8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.A.Nyýazowyň ýagty ýadygarligi ýatlanyldy.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligi oturdylan “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähi has-da köp adamly boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ilkinji Prezidentini Ýatlama çäresi geçirildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähine gelip, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra ýrdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrilkleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary we köpsanly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesini eýerip, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Sanlyja pursatlarda ýadygärligiň etegini türkmen halkynyň meşhur ogluna çüňňür söýginiň nyşany bolan ajaýyp güller ýadygärligiň töwereginde haly düşülene çalymdaş görnüşi emele getirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan baý taryhy tejribelere we milletiň ruhy-medeni dessurlaryna daýanmak bilen, parahatçylygyň, dostlugyň, özara peýdaly, deňhukukly gatnaşyklaryň ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygynyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

“Döwlet adam üçindir!” diýen şygary özüne esas edinýän syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy edermen türkmen halkyna parahatçylykly we rowaç durmuşy üpjün etdi. Halkymyzyň döredijilikli we agzybirlikli zähmeti netijesinde mähriban Watanymyz ösen medeniýeti bolan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň çägini synlady.


Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýakynda bu ýerde bolup, seýilgähiň durkuny täzelemek, onuň ýodalaryny, suw çüwdürimlerini, yşyklandyryjylaryny we seýilgähde oturdylan oturgyçlary döwrebap derejede abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şol döwürden bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, seýilgähiň durky täzelendi, onuň meýdançalaryna granit daşlary düşeldi, şeýle hem seýilähdäki yşyklandyjylar, suw çüwlürimleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy tejribäni we täze usullary giňden ornaşdyrmakdan, häzirkizaman binagärlik usullary bilen milli däpleriň oňyn ýöreleglerini sazlaşykly utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirmäge, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýörelgeleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň binýadyny emele getirýändigini bellemeli.

Häzirki döwürde Aşgabat täze taryhy eýýamyň, ýurdumyzyň nurana geljeginiň, onuň ösüşiniň we döredijiligiň belentliklerine tarap bolan gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmen paýtagty ähli ölçegler boýunça nusgalyk şähere öwrülmelidir. Bu ýerde ilatymyzyň we myhmanlaryň amatly ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin zerur şertler üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň merkeziniň özboluşly binagärlik keşbiniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň çägi bilen ýöräp barşyna, bu ýerde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen paýtagtynyň bu künjeginde yzygiderli ýagdaýda işleriň geçirilmeginiň we onuň Aşgabadyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülmeginiň zerurdygyny belledi.

Degişli makalalar

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary

Bagtyýar Çagalaryň Ýurdunyň Dynç Alyş Merkezlerinde Tomus Möwsümi Başlandy

Türkmen Kölüniň Daşoguz Golunyň Kenarynda Mekan Tutýan Dürli Görnüşli Guşlaryň Sany Artýar