobatdaky sanynyň jemini jemleýär.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterliligini üpjün edýär.

Degişli makalalar

Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli “Ene mähri” Atlary Dakyldy we Pul Sylaglary Gowşurylar

Mejlisiň Deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň Agzalygyna Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary Geçirilýär

Gowaça Ekişine Taýýarlyk Görmek Işlerine Gadam Basyldy

syrach