Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky, on ýedinji maslahaty bolup, şonda döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlara laýyklykda hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenip taýýarlanan täze kanunlaryň taslamalarynyň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Taýýarlanan resminamalaryň möhüm ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, maslahata ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Mejlisiň Başlygy gün tertibini yglan edip, deputatlaryň garamagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalarynyň döwlet Baştutanynyň parlamentarileriň öňünde goýan wezipeleri hem-de milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany berjaý etmek maksady bilen taýýarlanandygyny belledi. Täze kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanan mahalynda kabul edilýän kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugy boýunça ählumumy kadalaryna dolulygyna laýyk gelmegi ýaly wajyp jähete aýratyn ähmiýet berilýär.
“Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen möhüm resminamalaryň biridir, onda amala aşyrylýan döwlet syýasatyna laýyklykda şu gullugyň işiniň guramaçylyk esaslary, maksatlary we wezipeleri, hukuk derejesi we ygtyýarlyklary, şeýle hem gullugyň işgärleriniň durmuş-hukuk taýdan goraglylygyna degişli kepillendirmeler kesgitlendi.
Bu Kanunyň taslamasy şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna öwürmek hakyndaky Permana gol çekmegi bilen baglylykda taýýarlandy. Bu ädim Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny, jemgyýetiň mizemez daýanjy bolup durýan maşgala ojaklarynyň berkligini, ýaş nesliň watançylyk ruhunda, sagdyn we beden taýdan kämil edip ýetişdirilmegini üpjün etmek maksady bilen ädildi.
Maslahatyň barşynda şu kanunçylyk namasynyň kabul edilmeginiň 2011-nji ýylyň aprelinde 2012-2015-nji ýyllarda BMG-niň neşe serişdeleri baradaky toparyna saýlanan Türkmenistanyň kabul eden halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüljekdigi bellenildi.
Ýene bir Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, çykyş edenler häzirki eýýamda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwletiň we jemgyýetiň özara jemgyýetçilik hem-de medeni gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň özboluşly guraly bolup durýandygy hem-de bularyň işiniň kesgitlenen kanunçylygyň çäklerinde ählumumy hukuk we ahlak-etiki kadalary hem-de düzgünleri berjaý etmek bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda hem-de milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sazlaşykly işiniň döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüş boýunça öňe süren wezipelerine laýyk gelmelidigi göz öňünde tutulyp, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de Mejlisiň deputatlarynyň garamygyna berildi. Bu kanunçylyk namasy şu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrar, maglumatlary toplamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini hem-de şu işleri amala aşyrýan subýektleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitlär.
Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler bazar ykdysadyýetiniň esasy maliýe gurallarynyň biri bolup durýan ätiýaçlandyryşyň ähmiýetine täzeden garalmagyna güýçli itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Mejlisiň tassyklamagyna hödürlenendi. Bu resminamanyň taslamasy 2011-nji ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda tassyklanan 2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyryşy we ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň hem-de 2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyryşy we ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kadalaryny berjaý etmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy. Ätiýaçlandyryşy amala aşyrmak boýunça esasy düzgünleri, ätiýaçlandyryş bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegine degişli wezipeleri hem-de ätiýaçlandyryş işine gözegçilik edilmegini we barlanmagyny üpjün etmegiň ýörelgelerini ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) edaralary döretmegiň, olaryň işini kadalaşdyrmagyň we bes etmegiň aýratynlyklaryny, ätiýaçlandyryş bazaryndaky işiň şertlerini kesgitleýän bu Kanunyň kabul edilmegi şu ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam berer.
“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibine goşulan esasy meseleleriň biri boldy, bu Kanunda şol guramanyň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esaslary bellenilýär.
Şeýle hem Mejlisiň maslahatynyň barşynda “Türkmenistanyň Raýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Goranmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Operatiw – agtaryş işleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Terrorçylyga garşy göreş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Uglewodord serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.
Halkara resminamalaryny tassyklamak milli parlamentiň öňündäki esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagy üçin “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa degişli Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamany tassyklamak hakynda” hem-de “Halkara pul gaznasynyň Ylalaşygynyň Maddalaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalary hödürlendi.
Deputatlar ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen Kanunlaryň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalarynyň ählisini biragyzdan kabul ediler hem-de Mejlis tarapyndan garalan we tassyklanan kanunçylyk namalarynyň ata Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oňyn özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.