8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde bolan duşuşyk.

 Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen ABŞ-nyň Smitson institutynyň Aziýa medeniýetiniň taryhy maksatnamasynyň direktory doktor Pol Teýlor bilen duşuşyk geçirildi. 

Gürrüňdeşligiň barşynda medeni-gumanitar ulgamdaky, hususan-da, ýadygärlikleriň taryhy we muzeý öwreniş ulgamynda, nazary we usulyýet tejribelerini alyşmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň goralmagy we dikeldilmegi, bar bolan taryhy we medeni ýadygärlikleriniň döwlet tarapyndan goraglylygynyň üpjün edilmegi, olaryň öwrenilmegi we dikeldiş-abatlaýyş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. 

ýylda ýurdumyzda dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen halkynyň gadymy we baý medeniýeti, türkmenleriň maddy medeniýeti boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrýan we Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, olary öwrenmek we wagyz etmek işinde tejribe alşylmagyna ýardam berýän halkara maslahatlar we beýleki iri çäreler yzygiderli geçirilýär. 

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri Türkmenistana, umumydünýä medeniýetiniň ösüşiniň taryhynda möhüm orny eýelän türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine uly gyzyklanma bildirýärler we onuň uly geljeginiň bardygyny belleýärler. 

barşynda myhman ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan özgertmeleriň gerimine we Türkmenistanda baý medeni mirasy öwrenmek, goramak we ony wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň göwrümli işlere haýran galýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň ylmy-barlag we bilim institutynyň wekili şeýle hem bar bolan tejribeleri hem-de hyzmatdaşlyk üçin köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdi. 

Doktor Pol Teýloryň saparynyň maksatnamasynda ýurdumyzyň birnäçe iri muzeýlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Mejlisiň Deputatlarynyň Möhletinden Öň Çykyp Giden, Şeýle Hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeş Agzalarynyň Dalaşgärlerine Şahadatnamalar Gowşuryldy

Türkmenistana 1 million 780 müň agaç nahallary oturdylar

syrach

Tapgyryň Soňky Duşuşygynda “Ahal” “Energetikden” Üstün Çykdy