Türkmenistanyň Dokma senagaty minisrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň maý aýynyň 5-däki Türkmenistanyň Dokma senagaty minisrliginiň meseleleri hakyndaky” karary esasynda döredildi.
Häzirki wagtda ministrligiň düzüminde nah ýüplük, dürli görnüşli dokalan we örme matalar, taýýar tikin we trikotaž önümler, aýkgaplar öndürýän, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de göni ilkinji işleýän önümçilik kärhanalaryň 60 gowragy işleýär.
Öndürilýän dokma önümleriniň 70-80 göterimden gowragy ABŞ, Kanada, Russiýa, Ukraina, Baltika döwletlerine, Hitaýa, Indiýa, Günbatar Ýewropa ýurtlaryna, Turkiýa, Wengriýa we beýleki daşary ýurtlara satylýar.
1995-2009-njy ýyllaryň dowamynda nah ýüplügiň önümçiligi
7,7 esse, nah matalaryň önümçiligi 7,7 esse artdyryldy.
1995-2009-njy ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlara satylýan önümleriň möçberi 29 esse köpeldi.
Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde täze kärhanalaryň gurluşygyna, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemegine sarp edilen maýa goýumlaryň möçberi 1,3 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, şolardan daşary ýurt kompaniýalaryň maýa goýumlaryň paýy 22 göterimden ybarat bolup ýa-da 300 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Kärhanalara häzirkizaman enjamlaryny ornaşdyrmak bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrmagyna we olaryň ekologiýa taýdan howpsyzlygyň talaplaryna laýyk getirmege uly üns berilýär.
Türkmenbaşy Tekstil Kompleksi”, Türkmenbaşy Jins Kompleksi” we Kakadaky Serdar” pagta egriji fabrigi ýaly pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary dünýa ýüzünde tanymal bolmak bilen, ISO 9001 we 9002 önümçiligi dolandyrmagy ulgamlaşdyrmak we hil gözegçiligi” hem-de ISO 14001 daş töwerekdäki gurşawy goramak” OHSAS 18001 kärhanalarda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek” ýaly halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Mundan başga-da, pudagyň garamagyndaky kärhanalaryň bir-näçesinde WRAP taýýar önümler önümçiliginde bütindünýä jogapkärçiligi” ulňileri ulanylýar.
Taýýar önümleri satyn alýan müşderileriň arasynda IKEA, Sears, Wal-Mart, Lewis, Zara, Miss Erika, Foot Locker ýaly dünýä belli iri halkara kompaniýalary hem bar.
Işe girizilen täze kärhanalarda Ýaponiýanyň we Ýewropa döwletleriniň dünýä belli, ýagny Rieter” (Şwesariýa), Trützschler”,”Schlafhorst” (Germaniýa), Marzoli” (Italiýa) Juki”, Tsudakoma” (Ýaponiýa), Pikanol” (Belgiýa) kompaniýalaryň häzirki zaman tehnologiki enjamalary ornaşdyrylan.
Türkmenistanyň Dokma senagaty minisrligi 2020-nji ýyla çenli ösdümegiň Maksatnamasyna laýyklykda, birnäçe täze hazirkizaman kärhanalary gurup, işe girizmek göz öňünde tutulýar. Olaryň işe girizilmegi netijesinde her ýylda pagta süýümiň 254 müň tonnasyny gaýtadan işlenip, nah ýüplügiň 224 müň tonnasy we nah matalaryň
305 million inedördül metre öndüriler.
Dokma pudagyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberin
2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýetirmek, ýurdumyzyň pagta ekýän her bir sebidinde dokma kärhanalary gurup, işe girizmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa 20 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Maksatnamanyň 2020-nji ýyla çenli üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2008-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende dokma pudagyň harytlyk önüminiň möçberi 2,2 esse, nah ýüplügiň möçberi
2,6 esse, nah matalaryň möçberi 1,6 esse, tikin-trikotaž önümleriň önümçiligiň 2,1 esse artmagyna mümkinçilik berer.