Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen türkmen halkyny ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Kosntitusiýasynyň kabul edilen güni – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şu ýyl Baş Kanunymyzyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar. Garaşsyz Watanymyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky örän möhüm hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy tassyklanyp, Esasy Kanunymyz häzirki döwrüň talaplaryna we halkara hukugynyň umumyykrar edilen kadalaryna laýyklykda has-da kämilleşdirildi. Baş Kanunymyzyň täze redaksiýasynyň tassyklanmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm waka bolup, berkarar Watanymyzyň täze eýýama gadam basandygyny aýdyň görkezdi diýip, Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň parasatly garaýyşlary döwürleriň we nesilleriň aýrylmazy baglanyşygyny, halkymyzyň mizemez bütewiligini we agzybirligini üpjün edýän gymmatlyklardyr. Beýik akyldar şahyrymyzyň “Berkarar döwlet islärin” diýip, synmaz we özygtyýarly türkmen döwletini gurmak, halkymyzyň agzybir we asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmak barada eden arzuwlary häzirki ajaýyp zamanamyzda hasyl boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda bu baýramyň uly dabara bilen bellenmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň barha pugtalanýandygynyň, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygynyň, merdana pederlerimiziň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hakykata öwrülendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçmek bilen döwlet Baştutany Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol “Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň hem-de “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu asylly däbimize eýerip, Türkmenistanyň iş kesilen raýatlarynyň 987-sini hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 35-siniň Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni — Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekýändigini aýtdy.
Milli howpsuzlyk ministry Ý.Berdiýewe günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna bararlary ýaly ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berildi.
Şeýlelikde, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyryldy.
Günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözürini görüp ýaşamaklaryny arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakyndaky” Permanlara gol çekdi. MIlli Liderimiziň bu çözgüdi mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän ulgamynda işleriň barşy, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän guramaçylyk çäreleri hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Işleri dolandyryş müdirliginiň işini has-da kämilleşdirmek, hökümet we dolandyryş edaralaryny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek, iş dolandyryşyna täze tehnoldogiýalary we häzirki zaman guramaçylyk usullaryny ornaşdyrmak we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtap belledi. Bu wezipeleri çözmek boýunça tabşyryklary bermek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň garamagyndaky desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri hakynda, şeýle hem 18-19-njy maýda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Mejlisiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, halkara maslahatyna parlamentleriň baştutanlary we wekilleri, görnükli alymlar—syýasatşynaslar, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan jemgyýetçilik we syýasy işgärler gatnaşar, maslahatyň dört bölümlerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň özboluşlylygyna, sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň mekany bolan häzirki zaman türkmen döwletiniň oňyn içeri we daşary syýasatyna, şeýle hem beýleki möhüm meselelere bagyşlanylan çykyşlaryň hem-de habarlaryň birnäçesi diňlener.
Milletiň Lideri bu habary diňläp, demokratiki hukuk döwletiniň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki döwürdäki gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Biziň ýurdumyz milletleriň bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ählumumy syýasy-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar, parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik syýasatyny gyşarnyksyz ýöredýär. Biz geljekde hem ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine we döwletimiziň Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen demokratik hukuk we dünýewi döwletiň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy görkezeris we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe tarap batly gadam urmak bilen jemgyýetimizi kämilleşdirmegiň täze, häzirki zaman tejribesini özleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda geçirilýän iş hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi. Şol mejlis Aşgabatda 30-njy maýda bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyl GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde bu duşuşygy ýokary derejede geçirer. Onuň gün tertibine umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi giriziler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, özüniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegine has düýpli we jogapkärçilikli çemeleşýär diýip nygtap, şeýle mejlisiň Aşgabatda geçirilmegi ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem deňhukuklylyk, açyklyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak nukdaý nazarynda biziň ýurdumyzyň garaýşyny aýdyň häsiýetlendirýär diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, Türkmenistanyň öz tarapyndan geljekde-de Arkalaşygyň giňişliginde oňyn gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini, GDA-nyň ähli ýurtlary bilen netijeli söwda-ykdysady we gumanitar – medeni gatnaşyklary giňeltjekdigini aýratyn nygtady, şol ýurtlaryň halklary bilen bolsa türkmen halkyny öňden gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de 25-27-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we 6-njy iýunda Mary şäherinde “Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer halkara maslahatlarynyň çäklerinde bellenilen çäreleriň maksatnamasy barada aýdyp, oňa türkmen medeniýetini we sungatyny, ýurdumyzyň oňyn ösüş ýolunda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmegi maksat edinýän birnäçe medeni çäreleriň girizilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milletimiziň baý taryhy – medeni mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, ony giňden wagyz etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek işinde tejribe alyşmaga ýardam edýän gumanitar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Döwlet baştutany ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hususan-da, 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilen Mary şäherinde “Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahatyny geçirmek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutany maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlary türkmen alymlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň gadymy Merwde geçirýän ylmy-barlaglarynyň hem-de arheologik gözlegleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Munuň özi türkmen topragynyň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine tapgyrlaýyn geçmegi, ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi we hilini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutuýan işler yzygiderli alnyp barylýar. Hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, strategiki meýilleşdirmegiň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, milli puluň hümmetini berkitmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek maksatnamasynyň esasy meseleleridir diýip belledi. Bu wezipeleri çözmekde döwlet maliýe işlerini dolandyrmak bilen meşgullanýan edaralara möhüm orun degişlidir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we pudaklaryň hem-de sebitleriň maliýe-hojalyk işini seljermäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda aýdyp, güýzlük galla oragyna görülýän taýýarlyk hakynda, şeýle hem gowaçalara ideg etmek boýunça göwnejaý agrotehniki çäreleriň geçirilişi hakynda habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti galla ýygnaýjy ulgamyň ähli ugurlarynyň bökdençsiz we sazlaşykly işlemegini, bar bolan oba hojalyk we awtomobil tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, gallaçylaryň esasy wezipesi ösdürilip ýetişdirilen ähli galla hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamakdan ybaratdyr diýip nygtady. Milletiň Lideri bu barada söz açyp, ýygnalan dänäniň doly we oňat hilli saklanmagy üçin zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutany ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti we olaryň göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary geçirmegiň meselelerine has uly üns bermek barada hem tabşyryk berdi.
Bellenilen ähli kadalaryň berk berjaý edilmegi bilen gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegi hem möhüm bolup durýar. Munuň özi “ak altyndan” ýokary hasyly almagyň girewidir diýip, milletiň Lideri aýtmak bilen bu babatda degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatyny durmuşa geçirmek we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça geçirilýän işleriň barşy barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem 23-27-nji maýda Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini düýpli öwrenmek üçin halkara ylmy ekspedisiýany guramaga hem-de 28-29-njy maýda “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada jikme-jik aýtdy. Hasabatyň çäklerinde şeýle hem täze sport gazet-žurnallaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etmelidir diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirlişi bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Milletiň Lideri Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny we täsin tebigy gözelliklerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, bu işe daşary ýurt hünärmenlerini çekmek baradaky meseläniň üstünde aýratyn durup geçip, bu täsin tebigy künjegi aýawly saklamak, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde ony ulanmak babatda şeýle işleriň ähmiýetini nygtady. Köýtendagyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, onuň gaýtalanmajak tebigy gözelligi we gadymyýetiň täsin ýadygärlikleri ýakyn geljekde bu sebiti ýurdumyzda halkara syýahatçylygynyň uly merkezleriniň birine öwürmäge esasy şertler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki halkara ylmy ekspedisiýasynyň we halkara ylmy maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrine tabşyrdy.
Täze sport gazet-žuranllaryny döretmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz hojalyk hasaplaşygynda üç dilde neşir ediljek garaşsyz “Türkmen sporty” gazetini döretmek baradaky teklibi makullady. Munuň özi biziň ýurdumyzda demokratiýanyň, metbugat azatlygynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belläp, milletiň Lideri bu ugurda işleriň netijeliligini mundan buýana-da artdyrmagy talap etdi. Täze neşirde biziň ýurdumyzda sportuň ösüşini, türkmen türgenleriniň dünýäde gazanýan üstünliklerini mynasyp şöhlelendirip biljek hünärli žurnalistler işlemelidir diýip, milletiň Lideri belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport neşirlerini döretmek bilen bir hatarda sport gepleşiklerini alyp baryjylaryny we eminlerini taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Munuň özi biziň ýurdumyzda V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin oňat taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şeýle hem 25-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada durup geçdi. Garaşylyşy ýaly, milli Liderimiziň energetika ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyjyny amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boljak bu foruma Arkalaşygyň 10 ýurdundan 60-dan gowrak wekil gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmaga ünsi çekip, ähli welaýatlarda ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy, täze düzümleýin desgalaryň gurluşygyny üpjün etmegi, şeýle hem ilatly ýerlerde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz elektroenergetika ulgamy ýaly möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etmäge gönükdirilen halkara forumy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. Bu mesele Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde däbe öwrülen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek jähtinden, hususan-da, şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýändigine nazara almak bilen örän uly ähmiýete uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere zerur tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa we balyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe wajyp taslamalaryň öňe ilerledilişi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünligi köp babatda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmäge we mundan beýläk-de kämilleşdirmäge baglydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengeologiýa” döwlet korporassiýasynyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi we korporasiýanyň ýanynda Döwlet geologiýa-gözegçilik gullugyny döretmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň milli ykdysadyýetiň nebit we beýleki pudaklarynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ýardam etjekdigini nygtap, “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co.Ltd” kompaniýalar konsorsiumy bilen degişli şertnama baglaşylar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz meşhur halkara kompaniýalarynyň köpüsi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň esasy gaznalarynyň tapgyrlaýyn täzelenilmeginiň amala aşyrylmagyny üpjün edýär, hereket edýäni önümçiligi döwrebaplaşdyrýar, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanýan täze häzirki zaman toplumlaryny gurýar diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew
gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem täze gurlan “Etrek” gämisiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” hem-de beýleki özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ornunyň artýandygyny nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we hil babatda ýokary görkezijileri gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milletiň Lideri iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň söwda deňiz flotuny okgunly ösdürmegiň derwaýysdygyny belledi. Nebit we nebit önümlerini halkara ugurlary boýunça daşamakda şol gämiler Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň mümkinçiliklerini has giňelder. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz häzir Türkmenbaşynyň deňiz porty halkara suw ulag gatnawlarynyň möhüm merkezi hökmünde öz ornuny berkidýär diýip belledi. Milletiň Lideri Türkmenistanyň bu kärhanany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we tehnologiki taýdan täzelemek boýunça anyk çäreleri görýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň deňiz ulagynyň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns berýändigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dokma önümlerini, halylary we haly önümlerini çykarmak boýunça bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de olary dünýä bazarlaryna ibermek maksady bilen zerur bolan çäreler görülýär, şeýle hem azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmäge, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge we ýurdumyzyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň ýagdaýyna degerli gözegçilik amala aşyrylýar.
Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “EKSPO-2012” atly bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin şu ýylyň 10-14-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, bu iri halkara forumynda biziň ýurdumyzyň “Awaza—syýahatçylyk merjeni” atly sergisi hödürlenildi. Bu çäreler hem-de ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ösümlikler we haýwanat dünýäsini goramak babatda milli tejribe “EKSPO-2012” forumyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasyny Koreýa Respublikasyndan we daşary ýurt raýatlarynyň köp sanlysynyň gelip görmekleri hormatly Prezidentimiziň baştutanylygynda biziň ýurdumyzdaky beýik ösüşlere bütin dünýäde uly gyzyklanma bilidirilýändigine şaýatlyk edýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetini Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Men Bak kabul etdi. Şonda Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutany “EKSPO-2012” atly bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň gatnaşýandygy, şeýle hem iki dostlukly ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şonuň ýaly-da, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň “EKSPO-2012” bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygy bellenip geçildi hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, özara guralýan sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, çykarylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Azyk önümleriniň we haryt bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamlaryny kämilleşdirmek meselesiniň örän wajypdygyny belläp, milli Liderimiz söwda edaralarynyň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýtdy. Şunda ýurdumyzyň azyk öndürijilerini işjeň çekmek we hususy telekeçileriň mümkinçiliklerinden ýeterlikli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi barada aýdyp, Koreýa Respublikasynyň bu ugurda aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigine Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co.,Ltd” kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal bolup biler. Şu mejlisiň barşynda kabul edilen çözgütler hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiz geçirilýän halkara forumlarynyň hem-de olara Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle çäreler dünýä bileleşigine milli ykdysadyýetimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik berýär, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen täze netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga we maýa serişdelerini giňden çekmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ugurda işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy, döwlet Baştutanymyz olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, mejlisi tamamlady hem-de oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna işde üstünlikleri arzuw etdi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm