Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky edarasynyň (DIAHEÝHHG) wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet geçirilýän saýlaw möwsümine gözegçilik etmek maksady bilen ilçi Aleksandr Kelçewskiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi.
Duşuşygyň çäklerinde halkara synçylar ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, düzümi hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda başlanan düýpli özgertmeler bilen baglylykda, alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şol ulgamyň kämilleşdirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizi ösdürmek ugrunda geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň barşyny çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
15-nji dekabrda geçiriljek milli parlamentiň täze deputatlar düzüminiň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meseslesi boldy. Şol saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolar.
Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky iki tapgyrdan ybarat möwsümleriň ilkinjisi—depuptatlyga dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda geçirildi we umumylykda kabul edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän bäsleşikli, hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esasy taýýarlady. Milli parlamenterileriň ygtyýarlyklary ugrunda ilkinji gezek syýasy partiýalaryň ikisiniň – Demokratik partiýanyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň bäsleşmegi 2013-nji ýylyň parlament saýlawlarynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.
Saýlawlara türkmen tarapynyň başlangyjy bilen çagyrylan ençeme ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan milli we halkara synçylaryň hem gatnaşmagy saýlawlaryň açyklygyna ýardam eder.
Türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyna açyklygyna hem-de giň demokratik özgertmelere tarap alan ugruna ýokary baha bermek bilen, ÝHHG-nň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz wekilçilik edýän guramasynyň geljekde hem türkmen hyzmatdaşlaryna saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek işinde hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan etdi.