8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň dokma senagaty dünýä bazaryndaky ornuny berkidýär.

Aşgabatda her ýyl geçirilýän bu halkara pudaklaýyn forumy dünýä dokma işewürleriniň ägirt uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu çärä şeýle uly gyzyklanma özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bu ugurda täze ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýurdumyzda döredilen ajaýyp mümkinçilikler bilen şertlendirilendir. Türkmen dokmaçylarynyň gazananlarynyň bu gözden geçirilişine dünýäniň onlarça ýurtlaryndan kompaniýalar, şol sanda Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Ukrainadan, Hytaýdan gatnaşyp, dünýä dokma senagatynyň täze gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikleri, ekologiýa taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly önümçiligi halkara standartlaryna laýyk gelmek bilen, iň ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirilendir we munuň özi türkmen dokmaçylarynyň halkara derejesindäki abraýyny üpjün edýär.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýerleşdirilen giň möçberli ekspozisiýa ýurdumyzda işläp taýýarlanylýan dokma önümleriniň dürli görnüşlerini özünde jemledi. Bu ýerde görkezilen pagta süýümi, nah ýüplükler we matalar, trikotaž matalar we olardan taýýarlanan tikin önümleri, jinsi matalary we çagalar hem-de ulular üçin jinsiden tikilen eşikler, ýüpek süýümi, panbarhat, keteni we ajaýyp el halylary, ýurdumyzyň kärhanalarynyň we hususy telekeçileriň önümleridir.

Bazar gatnaşyklarynyň barha globallaşýan häzirki şertlerinde halkara ykdysady gatnaşyklary bu pudagy ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen hünärmenleriniň geçen ýyl Barselona (Ispaniýa) şäherinde dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmaklary hem ýygjamlaşýan halkara hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysalydyr. Şol serginiň netijeleri boýunça häzirki wagtda biziň ýurdumyza aňrybaş derejede awtomatlaşdyrylan ýokary öndürijilikli enjamlary getirmek boýunça gepleşikler geçirilýär. Daşary ýurt önüm öndürijiler bilen şonuň ýaly işewür duşuşyklar we gepleşikler Aşgabatda geçirilen dokma forumynyň barşynda hem dowam etdirildi.

Oňa gatnaşyjylaryň arasynda dokma enjamlaryny öndürýän, şol sanda gözegçilik-ölçeg ulgamlaryny taýýarlaýan Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan gelen işewürler, Koreýadan we Şweýsariýadan dokma boýaglary we himiýa serişdeleri boýunça hünärmenler, ABŞ-dan we Russiýadan matalaryň innowasion görnüşlerini, şol sanda tehniki häsiýetdäki görnüşlerini hem işläp taýýarlaýjylar bar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýan Ýewropa bazarynda eşikleriň içliklerini taýýarlamak boýunça öňdebaryjylaryň biri bolan Litwanyň “Сamela” kompaniýasynyň hünärmenleri bu sergide ilkinji gezek matanyň we trikotažyň esasynda özleriniň täze tehnologiýa çözgütlerini görkezdiler.

Bu ýerde geçirilen maslahat gözden geçirilişiň möhüm wakasyna öwrüldi. Onda dürli ýurtlardan gelen esasy hünärmenler Türkmenistanyň dokma senagatyny ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Pudagyň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ykdysady taýdan bähbitli täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, mata önümçiliginde dünýäniň häzirki zaman meýilleri meselelerine bagyşlanan çykyşlaryň we tanyşdyrylyşlaryň onlarçasy guraldy. Ýurdumyzyň dokma pudagyndaky eksport mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşlygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün, halkara sergisiniň jemleýji gününde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda dokma pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň alymlary we hünärmenleri – Koreýanyň söwda we senagat ykdysadyýeti baradaky institutynyň we Koreýanyň “Senagat tilsimatlary” institutynyň, şeýle hem “Dong-A Dyeing”, “Poong Kwang”, “Dae-Lim Starlet Co”, “Shang-Dae” kompaniýalarynyň we başgalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyga şeýle hem pudagyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary, inžener-tehniki işgärleri, ýurdumyzyň ugurdaş hünär berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Ylmy köp sarp edýän, ýokary tehnologiýaly, esasy bolsa ekologiýa taýdan howpsuz önümçiligi işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda geljekki koreýaly hyzmatdaşlaryň uly tejribesini hasaba almak bilen, türkmen hünärmenleri duşuşygyň barşynda orta atylan tekliplere uly gyzyklanma bildirdiler.

Serginiň işlän günlerinde oňa bu pudagyň hünärmenleriniň, telekeçileriň, aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördüler. Forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda diplomlar hem-de degişli sertifikatlar gowşuryldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdip “Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly Halkara sergisiniň we ykdysady maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine ýardam berendigi hem-de goldawy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Putine Gynanç Hatyny İberdi

syrach

Hepdäniň Wakalary

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy