9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň howpsuzlyk mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň alty aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga degişli meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutany gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler täze Galkynyş eýýamynda türkmen halkynyň asuda, abadan we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem Ý.Berdiýew döwletimiziň mizemezligini goramak we türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan belent wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm binýady bolan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidir, bu bolsa ösüş ýoly bilen üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmegi şertlendirýär diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýurdumyzyň döwlet serhedinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak babatda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolmagy babatda hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň asylly hem jogapkärli wezipedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany häzirki wagtda döwrebap serhet galalary bilen bir hatarda serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň maşgalalary üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň we beýleki şertleriň döredilmeginiň dowam etdirilmelidigini nygtap, adam hakdaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow öz ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen alty aýyň dowamynda alnyp barylan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Ol öz hasabatynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berjaý edilmegi ugrunda prokuratura edaralarynyň durmuşa geçiren çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk berkararlygyny üpjün etmek boýunça prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi belledi we kanunçylygyň berjaý edilşine berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işler boýunça degişli tabşyryklary berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilýän desgalaryň gurluşygyna, işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, şol bir wagtyň özünde bolsa, olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine yzygiderli kanunçylyk gözegçiligini amala aşyrmagy tabşyrdy.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň garamagyndaky harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meselelere çekip, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, diňe bir olaryň özleriniň däl, maşgalalarynyň hem gowy ýaşaýşy üçin ähli zatlar bilen üpjün edilmegi boýunça zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine hünär derejeleri üçin goşmaça tölegler hakynda Karara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alty aýyň içinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol milli goşunymyzyň harby-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ussatlygyny barha kämilleşdirmek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilýändigini nygtap, türkmen esgerleriniň ata Watanymyza we halkymyza mundan beýläk-de wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby-enjamlaýyn binýadynyň has-da kämilleşdirilmegine, harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegine, mundan beýlägem yzygiderli üns beriljekdigini belledi we biz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine pugta eýerýän, goranmak häsiýetli harby doktrinasynyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemişe pugtalandyrýarys, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalary barada hem yzygiderli alada edýäris diýip nygtady. Soňra döwlent Baştutanymyz gürrüňini dowam etdirip, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, netijeli işläp, üstünlik gazanmaklary üçin, oňat dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça hem möhüm işleri durmuşa geçirýäris, biz bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde hem yzygiderli dowam ederis diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz aýdan sözleriniň tassyknamasy hökmünde mejlisde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň modul görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurnamak hakynda Karara gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen alty aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, tutuş adamzat üçin howp bolan neşekeşligiň soňuna çykmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyz parahatçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty amala aşyrmak arkaly, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalaryny utgaşykly alyp barýandygyny belläp, bu usulyň we türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň netijeliligini aýratyn nygtady. Şeýle hem milletiň Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, mundan beýläk hem halkara guramalary hem-de ýurdumyzyň ähli degişli gulluklary we edaralary bilen häzirki döwrüň bu howpuna garşy utgaşykly iş alyp barmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş adamzat üçin howp bolup durýan neşekeşligiň merdana milletimiziň genefonduna zeper ýetirýändigine ünsi çekip, bu babatdaky meseleleriň içgin öwrenilmelidigini hem-de öz wagtynda, başarnykly çözülmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyna degişli ähli edaralaryň öz işini ýokary derejede guramagy üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belläp, munuň üçin döwletimiziň serişde gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylardan işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýerlerde hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak ugrunda Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurtda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny goramakda Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini nygtap, ministrligiň ähli düzümleriniň işiniň häzirki döwürde bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelmelidigini talap etdi hem-de degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýol gözegçilik gullugynyň işine ünsi çekip, ýurdumyzda awtoulag hereketiniň sazlaşykly we döwrebap dolandyrylmagy üçin ähli çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ý.Ýazmyradow özüniň hasabatynda şu ýylyň alty aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlara we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmekde ýurtda ýaýbaňlandyrylan hukuk özgertmeleriniň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady we bu il-ýurt bähbitli özgertmelerden gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek boýunça degişli işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Hususan-da, kazyýet edaralarynyň öz kabul edýän çözgütleri üçin ýokary jogapkärçiligini belläp, hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de kanuna berk we gyşarnyksyz eýermegi, raýatlaryň her bir ýüz tutmasyna örän ünsli garamagy, her bir anyk ýagdaýy içgin seljermegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ministrligiň geçen alty aýda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň okgunly ösüşini we türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu ministrligiň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözülmegine ýardam etjek täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri bilen ykdysady gatnaşyklarda ýüze çykýan jedelli meseleleri çözmek we başarnykly hünärmenleriň ilata hukuk taýdan kömek bermek, raýatlaryň hukuk boýunça düşünjeliligini artdyrmak bilen bagly işleri yzygiderli hem-de örän sazlaşykly alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen alty aýda bitirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň barha ýokarlanýandygyny hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeleriň we uly möçberli gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly serhetüsti geçýän ýük akymynyň yzygiderli köpelýändigini nazara alyp, bu gullugyň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan wezipeler barada degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Begliýew gullugyň düzümlerinde geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz gullugyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, şu ýylyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Çünki eýýämden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli zähmet üstünliklerine beslenýän belent dabaralar berkarar Watanymyz boýunça giňden ýaýbaňlandyrylýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şu örän möhüm hem-de il-ýurt-bähbitli waka bilen baglylykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu ählihalk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni ruhy nygmat bilen üpjün edýän wagyz-nesihat işine çekip, ähli gullukçylaryň, aýratyn-da, esgerleriň boş wagtlarynda medeni çärelere, ählihalk dabaralaryna gatnaşmagyny, edil şonuň ýaly, olaryň teatrlara, muzeýlere we beýleki sungat ojaklaryna baryp görmegini guramagy, ahyr netijede Watan goragçylarynyň ruhy lezzet almagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmekde harby gullukçylaryň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň her bir işgäri ildeşlerimiz üçin hakyky watançylygyň, jogapkärçiligiň, ak ýürekliligiň we borja wepalylygyň aýdyň nusgasy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şöhratly ata-babalarymyzyň miras galdyran we Watanymyzda berkarar bolan täze Galkynyş eýýamynda öz asyl, nurana durkunda dikeldilýän şol milli ýörelgeler türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň özenini düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milletiň Lideri mejlisiň ahyrynda degişli çözgütleri kabul edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan örän jogapkärli hem-de asylly işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi