9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky, on dokuzynjy maslahaty boldy, onda täze kanunçylyk taslamalarynyň we kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesine garaldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

Çykyş edenleriň belläp geçişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de uzak möhletli geljekde ýurdumyzyň ösüşi we rowaçlanmagy üçin ygtybarly esasy üpjün etjek milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Bu babatda Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen ýakyn gatnaşykda demokratiki özgertmeleri, Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň üstünlikli bolmagyny mundan beýläk-de amala aşyrmak maksady bilen döwrebap, täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işi amala aşyrýarlar. 

Jemgyýetimiziň öňe hereket etmeginiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni esaslary hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz Ýaşulular maslahatynyň 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabyrynda bolan mejlisinde oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, bu ulgamy düzümler boýunça hem, ylym we tehnologiýa babatda öz durmuş-ykdysady ösüşinde belent sepgitlere ýeten döwletleriň derejesinde saklamak boýunça hem şol derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, umumybilim berýän mekdeplerde okatmagyň möhletini 12 ýyla çenli uzaltmagy, şol sanda raýatlaryň tölegli esasda bilim almaga hukuklaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan bilim ulgamyny özgertmegiň maksatnamasyny üýtgetmek baradaky teklipleri aýtdy. 

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, on iki ýyllyk orta bilime geçmäge degişli, şu ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Bilim ministrligi we beýleki ministrlikler hem-de pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde “Bilim baradaky” Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy we deputatlaryň garamagyna girizildi. Çykyş edenleriň belläp geçişi ýaly, bilim almaga bolan hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar we şu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, düýpli bilimli, giň gözýetimli, başarnykly, Watanymyza we halkymyza wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmäge ýarlam eder. Täze bilim maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary hünärli, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary gowy bilýän hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmagy hem maksat edinýär. 

Milli parlamentariler “Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň resminamalaýyn mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, şu resminamany işläp taýýarlamagyň täze görnüşli arhiw edarasyny döretmek bilen baglanyşyklydygyny bellediler. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda arhiw işini kämilleşdirmek döwlet, jemgyýetçilik- syýasy işiň ähli ugurlaryny beýan edýän resminamalaýyn gaznanyň abat saklanylmagyny, hasabyny ýöretmegi üpjün etmek, peýdalanmak maksady bilen 2012-nji 16-njy awgustynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi döredildi. 

Ýokarda bellenip geçilen kanunçylyk taslamalary bilen bir hatarda, olara eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny we beýleki arhiw resminamalaryny gorap saklamagy, toplamagy, hasabyny ýöretmegi, peýdalanmagy guramak babatda, şeýle hem raýatlaryň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitleri üçin arhiwleri dolandyrmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna girizildi. 

Maslahatyň barşynda “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy, ol saýlawlary geçirmegiň öňdebaryjy dünýä we soňky ýyllarda toplanan milli tejribesini nazara almak bilen, şeýle hem bu ulgamda halkara kadalaryna we standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Şu Kodeks Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, şeýle hem sala salşyklara taýýarlyk görülýän we olar geçirilýän mahaly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň erk-isleglerini erkin beýan etmegi üçin kepillendirmeleri belleýär. Deputatlaryň biragyzdan gelen pikirine görä, şu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi türkmenistanlylaryň Türkmenistanyň Kostitusiýasynda berkidilen saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge mundan beýläk-de ýardam eder. 

“Magistral turba-geçiriji ulagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem Mejlisiň häzirki maslahatynyň gün tertibine girizildi. Bellenip geçilişi ýaly, nebitiň we gazyň magistral turbageçiriji ulag ulgamlarynyň ygtybarlylygy ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygynyň we ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. 

Milli parlamentariler magistral turbageçiriji ulagyň işlemeginiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny belleýän şu kanunçylyk taslamasynyň ähmiýeti hakynda söz açyp, bu resminamanyň kabul edilmegi olaryň döredilmeginiň we işlemeginiň ähli tapgyrlarynda magistral tubrageçirijileriň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýär diýip nygtadylar. Mundan başga hem ilatyň ömrüni we saglygyny, daşky gurşawy turbageçiriji ulagyň mümkin bolan zyýanly täsirinden goramak Kanunyň taslamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Tutuşlygyna alnanda täze Kanunyň kabul edilmegi içerki nebitgaz bazaryny we ýangyç çig malynyň eksportyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge, nebitiň we gazyň iberilişine hem-de sarp edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

Maslahatyn barşynda kanunçylyk resminamalarynyň beýleki taslamalarynyň birnäçesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň milli howpsuzlygy hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakyndaky”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaça girizmek hakyndaky”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakyndaky”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakyndaky”, “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky” Kanunlaryň taslamalary bar. 

“Türkmen-ukrain harby-tehniki hyzmatdaşlygynyň 2013-2014-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hem-de tassyklamagyna girizildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygyny saýlamak baradaky mesele hem gün tertibine girizildi. Deputatlaryň biragyzdan kabul eden çözgüdi bilen bu wezipä ozal şol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Ý. Şeribow saýlandy. 

Mejlisiň nobatdaky on dokuzynjy maslahatynyň jemleri boýunça mili parlamentariler ýokarda aýdylyp geçilen täze kanunçylyk taslamalaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler. 

Maslahatyň ahyrynda deputatlar şu gün garalyp geçilen resminamalaryň Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjekdigine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, türkmen döwletimiziň gülläp ösmegini hem-de türkmenistanlylaryň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmagy maksat edinen uly möçberli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmen Žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara Sergä Gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Datly türkmen tagamlary.

syrach