Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine harby düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek, milli Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçmek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hasabat bermek üçin söz berdi, olar garamagyndaky düzümleriň işi, döwletiň esaslaryny has-da berkitmek, jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak, Milli goşunymyzy täze tehnika bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdiler.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksadynda geçirilýän işler, gullugyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat bermek bilen, edaranyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Tagtabazar serhet birikmesiniň Watançy serhet galasynyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berlendigini habar berdi. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa serhetçiler barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gullugyň işgärleriniň geljekde hem hormatly harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini eserdeň gorajakdyklaryna ynandyrdy.
Mejlisiň barşynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik edýän hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri, milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde geçirilýän işler, şeýle hem ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow öz hasabatynyň çäklerinde hukuk goraýjy edaranyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini habar berdi hem-de milli Liderimize düzümiň işgärleri barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, IIM-niň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini has-da gülläp ösdürmegiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň asuda we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny berkitmek boýunça möhüm we giň gerimli işleri alyp barýan ähli düzümleriň ysnyşykly işlemeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň eýeleýän ornuny belledi hem-de Watana we halka ak ýürekden gulluk etmegiň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň goranyş ukyplylygyny berkitmekde, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşyny goramakda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň bitiren uly hyzmatlaryny bellemek bilen Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Ý.Ýazmyradowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 4-nji hünär derejeli A.Hallyýewe bolsa 3-nji hünär derejesini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde täze üstünlikleri arzuw etdi.