13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 20-njy awgustda ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli il-ýurt bähbitli beýleki wajyp meseleleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe söz berdi. Ol ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Şonda saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan toplumlaýyn işleriň, şol sanda saýlaw uçastoklaryny türkmen we rus dillerinde neşir edilen möhüm ähmiýetli maglumatlar, ilkinji nobatda, “Halk maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kitapçalary bilen üpjün etmek boýunça işleriň geçirilendigi aýdyldy. Şeýle hem saýlaw toparlary, milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin usuly gollanmalaryň birneçesi taýýarlandy.

Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda ilatyň tekliplerini kabul etmek we öwrenmek, saýlawlaryň barşyna gözegçilik etmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri we milli synçylar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça iş toparlary döredildi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan synçylaryň 1747-si bellige alyndy, olar saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna doly syn etdiler. Saýlawlara taýýarlyk görmegiň barşynda welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlary guraldy.

Etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 1779-sy döredildi. Ähli saýlaw okruglary boýunça geňeş agzalarynyň 6100 sany mandatlaryny almak üçin jemgyýetçilik guramalary, birleşikler we raýatlaryň işjeň toparlary tarapyndan teklip edilen dalaşgärleriň 12309-sy bellige alyndy. Milli kanunçylyga laýyklykda dalaşgärleriň ählisine wagyz etmek we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň şertler döredildi. Şu çäreler bilen birlikde ses bermegiň tertibi baradaky wideoýazgylar taýýarlanyldy. Saýlawlara taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň barşy milli habar beriş serişdelerinde giňişleýin beýan edildi, şonda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisleriniň hasabatlary yzygiderli çap edildi.

Ses bermegiň netijelerine görä, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna saýlawlar hem-de saýlaw okruglarynyň ikisinde milli parlmentarileriň saýlawlary bolup geçdi diýlip ykrar edildi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ses bermegiň netijeleri barada aýdyp, dalaşgärleriň 12309-syndan geňeş agzalarynyň 6099-synyň saýlanandygyny aýtdy. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Garagaç geňeşliginiň 2-nji saýlaw okrugynda ses bermek gaýtadan geçiriler, çünki bu ýerde hödürlenen dalaşgärleriň üçüsi-de sesleriň zerur bolan möçberini alyp bilmediler. Şunuň bilen baglylykda, “Halk maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şu ýylyň 2-nji sentýabrynda gaýtadan ses bermek geçiriler.

Saýlawlaryň geçirilen gününde—20-njy awgustda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 1779-synda ilatyň saýlawlara işjeň gatnaşandygy we munuň ýurdumyzyň raýatlarynyň ata Watanymyzda demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de amala aşyrylmagyna gös-göni gatnaşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda saýlawçylaryň 89,86 göterimi, Balkan welaýatynda 88,84 göterimi, Daşoguz welaýatynda 89,83 göterimi, Lebap welaýatynda saýlawçylaryň 90,02 göterimi, Mary welaýatynda saýlawçylaryň 90,11 göterimi ses berdi. Tutuş ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň 2185502-sinden saýlawlara 1965032 adam ýa-da olaryň umumy sanynyň 89,91 göterimi gatnaşdy.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda saýlaw okruglarynyň ikisinde—Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy saýlaw okrugynda we Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okrugynda çykyp giden deputatlaryň ýerine milli parlamentarileriň saýlawlarynyň netijeleri barada aýdyldy. Şonda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna degişlilikde A.Göjenowa we A.Ybytow saýlanyldy.

O.Nyýazlyýew Merkezi saýlaw toparynyň ähli agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu çäräniň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli nobatdaky tapgyra öwrülendigini hem-de türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, demokratik ösüş boýunça saýlanyp alnan milli ýörelgä ygrarlydygyny äşgär edendigini belledi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, duşenbede geçirilen Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleriniň bu saýlawlaryň demokratik esasda, milli kanunçylyga we halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilen kadalara laýyklykda geçirilendigine şaýatlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna, Merkezi toparyň we ýerlerdäki saýlaw toparlarynyň ähli agzalaryna Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçlyk taýdan ýokary derejede geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky birnäçe günde ýurdumyzda möhüm ähmiýetli wakalaryň birnäçesi boldy. Olaryň hatarynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bolup durýan Geňeş agzalarynyň saýlawlaryň geçirilendigini hem-de täze partiýanyň—senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasynyň döredilendigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzda milletiň asylly däp-dessurlarynyň biri hökmünde halk häkimiýetine mahsus ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülendigini aýdyp, ýygnananlaryň ählisini bu wajyp ähmiýetli wakalar bilen gutlady. Munuň özi raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilýändiginiň, olaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol döwlet Baştutanynyň durmuş we ykdysady, bazar gatnaşyklaryndaky özgertmeleri, türkmen döwletiniň halkara derejesindäki işlerini hukuk taýdan üpjün etmek, ýurdumyzda işewürligiň we durmuşdaky işjeňligi ýokarlandyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri bilen baglylykda, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan amala aşyrylýan jemgyýetçilik we kanun çykaryjylyk işi barada habar berdi.

Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçysy pudaklaryň we ulgamlaryň ösdürilmegi bilen baglylykda geçirilen iş maslahatlarynyň jemleri boýunça ýakyn wagtda amala aşyryljak işler barada aýtdy. Milletiň Lideriniň şol maslahatlarda aýdan tankydy bellikleri, anyk görkezmeleri we maslahatlary Mejlisiň deputatlary tarapyndan ugur ediniler. Parlamentde ilkinji nobatdaky çäreleriň birnäçesi eýýäm kesgitlendi, şol çäreler ýüze çykarylan kemçilikleriň aradan aýrylmagyna hem-de berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň hukuk bilen bagly esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, deputatlaryň parlamentiň işinde adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýat edaralarynyň pugtalandyrylmagyna we demokratik gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli ugurlaryna ünsi çekdi.

Milletiň Lideri kanun çykaryjylaryň öňdebaryjy tejribäni öwrenmeginiň we onuň milli hukukdan peýdalanylýan tejribä ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, halkyň saýlan wekilleriniň öz okruglaryndaky işleriniň germini giňeltmeginiň, jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ilat bilen yzygiderli duşuşyklarda ýerlerde bar bolan möhüm ähmiýetli we çözülmedik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak arkaly deputatlaryň işiniň esasy ugurlarynyň kesgitlenmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz jemgyýeti jebisleşdirýän güýç hökmünde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirilmeginiň welaýatlaryň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösdürilmegine gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýetli orny eýelemelidigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş edip, hususan-da, möhüm desgalarda guruluşyk işleriniň barşy, şeýle hem dokma senagaty, söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar esasynda dokma senagatyny ösdürmegiň, onuň önümçilik desgalarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, pudagyň düşewüntliligini mundan beýläk-de artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden dolulygyna we netijeli peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz döwletimiziň dokma senagatyny ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýýandygyny nygtap, şolardan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni dowam edip, pudagyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmeti hem-de doly derejelidynç alşy üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýdyldy.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň alnyp barlyşyna degişli gözegçiligi üpjün etmegiň, ähli ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli seljerilip durulmagynyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minitsri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň giň we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýnça Pudagara toparynyň ýakynda geçirilen nobatdaky, 15-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda 2007-nji ýylyň aprelinde döredildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Pudagara toparynyň mejlisiniň gün tertibine birnäçe meseleleriň – Türkmenistanyň Hazar boýunça milli meýilnamasynyň täze taslamasy baradaky maglumatyň girizilendigini aýtdy. Bu resminama ýurdumyz tarapyndan halkara derejesinde öňe sürülýän teklipleri, şeýle hem Türkmenistanda ösüş boýunça durmuşa geçirilýän täze maksatnamalar göz öňünde tutulyp taýýarlandy. Bu taslamanyň degişli derejede täzeden işlenenden soňra gutarnykly görnüşde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna beriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem Pudagara toparynyň mejlisinde Hazar deňzinde Türkmenistanyň balyk hojalygyny 2030-njyý yyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Baş ýörelgesiniň taslamasy baradaky maglumat diňlenildi, şonda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, balyk tutmak boýunça täze floty döretmek, şu ulgam üçin ökde hünärmenleri taýýarlamak hem-de Hazaryň balyk gorlarynyň rejeli ulanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilen ylmy çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Pudagara toparynyň gün tertibine Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit dökülmeleriniň öňüni almak, duýdurmak we ony ýok etmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasynyň täze taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler goşuldy, ony taýýarlamagyň zerurlygy Hazardaky işleriň möçberleriniň artandygy bilen şertlendirilýär.

Şeýle hem Pudagara toparynyň mejlisiniň barşynda 2012-nji ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazar ekologiýa forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar sebitinde daşky gurşawynyň goralmagyna degişli meselelere garamak hem-de degişli teklipleri hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik esasda işleýän maslahatlaşma diwany hökmünde bu forumy döretmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürüldi. Onuň birinji mejlisini şu ýylda geçirmek göz öňünde tutulýar we bu ugurda anyk işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Hazar deňziniň täsin galdyrýan suw howdany bolup durýandygyny hem-de öz gezeginde, Türkmenistanyň geljekde-de onuň baý gorlarynyň aýawly saklanmagyna, artdyrylmagyna we rejeli ulanylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleri görjekdigini belledi. Degişli meseleleriň we wezipeleriň oňaýly çözülmegine ýardam berjek resminamalary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyga, milli we umumy bähbitleriň deňeçerligine mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirmek arkaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde Hazarda parahatçylygy we agzybirligi pugtaldandyrmak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda netijeli gepleşigiň işjeňleşdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň işiniň möhüm ähmiýetligini belläp, onuň işi boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyny hem-de milli habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini nazara almak arkaly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň, halkara sergileriniň , maslahatlarynyň we festiwallarynyň maksatnamasy, durmuş-medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga bermek, Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen baglanyşykly dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk hakynda aýtdy. Şonuň ýaly-da şu ýylyň 5-7-nji sentýabrynda geçiriljek “Awaza-2012” atly halkara sergisine, sungat festiwalyna we ylmy maslahata dünýäniň dürli döwletleriniň wekilleri gatnaşarlar. Hazaryň kenarynda geçiriljek sungat festiwalyna daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň, sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, tansçylarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we suratkeşleriniň köp sanlysy gatnaşmaga isleg bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň jähetinde öňde boljak wakalaryň, dürli halklaryň medeni gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek maksady bilen, şunuň ýaly forumlaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ýola goýulmagynda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi we ylmy hem-de döredijilik alyş-çalşynyň, türkmenistanlylary tehnologiýalar, innowasiýalar, sungat we beýleki pudaklardaky dünýäniň häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejesinde geçiriljek nobatdaky forum Türkmenistanyň deňiz kenarynyň täze keşbini ykrar etmäge, bu ýerde döredilýän şypahana ulgamynyň meşhurlygyny artdyrmaga we onuň binýadynda işewürlik merkeziniň we medeni çäreler hereketiniň kemala gelmegine gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Awaza-2012” forumynyň çäklerinde geçiriljek ähli medeni çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny, oňa gatnaşyjylar üçin ähli oňaýly şertleriň döredilmegi hakynda alada edilmelidigini tabşyrdy. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, sergiler, medeni çäreler biziň halkymyzyň gadymy myhmansöýerlik däbiniň ajaýyp beýanyna, dostluk baýramçylygyna öwrülmelidir, şeýle hem halklaryň we döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän ynanyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmaga, adamlaryň ruhuny götermäge gönükdirilen çäreleriň diňe bir halkara derejesinde däl, eýsem, milli we tutuşlygyna alnanda bolsa ähli medeni-köpçülik çäreleriniň degişli guramaçylyk derejesi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu şanly wakalar, hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara, täze binalaryň açylyşyna we beýleki wakalara, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrunda döwlet döredijilik bäsleşiginiň soňky tapgyry hem-de onuň jeminiň jemlenmegi bilen baglanyşykly çärelere ykjam taýýarlyk görmek barada anyk tabyşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol döwletimiziň durmuş syýasatyny we ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk hakynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1723-sinde, çagalar baglarynyň 738-sinde abatlaýyş işleri geçirildi, mekdepleriň 129-sy we çagalar baglarynyň 102-si bolsa düýpli abatlanyldy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň 17-si we 12 sany täze çagalar baglary, şeýle hem Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumy ulanmaga berler. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralaryny täze mebeller, multimediýa, lingafon we barlaghana enjamlary bilen üpjün etmek işi gyzgalaňly dowam edýär. Mekdep okuwçylaryny degişli lybaslar we okuw esbaplary bilen üpjün etmek maksady bilen Aşgabatda hem-de welaýatlarda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. Olar 5-nji sentýabra çenli dowam eder.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, bu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini şertlendirer diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlar bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, biziň ýurdumyzda birnäçe düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Döwletimiziň mundan beýläk-de bilim-terbiýe ulgamynyň ösdürilmegine, ýaşlaryň halkara derejelerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy ugrunda zerur bolan şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzyň degişli bilim edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň doly derejede ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat beren mahalynda, şu gün başlanan pagta ýygymyna, şeýle hem güýzlük bugdaýy ekmek boýunça günsaýyn güýçlenýän depginler bilen alnyp barylýan işlere degişli meseleler barada aýtdy.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda bu gymmatly tehniki ekiniň hasylynyň ýygymyna ilki bolup Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary girişdiler we ata Watanymyzyň harmanyna pagtanyň ilkinji tonnalaryny tabşyrdylar. Milletiň Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymyna hormatly ýaşulularyň, tejribeli kärendeçi – daýhanlaryň we mezanizatorlaryň, oba hojalygy boýunça alymlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Ýene-de bir hepdeden—29-njy awgustda demirgazykdaky Daşoguz welaýatynda hem bu jogapkärli işe köpçülikleýin girişiler.

Tutuşlygyna alanyňda, ýurdumyz boýunça gowaça ekilen 550 müň gektar ýerden “ak altynyň” 1 million 109 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Hasyly ýygnamakda pagta ýygyjy kombaýnlaryň jemi 570-si, şeýle hem awtoulaglaryň 2560-si, traktorlaryň 2500-si we pagtany daşamak üçin niýetlenen tirkegleriň 3600-si ulanylar. Pagtanyň täze hasylyny kabul etmek üçin ýurdumyzdaky kabul ediş bölümleriniň 159- sy we pagta arassalaýjy zawodlarynyň 36-sy taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylda daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde Türkmenistanda “ak altynyň” bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi belläp, ýurdumyz üçin strategiki ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň biri bolup durýan pagta ýygymyny oňaýly möhletderde we ýitgisiz geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Milletiň Lideri ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin, ulanylýan tehnika gije-gündiziň dowamynda tehniki we serwis hyzmatynyň guralmalydygyny, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň we ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Döwlet Bwştutanymyz güýzlük bugdaýyň ekişiniň geçirilmegine degişli meseleler barada durup geçip, zerur agrotehniki kadalaryň ählisiniň takyk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäherinde Görogly we Azydy köçeleriniň aralygynda (ozalky haýwanat bagynyň ýerleşýän ýerinde) gurulmagy meýilleşdirýän sport meýdançasynyň taslamasy we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamany hödürledi. Hususan-da, bu ýerde köp ugurly dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şol ýerde woleýbol, basketbol meýdançalary, tennis korty, suwa düşülýän howuz, çagalar üçin demir ýol wagonjyklary, şeýle hem kafe we amfiteatr bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köp ugurly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşilmegi ýaşaýyş – durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň giň möçberli maksatnamasynyň esasyny düzmelidir diýip belledi.

Görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, milli Liderimiz olara birnäçe düzedişleri girizdi we desgalar gurlanda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy hem-de binanyň ähmiýetli aýratynlyklary babatda birnäçe bellikler aýtdy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllaryň dowamynda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän sport desgalaryň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda çetdäki obalarda hem gurlandygyny belledi we munuň özi ösüp barýan ýaş nesilleriň saglygyny berkitmäge oňaýly mümkinçilik berer diýip aýtdy.

Şunuň ýaly giň möçberli işler we ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksada laýyk çäreler, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen alnyp barylýan işler ahyrky netijede halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary R.Seýitkulyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda Atamyrat—Ymamnazar demir ýolunyň ugrunda köprüleri gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň özi ýurdumyzyň demir ýollarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze demir ýollaryň gurluşygynda we ozal hereket edýänlerinde abatlaýyş işleri geçirilende ýokary hiliň üpjün edilmegi, olarda iň täze tehnologiýalary ulanmak zerurdyr diýip belledi we munuň ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzak möhletleýin peýdalanylmagyny üpjün etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreleri görmek we bu ugurda iň täze we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy hem-de tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmak arkaly demir ýol ulaglary düzüminiň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmagyň barşy, himiýa we balyk senagatyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň Aşgabatda gurlan binalarynyň täze toplumyny ulanmaga bermek bilen bagly dabaranyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal serişdeleriniň uly gorlaryna, senagat we ylmy taýdan uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy üçin milli ykdysadyýetde öňdebaryjy orny eýeleýändigini aýtdy. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, has döwrebap tehnikanyň ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Milletiň Lideri hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, döwrebap okuw mekdepleriniň giň ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Paýtagtymyzda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalarynyň toplumynyň ulanylmaga berilmegi şu ugurdaky anyk ädimleriň ýene-de birine öwrüler. Bu institutyň okuw geçirilýän otaglary ähli zerur okuw-usuly, kompýuter, telekommunikasion we beýleki enjamlar, zerur tehniki serişdeler bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýokary okuw mekdebinde nebitgaz senagatynda zerur hasaplanýan hünärleriň uly toplumyna degişli işgärleriň taýýarlanjakdygyny aýdyp, täze okuw toplumynyň açylyş dabarasyny guramaçylyk taýdan göwnejaý geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we belli daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýumly taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli energetika syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşygyň ösdürilmegine täzeden badalga berildi. Bu hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüş depgini we netijeliligi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň nebitgaz pudagynyň örän uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň anyk netijeleri berýändigini belläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat desgalarynyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň eksporta iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça mundan beýläk-de yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň derwaýysdygyny, şol ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalara we nou-haulara eýe bolup durýan kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini belläp, bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Nebitgaz Toplumy

turkmenhabargullugy

Gyzlar Futboly Saýlap Alýarlar