6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili, türkmen paýtagtynda saparda bolýan jenap Saber Azam bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolup durýan Türkmenistanyň BMG-niň BÝKM bilen oňyn hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2012-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň barşynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesiniň we täze mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň BÝKM-niň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny we häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge jebisleşikli çemeleşmäni nazara almak bilen netijeli gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Degişli makalalar

Gutlag

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistanyň Ilçisi Hindistan Respublikasynyň Prezidentine Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

turkmenhabargullugy