2015-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý.Mämmedow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiýasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Le Lyong Mine şol bir wagtda Türkmenistanyň bu guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.
Ynanç hatlaryny gowşurandan soň Türkmenistanyň Ilçisi bilen ASEAN-yň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda jenap Le Lyong Min Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiýasiýasynda Türkmenistanyň ilkinji hemişelik wekilini işe başlamagy bilen gutlady we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ASEAN-yň ýanynda öz wekilini akkreditirlemek çözgüdi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmenistanyň Ilçisi, öz gezeginde, Günorta-Gündogar Aziýada integrasiýa ýagdaýynyň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň ASEAN guramasy bilen söwda, ykdysadyýet, bilim, syýahatçylyk, sport, saglygy goraýyş we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Soňra Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20-ýyllygy hem-de Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk atly Halkara maslahatynyň geçirilýändigini aýdyp, Guramanyň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministriniň adyndan maslahata gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy.
Jenap Le Lyong Min çakylyk üçin minnetdarlygyny bildirdi we özüniň iş senenamasyny seljerip, bu möhüm çärä gatnaşmak bilen bagly meseläni Türkmenistanyň Ilçihanasyna goşmaça habar berjekdigini aýtdy.
ASEAN-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň örän kuwwatly ykdysady gorunyň bardygyny belläp, ASEAN guramasyna agza ýurtlar Türkmenistanyň hemişelik wekilini Assosiýasiýanyň ýanynda akkreditirlemek meselesinde biragyzdan oňyn karary kabul edendiklerini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ASEAN-nyň Sekretariaty ASEAN tarapyndan geçiriljek gepleşiklere we maslahatlara Türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagyna ýardam berer.