13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi. Onda täze kanun taslamalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hukuk özgertmeleri bilen baglylykdy taýýarlanyldy. Täze kanunçylyk namalarynyň möhümligini nazara almak bilen, milli parlamentiň maslahatyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri çagyryldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, kanun taslamalarynyň üstünde işlemek milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Maksatnamany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, biziň ýurdumyzyň tassyklan konwensiýalarynyň hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasy düzgünlerine gabat getirmek onuň esasy ugry bolup durýar. Mejlisiň işi ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da berkitmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň öňde goýan möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen kanun taslamalary bellenilen ähli meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün etmelidir.

Maslahatyň gün tertibine “Türkmenistanyň Prezidenti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamak meselesi girizildi. Bu Kanun taslamalary döwlet Baştutanynyň işini we ygtyýarlyklaryny kadalaşdyrýar, şeýle hem Prezident saýlamagyň kadalaryny kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň täze döwründe jemgyýetçilik – syýasy durmuşy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, häzirki zaman raýat jemgyýetini kemala getirmäge gönükdirilen işler täze depgine eýe bolýar. Şunda täze döwrüň ýagdaýlaryna gabat gelýän saýlaw mehanizmleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda bu ýere ýygnananlar saýlaw kampaniýasynyň tertibini we döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlawlary geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýän täze kanun taslamasynyň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Kanunyň täze taslamasynda degişli ugurda hereket edýän halkara kadalarynyň esasy ýörelgeleri—ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň saýlawlara erkin gatnaşmagy, görkezilýän dalaşgärler üçin birmeňzeş mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw kampaniýasynyň barşynda erkin wagyz edilmegi, raýatlaryň saýlamak hukuklarynyň goralmagy, aýdyňlyk we açyklyk öz beýanyny tapdy.

Deputatlaryň garamagyna hödürlenen “Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Merkezi saýlaw toparyny döretmegiň tertibini, hukuk derejesini onuň işini guramagyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary taýýarlamak we geçirmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion saýlaw hukuklaryny hem-de sala salşyklara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek onuň ygtyýarlygyna degişlidir.

Maslahatyň barşynda “Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy. Bu medal bilen eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişi guramaga we ýokary derejede geçirmäge şahsy goşant goşan harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanar.

Mälim bolşy ýaly, tebigaty, onuň köpdürliligini goramak, onuň serişdelerini aýawly peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen döwleti degişli mesele boýunça BMG-niň esasy konwensiýalaryny ilkinjileriň hatarynda gol çekip we tassyklap, täsin tebigaty goramak, ony netijeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdeleri artdyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen işleri yzygiderli amala aşyrýar. Şol ýörelgeleri nazara almak bilen, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy we parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi.

Deputatlar tarapyndan garalan ähmiýetli resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” we “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda” Kanunlaryň taslamalary hem bar. Olar milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny höweslendirmäge we goldamaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň başyny başlan ykdysady strategiýasyna laýyklykda türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolan hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi, şahsy başlangyçlary netijeli ösdürmek maksady bilen oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär.

Täze Kanun taslamalarynyň ähmiýeti hakynda aýtmak bilen, deputatlar degişli resminamalaryň kabul edilmegi bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde ýurldumyzyň ykdysadyýetine maliýe serişdeleriniň işjeň çekilmegine hyzmat eder hem-de häzirki zaman senagat we telekeçilik düzümini döretmäge, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, işçi orunlaryny artdyrmaga ýardam eder diýip bellediler.

Maslahatyň gün tertibine “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Kanun taslamalary we beýleki resminamalar hem girizildi.

Maslahatyň barşynda şeýle hem “Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” we “Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna hem garaldy.

Maslahatyň jemleri boýunça parlamentariler ara alnyp maslahatlaşylan kanun taslamalaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler. Olar resminamalaryň hemmesiniň ýurdumyzyň häzirki zaman hukuk binýadyny berkitmäge, Türkmenistanyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de öňe ilerlemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Bedewiniň Milli Baýramynyň Hormatyna Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Prezidentimiz Ýurdumyzyň Içeri Işler Edaralarynyň Işgärleriniň Güni Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Adalat Ministrligi

turkmenhabargullugy