Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda şeýle hem 21-23-nji fewralda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Bu sergini geçirmegiň däbe öwrülendigi, ýyl-ýyldan oňa gatnaşýanlaryň düzüminiň giňelýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gözegçilik edilýän düzümleriň işini sazlaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de innowasiýalara daýanmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek baradaky meselä degip geçip, onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle wekilçilikli serginiň yzygiderli geçirilmeginiň özi hem türk kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge ägirt uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Öz nobatynda, ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ýolunda uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistan hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden çekmäge, häzirki zaman netijeli we tygşytly materiallary ulanmaga, dünýäniň täze oňyn tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlaryny amala aşyrmak we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Ol birinji çärýekde ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejesindäki çäreler, şeýle hem daşary ýurtlaryň baştutanlarynyň Türkmenistana boljak döwlet saparlary barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar bolup, ol halkara baýramçylyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi we däbe görä 21-nji martda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Nowruzyň dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridigini aýratyn nygtady.Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwrümizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň birine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýa laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýär.
Goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen taryhy taýdan emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek hem-de raýdaşlygy berkitmek işinde bu halkara baýramçylygynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berip, hökümetiň ähli agzalaryna Nowruz baýramyna gabatlanjak dabaralary ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada görkezme berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol milli parlamentiň kanunçykaryjylyk we jemgyýetçilik işi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak işini ilerletmekde, döwletiň durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen netijeli işlemeginiň möhüm ornuny nygtap, mundan beýläk hem bu işe uly ähmiýet berilmeginiň wajypdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady ulgama gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Durnuklaşdyryş gaznasynyň ýagdaýy hakyndaky habar hem aýdyldy, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň galan bölegi gaznanyň pul serişdelerini emele getirmegiň esasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Döwlet býujetiniň artyk serişdelerini şol gazna geçirmäge ygtyýar bermek hakynda milli Liderimize ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilmegi köp babatda ykdysady topluma girýän ähli düzümleriň geçirilýän döwrebaplaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, olaryň işine dolandyrmagyň häzirki zaman görnüşlerini hem-de usullaryny ornaşdyrmaga baglydyr diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinen toplumlaýyn maksatnamalar kabul edilen mahaly ähli pudaklary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek meseleleri nazara almagyň wajypdygyny nygtap, milli Liderimiz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmeginiň ykdysadyýetimiziň durnukly, okgunly ösüşini kepillendirmegiň, ony daşky ýagdaýlaryň täsirinden goramagyň zerurlygyndan ýüze çykandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz munuň özi türkmenistanlylaryň girdejileriniň ýokary derejesini üpjün etmek bilen bir hatarda, maliýe serişdelerini milli we sebitleýin maýa goýum taslamalaryna gönükdirmek arkaly anyk önümçiligi döretmäge mümkinçilik berýär diýip belledi. Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň artyk serişdelerini şu gazna geçirmek hakyndaky teklibi makullap, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda bellenen meýilnamalaryň ilerledilişi, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda geçirilen baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekip, wise-premýerden olaryň işini işjeňleşdirmek üçin yzygiderli çäreleri görmegi talap etdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň işi barada durup geçip, onuň işiniň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy hem-de bu merkeziň işini göwnejaý ýola goýmak we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, onuň hukuk ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz merkeziň düzümine we gurluşyna, şeýle hem, eger gerek bolsa, onuň wezipe sanyna we işgär sanyna täzeden seretmegiň möhümdigini nygtady. Milli medeniýet merkezine baş direktor ýolbaşçylyk etmelidir, merkeziň düzümine girýän Prezident muzeýiniň, Milli kitaphananyň we Mukamlar köşgüniň hem hersiniň öz ýolbaşçysy bolmalydyr, öz nobatynda, olar şol bir wagtyň özünde Milli medeniýet merkeziniň baş direktorynyň orunbasarlary bolmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Merkeziň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeçe guramak we has-da kämilleşdirmek möhümdir. Ol ähli döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat işgärleri üçin usulyýet merkezi bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu möhüm mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda guralýan medeni çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, medeniýet, sungat ulgamynda , habar beriş serişdelerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň sazlaşykly hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda degişli işleri ýerine ýetirmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda bar bolan muzeýlerde milli gymmatlyklarymyzyň göwnejaý derejede saklanmagyny, olarda zerur bolan şertleriň üpjün edilmegini ýola goýmak boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän kitaphanalaryň sanynyň artandygyny bellemek bilen, welaýatlarda we paýtagtymyzda bar bolan kitaphanalaryň öz aralaryndaky ýygjam gatnaşygyny üpjün edýän hem-de olaryň dürli kitaplary alyşmagyny yzygiderli ýola goýýan utgaşdyryjy ulgamyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyny, şunuň bilen baglanyşykly zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere hem-de öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna şu günlerden başlap ykjam taýýarlyk görmek, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de olary döwrebap äheňde şowhunly, täsirli geçirmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük bugdaýa idegiň, gowaça we beýleki ekinleri ekmek üçin ýerleri şüdügärlemegiň barşy hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Suw hojalyk ministrliginiň ýazda bolup biljek suw joşmalaryny nazara almak bilen Amyderýanyň we Murgap derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça geçirýän işleri, şeýle hem suw howdanlarynda zerur bolan suw goruny döretmek, suwaryş akabalaryny arassalamak maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki kadalarynyň berjaý edilmegine we umuman alnanda, oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugry bolan ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň maksady bolsa oba hojalyk pudagyny täze, häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän sepgitlere çykarmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk ýerleriniň suwarylyşyny, şol sanda suwuň joşýan döwründe emeli suw howdanlarynda ýygnanýan suwuň hasabyna suwarylyşyny gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Gurluşyk işleriniň depginleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda gurulýan ýollaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Elektroenergetika ulgamy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli maksatnamanyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Onuň her bir tapgyrynyň kuwwatly elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyny, transformator podstansiýalarynyň döwrebap toplumyny, paýlaýjy ulgamlary özünde jemleýändigini aýtmak bilen, milli Liderimiz sarp edijileri, kärhanalary, guramalary we şäherleriň, obalaryň ilatyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Iň täze inženerçilik çözgütleri we işläp taýýarlamalary häzirki döwürde we geljekde ulgamyň her bir düzüm böleginiň anyk we sazlaşykly işini ýola goýmalydyr. Şunlukda, paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşini we geljegi nazara almak bilen, täze energetiki ulgamlaryň ilkibaşda ägirt uly kuwwatly binýady tutulmalydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip belledi. Alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň derwaýysdygyny belledi. Milli Liderimiz täze demir ýollar gurlanda we ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylanda gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny, iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmalydygyny belledi we munuň özi ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün eder diýip aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Demirgazyk-Günorta”, has takygy, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly baglanyşygy üpjün etmäge gönükdirilen Uzen – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek – Gürgen demir ýolunyň gurluşygy boýunça halkara taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. hormatly Prezidentimiz ulag toplumynyň birnäçe düzüm bölekleriniň işiniň göwnejaý guralmagynyň ýola goýulmaýandygy, özüne berlen tabşyryklaryň wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi, bu demir ýoluň gurluşygynyň alnyp barlyşyna degerli gözegçiligi ýola goýmandygy üçin wise-premýere düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu transmilli taslamanyň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berip, bu işleriň öz möhletinde tamamlanmagyny hem-de onuň ýokary hiliniň üpjün edilmegini talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam etmek bilen, deňiz we derýa gatnawlarynyň ýurdumyzyň içinde bolşy ýaly, halkara ulag ugurlarynyň sazlaşykly ösmeginiň jähetinde barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere deňiz we derýa ulaglarynyň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pudagyň kärhanalarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş etdi. Ol, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyza Hatyra güni bilen bagly 12-nji ýanwarda ýurdumyzda geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, olaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak bilim ulgamynda döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm we aýrylmaz şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli senenamamyzda şehit bolan watandaşlarymyzyň, öten-geçenlerimiziň döwlet derejesinde ýatlanýan günlerinde milli gahrymanlarymyzyň öňündäki mukaddes borjumyzy berjaý edýäris. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň şehitlerimiziň hatyrasyny belent tutýandygyny, olaryň ruhuna bagyşlap sadaka berilýändigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz, himiýa we balyk senagatynda işleriň ýagdaýy, ýangyç-energetika toplumynda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň ilerledilişi hakynda hasabat berdi.
Hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna “Galkynyş” gaz käninde ulanyş guýularyny burawlamak boýunça hyzmat etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, Türkmenistanda bar bolan baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlanan, türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün etjek giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran anyk wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan ögzleşdirmegi hem-de abadanlaşdyrmagy çaltlandyrmak, nebitgaz çykarýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şeýle hem sebitleýin we giň möçberde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň kuwwatly şerti bolan köp görnüşli gaz akdyryş düzümlerini ösdürmek babatda işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynda ep-esli iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň işine, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli birnäçe meseleleri jikme-jik beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň ykrar edilen energetika döwleti bolmak bilen, öz energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtady, tebigy gazy çykarmagyň hem-de eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak, onuň dünýäniň iri bazarlaryna iberilmeginiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak munuň möhüm taraplary bolup durýar, dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine islegiň artmagynyň durnukly meýli göze ilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda nebit önümleriniň öndürilişi artýar.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň çäklerinde soňky ýyllarda açylan ýataklaryň nebitgaz gorlarynyň geçirilen garaşsyz seljermeleri, şeýle hem işleriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýän tehniki auditi Türkmenistanyň energetiki kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder diýip belledi.
11-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçireris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gowy taýýarlyk görmegi tabşyryp, hökümetiň agzalaryna gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde 2013-nji ýylda göz öňünde tutulan işleriň meýilnamalarynyň üstünde ýene-de bir gezek işlemek barada görkezme berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we rowaçlyk, eziz Watanymyzyň, türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.