14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny, ýurdumyzyň ähli alymlaryny hem-de ylmy işgärlerini ýetip gelýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym we ylmy-tehniki ösüş ata Watanymyzyň dünýäde ösen, öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ylmy ösdürmek, alymlarymyzyň ylmy-barlaglaryny örän möhüm, geljegi uly bolan ugurlara gönükdirmek, ýaşlarymyzyň ylma bolan höwesini artdyrmak boýunça köp işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak, umuman, ylym ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek ylmy ösdürmekde esasy wezipeler bolup durýar.

Şu wezipelerden ugur alyp, biz alymlarymyzyň ylmy barlaglary netijeli alyp barmaklary, ylymda uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris diýip, döwlet Baştutany belledi. Biz geljekde hem ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, döwletimiziň ylmy kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen özgertmelerimizi yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary, ähli halkymyzy, ýurdumyzyň alymlaryny we ylmy işgärlerini ýetip gelýän Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli alymlarymyza we ýurdumyzyň ylmy işgärlerine ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen täze ylmy açyşlary arzuw etdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler hakynda habar berdi.

Bu babatda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berip, döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň garamagyndaky möhüm desgalarda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

ýurdumyzda halkara derejesindäki çäreleriň hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýurdumyzda häzirki zaman, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça geçirilýän gündelik işler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, ýerlerde deputatlaryň öz saýlawçylary bilen has ýakyndan gatnaşyk etmeginiň, halkyň saýlanlarynyň derwaýys durmuş meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky 22 –nji maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem habar berdi, şol maslahat şu ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler. Garaşylyşy ýaly, duşuşyga gatnaşmak üçin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ýurtlaryň dürli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geler. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine maliýe, bank we statistika düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ulgamy özgertmäge degişli kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň möhümdigini belläp, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen döwletiniň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine hem-de türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder diýip nygtady. Milletiň Lideri maksatnamalaýyn resminamalaryň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändigini nygtap, dürli ugurlarda halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy hakynda aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň geljekde-de gyzyklanýan taraplaryň ählisi bilen oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltjekdigini, sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebitleýin meýilnamalaşdyryş geňeşiniň öňde boljak duşuşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri hakynda, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri hakynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Pekinde ŞHG-niň duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy dünýäde Bitarap Türkmenistanyň uly abraýynyň bardygyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda esasy sebitleýin we halkara guramalaryň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyna, türkmen Lideriniň alyp barýan oňyn, döredijilikli syýasatynyň ählumumy goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu duşuşykda çykyş edip, dürli ugurlarda, şol sanda ösüşiň birleşdiriji şerti bolan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe döredijilikli başlangyçlary beýan etdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde Owganystan meseleleri boýunça daşary işler ministrleriniň derejesinde 14-nji iýunda Kabul şäherinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge, Owganystany sebitleýin hyzmatdaşlyga çekmäge ýardam etmek meselesi maslahatyň gün tertibiniň esasy ugry bolar. Munuň özi ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, tutuş sebitde netijeli hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegine ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde 23 döwletden wekiliýetleriň hem-de halkara guramalaryň birnäçesiniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we Owganystana ýardam etmek boýunça BMG-niň missiýasynyň /UNAMA/, ÝB-niň, ÝHHG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Kabul maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen ikinji duşuşyk guraldy. Bu duşuşyk owgan meseleleriniň oňaýly çözgüdini işläp taýýarlamak, umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak bilen bagly başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Bu milletiň Lideriniň Pekinde ŞHG-niň Sammitinde eden çykyşynda hem öz beýanyny tapdy.Türkmenistan owgan halkynyň parahatçylyga we durnuklylyga bolan isleg-arzuwyna raýdaşlyk bildirip, Owganystan meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýar diýlip bellenildi .

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan geljekde hem parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli ýöreder diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hemmesi bilen geljekde hem netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmekçidigini, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Owgan meselesi barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde hemmetaraplaýyn kömegi we goldawy berjekdigini, şonda gadymy döwürlerden bäri duldegşir bolup oturan goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edip, degişli ugurda halkara bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň owgan meselesine degişli halkara başlangyçlaryny ilerletmegiň we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Owganystanda parahatçylygy we agzybirligi berkarar etmek diňe bir sebitleýin däl-de, eýsem, dünýä möçberinde howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belläp,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Kabul maslahatyna taýýarlykly gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan gündelik işler hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmenistan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen syýasatda milli medeniýetimiziň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, degişli ugurlarda öňdebaryjy gazanylanlary nazara almak bilen bu ulgamyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz iýun aýyndaky dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky meselelere degip geçmek bilen , Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini wagyz etmek, ýaşlary ylmy işlere höweslendirmek, ahlak hem-de estetiki taýdan terbiýelemek işinde bu çäreleriň örän uly ähmiýetini nygtamak bilen, bellenilen möhüm çäreleriň hemmesini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz neşir önümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, çap edilýän makalalaryň many-mazmun babatda we hiliniň ýokary derejede bolmagynyň zerurdygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň baý medeni we ruhy mirasyna hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryna bagyşlanan gyzykly we täsirli makalalaryň çap edilmeginiň ähmiýetini nygtady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa

söz berildi, ol ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek hem-de bu jogapkärli işi gysga möhletde geçirmek üçin oba hojalyk tehnikasyny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda görlen çäreler, şeýle hem gowaça ideg etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Möhüm oba hojalyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýratyn belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi gallaçylaryň janypkeşlikli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny meýdanlardan soňky dänesine çenli isripsiz ýygnap almak üçin oragyň depgininiň düýpli güýçlendirilmelidigi barada hökümet Baştutanynyň orunbasaryn berk talap bildirdi. Munuň üçin oba hojalyk tehnikasynyň, ýük awtoulaglarynyň bökdençsiz we netijeli işledilmegini ýokary derejede guramagyň, elewatorlaryň hem-de harmanhanalaryň işlerini talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmegiň ähmiýeti uludyr.Gowaça hem öz wagtynda we ýokary hilli ideg etmek möhüm wezipedir. Çünki milli baýlygymyz bolan “ak altynyň” bereketli hasylyny kemala getirmek şu günlerde bu ekine giň gerime eýe bolýan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda pudaklaýyn düzümi ösdürmek maksady bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrylan medeni-durmuş maksatly, möhüm ähmiýetli desgalarda işleriň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köptaraply ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň, ilatyň durmuşynyň ýokary derejeleriniň senagat, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň giň möçberli maksatnamasyna esas edilip alnandygyny nygtady. Şol maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde eziz Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär, olaryň häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri emele gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam etdirip, Orta Aziýanyň iri işewür we medeni merkeziniň derejesine eýe bolan Türkmenistanyň paýtagtynyň häzirki zaman, depginli ösýän şäheriň özboluşly keşbini özünde jemländigini nygtady. Şonda gözellik we amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazanan üstünlikleri, inžener-tehniki pikir we asyrlardan bäri dowam edýän milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhamedow

nebitgaz pudagyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, hökümet Baştutanynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde 5-7-nji iýun aralygynda Mary welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumyny, şeýle hem himiýa senagatyny we balyk hojalygynyň kärhanalaryny has-da depginli ösdürmäge degişli gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Häzir ýangyç-energetika toplumynda pudagyň çig mal we önümçilik kuwwatyny berkitmäge hem-de türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara şol meseleler babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlarynyň pudaklarynda geçirilen işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamlarynyň giň ýaýran sebitleýin düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi ýurtlaryň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge we tutuşlygyna alnanda sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulag we aragatnaşyk pudaklaryny depginli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şol pudaklar halkara standartlarynyň derejesinde işlemelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti bu pudaklaryň tutuşlygyna alnanda, milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän dokma senagatynda, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri we Türkmenistanyň wekilleriniň ŞHG-nyň işewürler maslahatyna gatnaşmagy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen sebitiň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, dürli ugurlarda netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretmäge gönükdirilen ugurlarda işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, olar ýurldumyzyň eksport we maýa goýum kuwwatynyň ýokarlandyrylylmagyna, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň dünýä bazarynda ilerledilmegine gönükdirilmelidir diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň iri halkara ykdysady forumlara we sergilere gatnaşmagynyň, şeýle hem daşary ýurtlarda onuň tanyşdyryş dabaralarynyň geçirilmeginiň we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreleriň ýurdumyzda guralmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýeňil senagatyny döwrebaplaşdyrmak we onuň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de tutuş söwda ulgamyny ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri, hususan-da,“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekilendigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýlaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady. “Türkmengaz” döwlet konserniniň we indi ençeme ýyllardan bäri biziň ýurdumyzda üstünlikli işleýän CNPC kompaniýasynyň arasynda Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjyň” goşmaça möçberini ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ylalaşygyň ähmiýeti barada aýdyp, bu waka energiýa serişdelerine baý bolan biziň döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrar we goşmaça maliýe serişdeleriniň ýurdumyza gelip gowuşmagyna mümkinçilik berer diýip belledi. Biz bu maliýe serişdelerini berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdireris diýip,

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary taryhy ähmiýetli möhüm Ylalaşyga gol çekilmegi bilen gutlap, ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

syrach

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Putin Türkiýä barar.

syrach