8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Şähergurluşyk Işi Hakynda

Şu Kanun şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň talaba laýyk ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň emele getirilmegine, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir.

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) şähergurluşyk işi (şeýle hem − şähergurluşyk) – jemgyýetçilik-ykdysady, gurluşyk-tehniki, binagärlik-çeperçilik,  sanitariýa-gigiýena çözgütleriniň toplumyny üpjün edýän ilatly ýerleriň meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň nazaryýeti we amalyýeti; 
2) şähergurluşyk resminamalary – çäkleriň şähergurluşygynyň ösdürilmeginiň we peýdalanylmagynyň ugurlaryny we şertlerini kesgitleýän özara baglanyşykly taslama resminamalarynyň, şol sanda çäkleri zolaklara bölmegiň meýilnamalarynyň ulgamy;
3) döwlet şähergurluşyk kada ölçegleri we düzgünleri – çäkleriň gurulmagyna bildirilýän we adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawy üçin amatly, howpsuz we beýleki zerur şertleri üpjün edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şähergurluşyk we tehniki dessurlaryň,  kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň, gaýry hökmany talaplaryň, şertleriň we çäklendirmeleriň ulgamy. Döwlet şähergurluşyk kada ölçegleri we düzgünleri şähergurluşyk işiniň subýektleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmandyr;
4) şähergurluşyk dessurlary – şähergurluşyk resminamalary bilen bellenilen çäkleriň (ýer bölekleriniň) we gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektleriniň peýdalanylmagynyň düzgünleri, rugsatnamalary, çäklendirmeleri (borçlanmalary, gadagan etmeleri we çäklendirilen hukuklary (serwitutlary) hem goşmak bilen);
5) çäkleriň zolaklara bölünmegi – çäkleriň şähergurluşygynyň ösdürilmeginiň we peýdalanylmagynyň dessurlarynyň bellenilmegi bilen şähergurluşygy meýilnamalaşdyrylanda anyk wezipeli çäk zolaklaryň bölünip aýrylmagy; 
6) şäher we şäherçe serhedi – ilatly ýeriň ýerleriniň, jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda bellenilen, olary ýer gaznasynyň beýleki toparlaryndan bölüp aýyrýan daşky serhedi; 
7) gyzyl çyzyklar – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda, ilatly ýerlerdäki umumy peýdalanylýan ýerleriň gurluşyk üçin ýa-da başgaça peýdalanylmaga niýetlenilen çäklerden bölünip aýrylmagy üçin göz öňünde tutulan şertli çyzyklar; 
8) gurluşygy düzgünleşdirmegiň ugurlary – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda göz öňünde tutulan, çägiň gurluşygy amala aşyrylanda gyzyl çyzyklardan ýa-da ýer böleginiň serhetlerinden başlanyp boş goýulýan ýeri hasaba almak bilen binalaryň we desgalaryň ýerleşmeginiň serhetlerini kesgitleýän şertli çyzyklar; 
9) ilatly ýerleriň arasyndaky çäkler – ilatly ýerleriň arasynda, olaryň serhetleriniň daşynda ýerleşýän çäkler;
10) şähergurluşyk (taslama) resminamalaryny işläp düzüji –  şertnamada göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde taslama resminamalarynyň (taslamalaşdyrmagyň) işlenip düzülmegi, gurluşyga awtorlyk gözegçiliginiň amala aşyrylmagy, şähergurluşyk işi amala aşyrylýan mahalynda gaýry işleriň ýerine ýetirilmegi üçin buýrujy, gurujy ýa-da potratçy tarapyndan çekilýän, degişli ygtyýarnamasy bolan, şahs;   
11) ilaty ýerleşdirmek ulgamy – ilatly ýerleriň giňişlik, ykdysady, durmuş we gaýry gatnaşyklaryň aýdyňlaşdyrylmagy esasynda bir bitewülige birleşdirilen, belli bir maksada gönükdirilip emele getirilýän ulgamy;
12) çäk – adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň bir ýa-da birnäçe düzüm böleklerine (elementlerine) eýelik edýän hem-de ilatly ýerleriň çäklerini, ilatly ýerleriň arasyndaky çäkleri öz içine alýan, şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin niýetlenilen we gurmak ýa-da başgaça peýdalanylmagy üçin niýetlenilen, çäklendirilen giňişlik;
13) bina – özüniň işleýiş wezipesine baglylykda adamlaryň ýaşamagy ýa-da bolmagy we (ýa-da) önümçilik-tehnologik işiň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenilen göterýän, goraýan ýa-da utgaşdyrylan gurluşlardan durýan, ýapyk göwrümi emele getirýän, gurluşyk ulgamy;
14) desga – tebigy ýa-da emeli giňişlikli serhetleri bolan we önümçilik işleriniň ýerine ýetirilmegi, maddy gymmatlyklaryň ýerleşdirilmegi we saklanylmagy ýa-da adamlaryň, ýükleriň wagtlaýyn bolmagy (geçmegi), şeýle hem enjamlaryň ýa-da kommunikasiýalaryň ýerleşdirilmegi (çekilmegi, geçirilmegi) üçin niýetlenilen göwrümli, tekizlikli ýa-da uzaboýuna (ýerüsti, suwüsti we (ýa-da) ýerasty, suwasty) obýekt. Desga şeýle-de, çeperçilik-estetik, amaly-haşam ýa-da ýadygärlik maksatlaryna niýetlenen bolup biler;
15) inženerçilik infrastrukturasy – serişdeleriň (ýangyç, suw we başgalar) berilmegini hem-de peýdalanylan serişdeleriň akdyrylmagyny üpjün edýän inženerçilik kommunikasiýalaryň (şol sanda ulgamlaryň) we desgalaryň jemi; 
16) ulag infrastrukturasy – ulaglaryň, pyýadalaryň hereket etmegi, ýolagçylaryň we ýükleriň, şol sanda ilatly ýerleriň çäkleri we ilatly ýerleriň arasyndaky çäkler boýunça önümleriň geçirilmegi üçin niýetlenilen awtomobil, demir ýol, suw, howa, turba-geçiriji ulag kommunikasiýalarynyň jemi; 
17) durmuş infrastrukturasy – bilim ulgamynyň, medeniýet, sungat, bedenterbiýe, sport, saglygy goraýyş, söwda, durmuş hyzmaty, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy guramalarynyň binalaryny we desgalaryny hem-de ilatyň ýaşaýşyny üpjün edýän gaýry obýektleri, şol sanda  maýyplygy bolan adamlar üçin amatly gurşawy hem goşmak bilen, sosial we durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň toplumy;
18) çäkleri meýilleşdirmegiň çyzgysy – çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasyny, ilatly ýerlere ilaty ýerleşdirmegiň we ony ösdürmegiň ulgamynyň esasy ýörelgelerini, degişli çägiň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýan şähergurluşyk resminamasy;  
19) ilatly ýeriň baş meýilnamasy – ilatly ýeriň zolaklara bölünmegini, onuň çäkleriniň meýilleşdiriş düzümini we wezipeleriniň guramaçylygyny, ulag we inženerçilik kommunikasiýalarynyň ulgamlaryny, abadanlaşdyrylmagyny we gür baglyga öwrülmegini belleýän, ilatly ýeriň (şäheriň, şäherçäniň, obanyň ýa-da beýleki ilatly ýeriň) ösdürilmeginiň we gurluşygynyň toplumlaýyn meýilleşdirilmeginiň  şähergurluşyk taslamasy;
20) çäkleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgysy – degişli çäkde inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýän şähergurluşyk resminamasy;
21) awtorlyk gözegçiligi – şähergurluşyk resminamalarynyň awtorynyň olaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyna barlagyň amala aşyrylmagy boýunça hukugy. 

2-nji madda. Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 

3-nji madda. Döwlet şähergurluşyk syýasaty
1. Döwlet şähergurluşyk syýasaty – bu şähergurluşyk işi babatda maksatlaryň, wezipeleriň we çäreleriň döwletiň durmuş we ykdysady syýasaty bilen özara baglanyşykda emele getirilýän ulgamy. 
2. Döwlet şähergurluşyk syýasaty adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawyny gowulandyrmak, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen, türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak we artdyrmak maksady bilen, şähergurluşyk serişdeleri bilen jemgyýetiň durnukly ösdürilmeginiň, ýerleriň we tebigy serişdeleriň netijeli hem-de aýawly peýdalanylmagynyň, jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň şähergurluşyk işi babatda bähbitleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.  

4-nji madda. Şähergurluşyk işi 
Şähergurluşyk işi şulary öz içine alýar:
1) daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny hasaba almak bilen öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş  infrastrukturasynyň emele getirilmegini kesgitleýän ilaty ýerleşdirmegiň çäk boýunça guralmagynyň çaklamalaşdyrylmagyny, taslamalaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini;
2) şäherleriň, beýleki ilatly ýerleriň we olaryň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň konsepsiýasynyň işlenip düzülmegini;
3) milli, maddy, ruhy, durmuş we beýleki ýerli şertlere we aýratynlyklara laýyklykda şäher we oba ýerlerini meýilnamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça şäher gurluşygynyň çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyny;
4) ýerleriň rejeli peýdalanylmagynyň, tebigy gurşawyň goralmagynyň, serişdeleriň aýawly saklanylmagynyň, inženerçilik taýýarlygyň we çäkleriň howply tebigy we ekologik ýagdaýlardan goralmagynyň üpjün edilmegini; 
5) türkmen halkynyň medeni mirasynyň, şol sanda binagärlik ýadygärlikleriniň, seýilgäh we tebigy-landşaft obýektleriniň hem-de beýleki aýratyn goralýan tebigy çäkleriň goralyp saklanylmagyny we dikeldilmegini;
6) inženerçilik we ýol-ulag infrastrukturasynyň öňürdýän gurluşygynda ýaşaýyş, medeni-durmuş we önümçilik gaznalarynyň özara baglanyşykda ösdürilmegini.

5-nji madda. Jemgyýetiň, döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalyndaky bähbitleri
1. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ilatly ýerleriň durnukly ösüşiniň gazanylmagy, ilat üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edimegi, adamyň hojalyk we gaýry işiniň daşky gurşawa zyýanly täsir etmegine ýol bermezlik, ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy, ilatly ýerleriň we olara ýanaşyk çäkleriň inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň şähergurluşyk serişdeleri bilen goralyp saklanylmagy jemgyýetiň, döwletiň, fiziki şahslaryň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň, ýuridik şahslaryň bähbitleri bolup durýar.
2. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda jemgyýetiň, döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitleri Türkmenistanyň şähergurluşyk işi babatda kanunçylygynyň, döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şähergurluşyk resminamalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagy bilen üpjün edilýär. 

6-njy madda. Raýatlaryň şähergurluşyk babatda hukuklary we borçlary
1. Raýatlaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) adamyň, degişli ýer babatda, şähergurluşygynyň çägiň zolaklara bölünmegine, ekologik we sanitariýa-gigiýena howpsuzlygynyň kadalaryna hem-de bu ýeriň degişli infrastrukturalar bilen üpjünçilik derejesine bildirilýän talaplaryna laýyklykda öndüriji güýçleriň rejeli ýerleşdirilmegine gabat gelýän, döwlet şähergurluşyk syýasatynyň ilaty ýerleşdirmek bölegine görä, ilatly ýerleriň çäklerinde ulanylmagy mümkin bolan, amatly ýaşaýyş we durmuş gurşawyna;
2) bu maksatlar üçin niýetlenilen hem-de has amatly tebigy-howa şertleri we landşafty, göwnejaý bejeriş we sanitariýa-gigiýena şertleri, bilim-düşünje beriş, medeni-köpçülikleýin, sport-sagaldyş we tomaşa çärelerini geçirmek üçin şertleri hem goşmak bilen, boş wagtlary geçirmek üçin şertleri, bagçylyk-bakjaçylyk ýer bölekleriniň ýerleşdirilmegi üçin mümkinçilikleri bolan, rekreasion maksatly çäkleriň bölünip berilmegi (bölünip goýulmagy) arkaly dynç alşa;
3) öz ýaşaýan ýerleriniň meýilnamalaşdyrylmagy, gurulmagy, ýerden peýdalanylyşy we abadanlaşdyrylyşy hakynda doly maglumat almaga, şähergurluşyk resminamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we kabul edilmegine gatnaşmaga; 
4) şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylmagyndan öň olara  bellikleri we teklipleri, şeýle hem şähergurluşyk resminamalarynyň taslamalary boýunça hereket edýän şähergurluşyk resminamalaryna teklipleri girizmäge;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şulary talap etmäge:
a) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen ýerleşdirilmegi, taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi hakynda kabul edilen çözgütleriň ýatyrylmagyny;
b) peýdalanylmagy Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen amala aşyrylýan kärhanalaryň işiniň, şeýle hem gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektleriniň ulanylmagynyň togtadylmagyny ýa-da gadagan edilmegini;
6) Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly raýatlaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öweziniň dolunmagy hakynda kazyýete hak islegini bildirmäge.
2. Raýatlar şulara borçludyr:
1) çägiň ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna, medeni gymmatlyklara, şäher we tebigy landşaftlara zyýan ýetmegine getirýän islendik hereketlere ýol bermezlige;
2) gurluşygy tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryna, degişli ilatly ýeriň, çägiň meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň düzgünlerine berk laýyklykda amala aşyrmaga;
3) çäkleriň abadanlaşdyrylmagyna we daşky gurşawyň meseleleriniň çözülmegine gatnaşmaga.

II BAP. ŞÄHERGURLUŞYK  IŞINIŇ DÖWLET
TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

7-nji madda. Şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Şähergurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
 
8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şähergurluşygy babatda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) şu aşakdakylary tassyklaýar:
a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasyny;
b) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysyny;
ç) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysyny;
d) döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň şähergurluşyk resminamalaryny;
e) Türkmenistany ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgysyny;
ä) tassyklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen, şäherleriň baş meýilnamalaryny; 
f) şäherleriň şäherýaka zolaklarynyň serhetlerini;
g) döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň serhetlerini;
h) Döwlet şähergurluşyk kadastrynyň ýöredilmeginiň we şähergurluşyk işiniň obýektleriniň gözegçilik barlagynyň tertibini;
i) şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesini guramagyň we geçirmegiň tertibini;
3) umumydöwlet we döwletara ähmiýetli obýektleriň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy hakynda çözgütleri kabul edýär;
4) şähergurluşyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
5) şähergurluşygy babatda hyzmatdaşlyklar hakynda hökümetara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Şähergurluşygy babatda ygtyýarly edara:
1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) şu aşakdakylary amala aşyrýar:
a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) şähergurluşyk meseleleri boýunça ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny we usulyýet ýolbaşçylygyny; 
ç) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
d) döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegi boýunça berjaý edilmeginiň barlagyny;
e) gurluşyk babatda ygtyýarlylandyrmagy;
ä) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şähergurluşyk işiniň barşynda şeýle işiň subýektleriniň arasynda ýüze çykýan jedellere seredýär;   
3) ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylaryny işläp düzmegiň tertibini belleýär;
4) şulary guraýar:
a) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň, döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) şähergurluşygy çygrynda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini;
5) şulary tassyklaýar:
a) şäherleriň baş meýilnamalaryny, tassyklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen şäherleriň baş meýilnamalary muňa degişli däldir;
b) şäherçeleriň baş meýilnamalaryny;
ç) oba ilatly ýerleriniň baş meýilnamalaryny;
d) Aşgabat şäherini, welaýatlaryň dolandyryş merkezlerini jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamalaryny;
e) gurluşygyň birkysmy düzgünlerini;
ä) awtorlyk gözegçiliginiň guralmagynyň we ýöredilmeginiň düzgünlerini;
6) döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerini we düzgünlerini, şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesiniň meseleleri boýunça usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
7) döwlet şähergurluşyk kadastryny we şähergurluşyk işiniň obýektleriniň gözegçilik barlagyny ýöredýär;
8) şähergurluşyk işiniň subýektleriniň işiniň kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet üpjünçiligini guraýar;
9) şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesini geçirýär;
10) çäkleriň şähergurluşygy üçin özleşdirilen mahalynda çäkleriň we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleri durmuşa geçirýär; 
11) şähergurluşygy babatda kabul edilýän çözgütler hakynda ilata yzygiderli maglumatlary berýär;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

10-njy madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi olandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy 
Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary şähergurluşyk işi babatda:
1) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda degişli çäkde meýilnamalaşdyrmagyň, gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň, ýerden peýdalanmagyň meselelerini çözýärler;
2) şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirýärler;
3) şulary amala aşyrýarlar: 
a) tabynlygyndaky binagärlik we şähergurluşyk, gurluşygyň hiline gözegçilik edýän edaralaryň işine ýolbaşçylygy;
b) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şäheriň we şäherçäniň gurluşygynyň ähli görnüşlerine ýer bölekleriniň bölünip berilmegini;
ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet hajatlary üçin ýer bölekleriniň yzyna alynmagyny;
4) ýerli ähmiýetli obýektleriň gurluşygy üçin şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip düzülmegi boýunça buýrujynyň wezipelerini ýerine ýetirýärler;
5) eger ol şu Kanunyň we şähergurluşyk işiniň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, öz çäginde şähergurluşyk işini çäklendirýärler, togtadýarlar ýa-da gadagan edýärler;
6) ýokarda durýan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna ilatly ýerleriň serhetleriniň, degişli çägiň şäherýaka zolagynyň serhediniň we hukuk düzgüniniň bellenilmegi ýa-da üýtgedilmegi barada teklipleri berýärler; 
7) çäk kadastr ulgamynda maglumatlar binýadyny döredýärler;
8) şulary guraýarlar:
a) şäherleriň, şäherçeleriň baş meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) welaýatyň we etraplaryň çäklerini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasyny ösdürmegiň çyzgysynyň we taslamalarynyň, şeýle hem abadanlaşdyryş taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini; 
9) şähergurluşyk işiniň subýektleriniň arzalarynyň esasynda bellenilen tertipde şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagyna rugsatnamalary (gadagan etmeleri) berýärler we olaryň hereket ediş möhletiniň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýarlar;
10) şulary  tassyklaýarlar:
a) kwartallaryň, kiçi etraplaryň we ilatly ýerleriň meýilnamalaşdyryş düzümleriniň beýleki düzüm bölekleriniň  (elementleriniň) jikme-jik meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň taslamalaryny (mundan beýläk – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy we gurluşygyň taslamasy);
b) degişli çägiň gurluşygynyň düzgünlerini;
11) şähergurluşygy babatda kabul edilýän çözgütler hakynda ilata yzygiderli maglumatlary berýärler;
12) şähergurluşyk işi babatda hukuk bozulmalar hakynda meselelere seredýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jerimeleri ulanýarlar;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
11-nji madda. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi
1. Eger şähergurluşyk işi babatda gatnaşyklar döwlet, jemgyýetçilik we hususy bähbitleriň üpjün edilmegi çäkleriň peýdalanylmagynyň ýörite düzgünleri (mundan beýläk – ýörite düzgünler) girizilmezden kyn ýagdaýa düşürýän ýa-da mümkin bolmasa, ol gatnaşyklar aýratyn döwlet düzgünleşdirilişine degişli bolup durýar.
2. Şular şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäklere degişli bolup durýar: 
1) Aşgabat şäheriniň çägi;
2) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň  netijeleriniň ýok edilýän zolaklary;
3) gozgalmaýan maddy medeni gymmatlyklaryň ýerleşýän çäkleri, aýratyn goralýan tebigy ýerler we olaryň gorag zolaklary; 
4) şypahana we rekrasion maksatly zolaklar;
5) erkin ykdysady zolaklar;
6) şäherleriň geljekde ösdürilmäge degişli çäkleri;
7) döwlet we döwletara ähmiýeti bolan ulag, inženerçilik, serhet,  gümrük infrastrukturasynyň geljekde ösdürilmäge degişli çäkleri;
8) howa menziline ýanaşyk çäkler;
9) harby şäherjikleriň, serhet birikmeleriniň we beýleki ýapyk obýektlerdäki ilatly ýerleriň çäkleri;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäklere degişli diýlip ykrar edilen gaýry çäkler. 
3. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäkleriň serhetleri dolandyryş çäk birlikleriniň serhetleri bilen gabat gelmän biler we olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
4. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi şu aşakdakylary öz içine alýan ýörite düzgünleriň girizilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner:
1) berjaý edilmegi hökman bolan ýörite döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň bellenilmegi;
2) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň, ylalaşylmagynyň we tassyklanylmagynyň, gurluşyk-gurnama işleriniň amala aşyrylmagyna rugsatnamalary bermegiň aýratyn tertibiniň girizilmegi;
3) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpuna sezewar bolup biljek çäkleriň goralmagynyň ýörite çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry çäreleriň kabul edilmegi.

III BAP. ŞÄHERGURLUŞYK  IŞINIŇ OBÝEKTLERI
WE SUBÝEKTLERI

12-nji madda. Şähergurluşyk işiniň obýektleri
1. Türkmenistanyň çägi, ilatly ýerleriň çäkleri we çäkleriň bölekleri, ýer bölekleri, binalar we desgalar, çäk-önümçilik, şähergurluşyk we landşaft toplumlar, rekrasion maksatly we senagat zolaklary, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleri we olaryň goralýan zolaklary, akwatoriýalar, ilatly ýerleriň serhetlerindäki we ilatly ýerleriň arasyndaky çäklerdäki inženerçilik we ulag kommunikasiýalary şähergurluşyk işiniň obýektleri bolup durýarlar.
2. Şähergurluşyk işiniň obýektleri boýunça şu aşakdakylar boýunça şähergurluşyk resminamalary işlenip taýýarlanylýar:
1) welaýatlaryň we etraplaryň öndüriji güýçleriniň, kommunikasiýalarynyň we infrastrukturalarynyň ýerleşmegini kesgitleýän, ilaty ýerleşdirmegiň çäk boýunça guralyşy;
2) çäk-önümçilik (agrosenagat, gidrotehniki, senagat) toplumlar, rekreasion maksatly, tebigaty goraýyş we beýleki zolaklar;
3) şäher, ähli derejeli we görnüşli beýleki ilatly ýerler, olaryň ulgamlary;
4) ýaşalýan we niýetlenilişine garamazdan, gurluşygyň gaýry etraplary hem-de zolaklary;  
5) şähergurluşyk, binagärlik, landşaft toplumlar we ansambllar,  binalar, desgalar, taryhy we medeni ýadygärlikler;
6) inženerçilik we ulag desgalary hem-de kommunikasiýalary.

13-nji madda. Şähergurluşyk işiniň subýektleri
1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň subýektleri bolup durýarlar.
2. Şähergurluşyk işiniň subýektleri şu Kanunyň 14-16-njy maddalaryna laýyklykda degişlilikde şähergurluşyk işi babatda buýrujylar, şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar ýa-da obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar bolup çykyş edip bilerler.
3. Şähergurluşyk işiniň subýektleriniň degişli döwlet edaralaryndan, olaryň şähergurluşyk işine täsir edip biljek, ilatly ýerleriň geljekki meýilnamalaşdyrylmagy, gurulmagy we durkunyň täzelenilmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi hakynda maglumatlary almaga hukugy bardyr. 
4. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda şähergurluşyk işini amala aşyrmaga haklydyrlar.

14-nji madda. Şähergurluşyk işi babatda buýrujylar
1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň buýrujylary (mundan beýläk -buýrujylar) bolup çykyş edip bilerler.
2. Buýrujylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylary we onuň durmuşa geçirilmegine gatnaşyjylary özbaşdak kesgitlemäge;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde obýektleriň we toplumlaryň gurluşygy üçin ýer böleklerini almaga;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň barşyna barlagy amala aşyrmaga;
4) obýektleriň gurluşygy boýunça potratçyny özbaşdak saýlamaga we onuň bilen şertnama baglaşmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.
3. Buýrujylar şu aşakdakylara borçludyr:
1) Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygyny berjaý etmäge;
2) bellenilen tertipde şähergurluşyk resminamalaryna bilermenler seljermesiniň geçirilmegini üpjün etmäge;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny we tassyklanylmagyny üpjün etmäge;
4) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň barşyna barlagy we gurluşygyň hiline tehniki gözegçiligi amala aşyrmaga;
5) şähergurluşyk resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň  barşyna awtorlyk gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge.
Buýrujylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry borçlary hem çekip bilerler.
15-nji madda. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar
1. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan şähergurluşyk resminamalarynyň düzümini we möçberini özbaşdak kesgitlemäge;
2) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň bäsleşiklerine gatnaşmaga;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň  barşyna awtorlyk gözegçiligini amala aşyrmaga;
4) gurluşyk, gurnama we ýörite işler tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryndan hem-de döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerinden we  düzgünlerinden gyşarmalary bilen ýerine ýetirilen mahalynda olaryň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi hakynda teklipleri bermäge;
5) zerur mahalynda şähergurluşyk resminamalaryna bellenilen tertipde üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmäge; 
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.
2. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar şu aşakdakylara borçludyr:
1) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny  Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge; 
2) özleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk resminamalaryny degişli döwlet edaralary bilen bellenilen tertipde ylalaşmaga. 
Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem ýerine ýetirip bilerler.

16-njy madda. Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar
1. Öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan ýuridik şahslar obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar  bolup bilerler.
2. Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň täze düýpli çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;
2) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjy, ygtyýarly edaranyň degişli gurluş düzüm birligi we buýrujy bilen ylalaşylmagy arkaly binagärlik-çeperçilik keşbi we binalaryň, desgalaryň hem-de beýleki obýektleriň düýpli çözgütlerini ýaramazlaşdyrmazdan tehniki-ykdysady görkezijileri gowulandyrýan üýtgetmeleri şähergurluşyk resminamalaryna girizmäge;   
3) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjydan zerur bolan tehniki maslahatlary almaga;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.

IV BAP. ŞÄHERGURLUŞYK RESMINAMALARY.
DÖWLET ŞÄHERGURLUŞYK KADASTRY

17-nji madda. Şähergurluşyk resminamalarynyň düzümi
1. Şähergurluşyk resminamalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) Türkmenistany we onuň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmegiň görkezijilerini kesgitleýän resminamalar;
a) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy;
b) iki we şondan köp dolandyryş-çäk birlikleriniň çäkleriniň ösdürilmegini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy (mundan beýläk – şähergurluşygyny meýilleşdirmegiň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysy);
ç) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy;
d) Türkmenistany ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary;
2) ilatly ýerleriň çäklerini ösdürmegiň görkezijilerini kesgitleýän resminamalar:
a) ilatly ýerleriň baş meýilnamalary;
b) şäherleriň we şäherçeleriň serhediniň taslamalary;
ç) ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary;
3) ilatly ýerleriň çäklerindäki gurluşyklar barada resminamalar:
a) jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy;
b) gurluşyklaryň taslamasy; 
4) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygy üçin taslama-çenlik resminamalar.
2. Şähergurluşyk resminamalarynyň düzümi, onuň işlenip taýýarlanylmagynyň we tassyklanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ilatly ýerleriň derejelerine baglylykda bellenilýär.
18-nji madda. Şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylyş we tassyklanylyş tertibi
1. Şähergurluşyk resminamalary şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar tarapyndan şertnamanyň hem-de buýrujy tarapyndan berlen we ygtyýarly edara bilen ylalaşylan ýumşuň esasynda işlenip taýýarlanylýar. 
2. Şähergurluşyk resminamalary döwlet bilermenler seljermesinden geçirilmegine degişlidir we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýar.
Şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylan bir nusgasy buýrujy tarapyndan ygtyýarly edara iberilýär. 
3. Tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, olary tassyklan edaranyň çözgüdi boýunça geçirilýär.

19-njy madda. Döwlet şähergurluşyk kadastry
1. Döwlet şähergurluşyk kadastry – bu Türkmenistanyň degişli çägi, dolandyryş-çäk birlikleri, ekologiýa, inženerçilik-geologiýa şertleri, döwlet gurluşyk kadalarynyň maglumat serişdeleri, çäkleriň meýilnamalaşdyrylmagynda we gurluşygynda maglumat zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy, döwlet geomaglumat gorlarynyň pudaga degişli düzümindäkileriň emele getirilmegi üçin düzgünler we standartlar hakynda geogiňişlik maglumatlaryň peýdalanylmagynyň we saklanylmagynyň döwlet ulgamy.
2. Döwlet şähergurluşyk kadastry etraplar, etrap hukukly şäherler, welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça hem-de bütin Türkmenistan boýunça döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň hasaba alynmagy bilen ýöredilýär.
3. Döwlet şähergurluşyk kadastry ygtyýarly edara tarapyndan ýöredilýär.
4. Döwlet şähergurluşyk kadastrynyň emele getirilmegi şu aşakdaky çeşmeleriň peýdalanylmagy bilen amala aşyrylýar:    
1) döwlet geomaglumat gorlarynyň;
2) tassyklanylan şähergurluşyk we taslama resminamalarynda, tamamlanan gurluşyklaryň resminamalarynda bar bolan ugurdaş geogiňişlik maglumatlarynyň san toplumlarynyň; 
3) döwlet şähergurluşyk kadastrynyň emele getirilmegi üçin zerur bolan gaýry maglumatlaryň.
5. Şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylan pursatyndan başlap otuz senenama gününden gijä galman ugurdaş geogiňişlik maglumatlary degişli derejedäki döwlet şähergurluşyk kadastryna girizilýär.
6. Döwlet şähergurluşyk kadastrynda bar bolan maglumatlar açyk we umumyelýeterli bolup durýar, bellenilen tertipde döwlet syrlaryna degişli edilen maglumatlar muňa degişli däldir.
7. Şähergurluşyk kadastrynyň düzümi we ýöredilmeginiň tertibi, şähergurluşyk kadastryndan maglumatlaryň berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

V BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINI ÖSDÜRMEGIŇ
ŞÄHERGURLUŞYK MEÝILNAMALAŞDYRYLYŞY

20-nji madda. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy
1. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy bilen şu aşakdakylar kesgitlenilýär:
1) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna laýyklykda öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegi, tebigatdan peýdalanmagy kesgitleýän esasy düzgünler;
2) aýry-aýry çäkleriň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň oýlanyşykly peýdalanylmagy we goralmagy, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň goralyp saklanylmagy, umumydöwlet ähmiýetli inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi boýunça çäreler; 
3) şu çäkler:
a) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň ösdürilmegi üçin amatly;
b) oba hojalyk we tokaý hojalygy maksatly;
ç) adatdan daşary tebigy-howa şertli;
d) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma töwekgelçiligine duçar bolýan;
e) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary bolan ýataklar;
ä) şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilmesi bolan.
2. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.



21-nji madda. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysy
1. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy;
2) şu aşakdakylar boýunça çäreler:
a) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň ösdürilmegi;
b) inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi;
ç) tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak;
3) çägi toplumlaýyn ösdürmegiň serişde üpjünçiligi.
2. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

22-nji madda. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy
1. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy;
2) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, ilatly ýerleriň ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
3) senagatyň, oba hojalygyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
4) ilatly ýerleriň we şäherleriň şäherýaka zolaklarynyň serhetleri;
5) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan çäkleriň goralmagynyň çäreleri;
6) ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy, şähergurluşyk serişdeleri bilen türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleri bolan çäkleriň goralyp saklanylmagy boýunça çäreler;
7) Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

23-nji madda. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary
1. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary bilen  şu aşakdakylar boýunça esasy görkezijiler we meýilnamalaşdyryş çözgütler kesgitlenilýär: 
1) energiýa üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, aragatnaşygyň, suwaryşyň, suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamlarynyň ösdürilmegi; 
2) howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, turba-geçiriji we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň ösdürilmegi;
3) çäkleriň howply geologiýa we gidrogeologiýa ýagdaýlaryndan goralmagy; 
4) daşky gurşawyň goralmagy;
5) ykdysadyýetiň pudaklarynyň öndüriji güýçleriniň ýerleşdirilmegi;
6) çägi ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

24-nji madda. Ilatly ýerleriň baş meýilnamasy
1. Ilatly ýeriň baş meýilnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) ilatly ýeriň çäginiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň, tebigy-howa şertleriniň we ilat sanynyň çaklamasynyň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
2) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy we gurluşygyň nobatlylygy;
3) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan ilatly ýeriň çägini goramagyň çäreleri;
4) inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi boýunça çäreler;
5) ilatly ýeriň gurlan we gurulmadyk çäginiň oňaýly utgaşmasy;
6) ilatly ýeriň ösdürilmegi üçin ätiýaçlyk çäkler;
7) ilatly ýeriň serhetleri;
8) ilatly ýeriň çägini ösdürmegiň gaýry meseleleri.

Degişli makalalar

EKSPO-2015-däki Türkmen Bölümine Millionynjy Adam Baryp Gördi

syrach

Gaplaňgyr goraghanasynyň täsinlikläri

syrach

Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet Günleri

syrach