Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, çykyş etmek üçin oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri boýunça milli ykdysadyýetimiziň hemme ulgamlarynda ýokary hilli ösüşi üpjün edýän özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirip, öňe okgunly ymtylyşyny ynamly dowam edýär.
Umuman, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5 göterim derejesinde üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň aglabasynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
Ýanwar-fewral aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň ösüşi geçen ýylyň şol döwründäki bilen deňeşdirilende 18,3 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygy boýunça görkeziji hem oňyn ösüşe eýe boldy.
2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 107,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 37,9 göterim möçberde emele geldi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, wise-premýer ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 15 göterim ýokary bolandygyny habar berdi. Häzirki wagtda dürli maksatly binalarda gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,8 göterim berjaý edildi. Döwlet býujetiniň köp möçberi, has takygy, 77,6 göterimi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirildi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.
Umuman, şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan netijeleriň ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamyny mundan beýläk-de depginli ösdürmek hem-de raýatlaryň durmuşynyň hilini has-da gowulandyrmak üçin hakyky ätiýaçlyklaryň we mümkinçilikleriň bardygyny aýtmaga esas berýär.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer hormatly Prezidentimize senagat pudagyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda kararyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu karara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň maksada laýykdygy barada teklip aýdyldy. Hususan-da, şol üýtgetmelere laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylýan önümleriň söwdalar ulgamyny ýönekeýleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanymyzyň Döwlet maldarçylyk birleşiginiň oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we enjamlary, şeýle hem ýörite awtoulaglary satyn almagyny maliýeleşdirmegiň meselelerini seljermek barada ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy. Geçirilen halkara bäsleşigiň netijesinde, hojalyk jemgyýetleriniň birnäçesi we hususy kärhana saýlanyp alyndy, olar bilen degişli şertnamalar baglaşylar. Bu taslamany Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň üsti bilen ýeňillikli karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iri möçberli özgertmeler milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Meýilleşdirilen işleriň hemmesiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga, onuň çig mal häsiýetinden innowasion görnüşine öwrülmegine ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň saklanmagyny üpjün etmäge berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ilata ýer böleklerini bermek boýunça ýörite ýer gaznasyny döretmek hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli guramaçylyk işlerini alyp barmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Dokma önümlerini ýerlemek boýunça birža söwdalarynyň tertibine üýtgetmeleri girizmek baradaky hödürlenen teklipler hem-de Döwlet maldarçylyk birleşiginiň oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we enjamlary, şeýle hem ýörite awtoulaglary satyn almagyny maliýeleşdirmek barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň kanunçylykhukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça deputatlaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şu wezipelere laýyklykda, Mejlis tarapyndan 2014-nji ýyl üçin iş maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1-nji martda bolan ikinji maslahatynda kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, birža we birža söwdasy, ýurdumyzyň býujet ulgamy, ylmy-tehniki syýasat, tebigaty goramak ýaly ugurlaryna degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasatyny amala aşyrmak, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak babatda alyp barýan işi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça deputatlaryň geçirýän işleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni kanun çykaryjylyk işini häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen dowam etmegiň wajypdygyna çekdi hem-de ýerlerde düşündiriş işlerine uly üns bermegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştunanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçip, olaryň ýokary derejede guralmagyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda geçen iki aýda DIM-niň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýermek bilen, Bitarap Türkmenistan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döwletara derejesinde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraply görnüşde üstünlikli ösdürýär.
Biziň ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň okgunly ösmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýanwar-fewral aýlarynda DIM-niň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 80-si geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary döwletlere ýurdumyzdan 108 wekiliýet iberildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde maslahatlaryň, seminarlaryň, tegelek stolyň başyndaky duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 28-si geçirildi. Şu ýylyň başyndan bäri halkara resminamalarynyň 7-sine gol çekilendigi habar berildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň arasyndaky netijeli, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň başyndan bäri şeýle geňeşmeleriň 11-si geçirildi. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň netijeli işleri hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gös-göni ýardam edýär. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda degişli ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň işjeň häsiýeti, halkara bileleşiginiň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna gyzyklanmasynyň artýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýyl beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Şu ýyl Gündogaryň beýik filosofynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu waka mynasybetli Türkiýe Respublikasynda geçirilen çärelere Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde öňde boljak halkara çärelerine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem işjeň ösdürer, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli giňelder diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häzirki wakalary we açylýan täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da berkitmek we giňeltmek üçin bar bolan şertleri doly ulanmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary, şol sanda netijeli döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge ýardam edýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmek bilen bagly görkezmeleri berdi.
Soňra şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi.
Tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda önümçiligiň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 109,4 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 101,9 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,3 göterime, Türkmengallaönümleri döwlet birleşigi boýunça 107,4 göterime, Türkmenobahyzmat döwlet birleşigi boýunça102, 2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterime, Türkmenpagta döwlet konserni boýunça 104,1 göterime, Türkmenatlary döwlet birleşigi boýunça 126 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,9 göterime barabar boldy.
Häzirki wagtda ähli welaýatlarda güýzlük däne ekinlerine ideg edilýär, olary mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak geçirilýär. Hapa-haşal otlara garşy göreş alyp barmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlaryny, tehnikany we tohumlary gowaça ekişine taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýazky oba hojalyk möwsümini sazlaşykly we guramaçylykly, göwnejaý möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylykda ähli zerur agrotehniki kadalaryň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi, munuň özi bugdaýyň we gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagyň möhüm şertidir.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmaga we tutuşlygyna alnanda, oba hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga degişli anyk görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Hasabat döwründe medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berlendigi, neşirýat işiniň işjeňleşendigi, täze neşirleriň birnäçesiniň çapdan çykandygy, halkara derejesindäki iri medeni çäreleriň geçirilendigi, halkara döredijilik alyş-çalyşlarynyň dowam edendigi bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Fewral aýynda bolan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, türkmen wekiliýetiniň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmagy halkara ähmiýetli çäreleriň hatarynda agzaldy, türkmen wekiliýetiniň düzüminde alymlar we medeniýet işgärleri bar.
Wise-permýer paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryny we medeni çäreleri geçirmek hakynda hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, hususan-da, milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmäge çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar gününiň hormatyna baýramçylyk dabaralaryny guramagyň meselesine degip geçip, olary geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna çäreleri şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelýän ýokary derejede guramak we geçirmek meseleleri medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn üns merkezinde bolmalydyr. Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşirlerini çap etmek boýunça degişli işleri geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 101,6 göterime deň bolup, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer nebit önümleriniň görnüşleriniň öndürilişi barada durup geçip, benzinleriň öndürilişiniň 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 103 göterime deň bolup, meýilnamanyň 113,2 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,3 göterime deň bolup, meýilnama 102,9 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem hasabatda ýangyç mazudynyň öndürilişi boýunça 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 103,3 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 101,5 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 100,4 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 100,2 göterime deň bolandygy bellenildi.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Ruhabatdaky turba zawodynda dürli ölçegli polietilen we aýna süýümli turbalary öndürmegiň ösüş depgini hem 109,2 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika ulgamyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de bu wezipeleri çözmekde pudagyň maddy enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, şunda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň iki aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde dokma pudagynyň önümçilik we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada hem habar berildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgininiň 134,3 göterime barabar bolandygy bellenildi. Sement öndürmek boýunça ösüş depgini 142,6 göterime, magdan däl serişdeleriň öndürilişiniň ösüş depgini 130,4 göterime, keramzitiň we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa degişlilikde 129,5 we 118 göterime barabar boldy.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, şol döwürde öndürilen önümleriň ösüş depgininiň 111,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy. Türkmenhaly döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik görkezijileriniň oňyn häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginleriniň gurluşyk serişdeleriniň çykarylyşynyň depginini has-da ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şol gurluşyk serişdeleri iň ýokary talaplara hem-de döwrebap ülňülere laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary giňden ulanmak hem-de pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk wezipeleri goýdy.
Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly dokma önümleriniň, himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň önümleriniň çykarylyşyny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek meseleleri barada durup geçip, wise-premýere gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýyny içgin seljermek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň jemleri hem-de söwda toplumy boýunça esasy görkezijiler hakynda habar berdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 105,8 göterime barabar boldy. Bölek-satuw söwda haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 110,2 göterim lomaý haryt dolanyşygy boýunça 103, 2 göterim derejesinde bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen iki aýda birža söwdalarynyň 23-si geçirildi, bellige alnan geleşikleriň umumy möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 203,5 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde hyzmatlary ýerine ýetirmekden alnan girdejileriň ösüş depgini 156, 2 göterime barabar boldy; peýda 83 göterim artdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 138 göterime, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini – 124, 7 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan geçen ýylyň ilkinji iki aýyna garanyňda gurluşyk-gurnaýyş işleriniň möçberi iki esseden hem gowrak artdy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 235 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 201 göterime deň boldy.
Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan, ýurdumyzyň eksport syýasatyny we birža işini kämilleşdirmäge degişli teklipleri hem hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň ýokary ösüş depginlerini saklamak üçin önümçilik düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, haryt babatda teklipleriň görnüşlerini giňeltmegiň we bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz işewür halkara gatnaşyklarynyň, Diýarymyzda importuň ornuny tutýan innowasion önümçilikleri döretmek, maýa goýumlaryny çekmek we ýurdumyzyň harytlarynyň eksporta iberilmegini artdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz birža işini kämilleşdirmek meselelerine hem ünsi çekip, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, çeýe nyrh syýasatyny kemala getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksporta iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin daşary ýurt bazarlarynyň islegini öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän umumymilli, maýa goýum we pudaklaýyn maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen kärhanalaryň arasynda hem, beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hem göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi, 12-13-nji martda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu foruma dünýäniň 36 ýurdundan belli alymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Wise-premýer hasabatyň çäklerinde geçen iki aýyň dowamynda Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 88-siniň taýýarlanylandygyny, olardan 16-synyň neşir edilendigini, umumy orta bilim berýän mekdeplerde 12 ýyllyk okuw möhletine geçilmegine laýyklykda, degişli okuw kitaplaryny, gollanmalaryny hem-de iş depderlerini neşir etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli maksatnamalaýyn çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy.
Wise-premýer ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ýokarlanýandygyny aýtmak bilen, dünýä tejribesini öwrenmek maksadynda türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, şeýle hem biziň talyplarymyzyň we mekdep okuwçylarymyzyň hasabat döwründe geçirilen halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyşy barada habar berdi. Hasabatda şeýle hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň görkezijileri barada aýdyldy. Hususan-da, derman senagatynda öndürilen önümiň möçberi 139,5 göterim artdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 12 saglyk binasynyň, 5 derman kärhanasynyň, döwrebap derman ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hem bu pudaklary täze derejä çykarmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Geçen iki aýda türkmen türgenleriniň 23-si halkara derejesinde geçirilen sport ýaryşlaryna gatnaşdylar we jemi 60 medala, şol sanda 29 altyn, 28 kümüş we 3 sany bürünç medala eýe boldular diýip, wise-premýer belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri çaltlandyrmak, olaryň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki ylmy maslahatlar we beýleki çäreler dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we beýleki düzümleriniň Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmalarynyň artýandygyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, onuň netijeli işi üçin ähli zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi we öňümizdäki forumyň Türkmenistanyň giň medeni gatnaşyklara hem-de işjeň ylmy alyşmalara ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş. Durdylyýew şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda dürli maksatly desgalary gurmak we Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, gök we seýilgäh zolaklaryny döretmek, arassaçylygy we tertibi üpjün etmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça degerli çäreler görülýär.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalyklary alyp barmak, şäherlerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýörite ýer gaznasynyň tassyklanan möçberinden ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek baradaky kararyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hem habar berildi. Bu ugurda Aşgabat şäheri boýunça öňde goýlan wezipeler babatda iş meýilnamasy düzüldi we ony durmuşa geçirmek boýunça meseleler kesgitlenip, häzirki wagtda paýtagtymyzda bölünip berlen ýer böleginiň baş meýilnamasy taýýarlanýar.
Maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça bu görkezijiniň hasabat döwründe 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 202,4 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň garamagyndaky düzümler tarapyndan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň dowam edýändigi we onuň Diwanynyň işiniň guramaçylyk-tehniki üpjünçiligi boýunça çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça, hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginlerini mundan beýläk-de saklamagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda binalaryň ýokary hilli gurulmagynyň we öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň ähli gurluşyk kompaniýalary üçin esasy talap bolup galýandygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri, şol sanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda şu ýylyň iki aýynda gazanylan ykdysady görkezijiler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ulag ulgamynyň durnukly ösmegini üpjün etmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy.
Hususan-da, demir ýol ulaglary ministrligi boýunça iki aý boýunça ösüş depgini 107 göterime deň boldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagta çenli Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň 228 kilometri guruldy. Demir ýoluň ugrunda beketleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň, şol sanda onlarça köprüleriň gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Bu babatdaky görkeziji Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini 104,9 göterime barabar boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 110,3 göterim, Türkmenhowaýollary döwlet milli gullugy boýunça 121,8 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,9 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda 94 müňden gowrak telefon nokady gurnalyp, meýilnama 212 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýolbaşçylyk edýän toplumynyň kärhanalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi, ulag we aragatnaşyk pudagynda edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän gurluşyk we energetika toplumynyň pudaklarynda 2014-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gurluşyk ministrligi boýunça jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 111,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 66 sany öý ulanmaga berildi, şol sanda Ahal welaýatynda 12 sany, Balkan welaýatynda 29 sany, Daşoguz welaýatynda 14 sany, Lebap we Mary welaýatlarynda degişlilikde 1 we 10 sany ýaşaýyş jaýlary guruldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 106,6 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 117,9 göterime barabar boldy.
Türkmenawtoýollary döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 150,4 göterime deň boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 124 göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk ulgamynda oňyn ösüşleriň gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz oňyn ösüşi berkitmek we pudagy has-da ösdürmek üçin guramaçylyk çärelerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şol çäreler bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejede bolmagyna toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmelidir.
Milli Liderimiz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagat, oba hojalyk pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda energiýanyň tygşytlanmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ünsi çekdi. Munuň özi energiýa desgalarynyň durkunyň täzelenmegini, önümçilige energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu bolsa elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň gysgaça jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň öz öňümizde goýan ähli wezipelerimiz diýen ýaly üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýeti yzygiderli ösmegini dowam edýär. Geçen iki aýda jemi içerki önümiň görkezijileri ýokary depginler bilen ösdi we 10,3 göterime deň boldy. Geçen döwürde jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň ösüşi 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyň ösüşi 15 göterime, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşi bolsa 14,8 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary hem ýokary depginler bilen ösýär.
Şol bir wagtda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygy 7,9 göterim artdy. Şeýle hem zähmet haklary yzygiderli ýokarlanýar. Geçen döwürde döwletimizde ortaça aýlyk zähmet haky 12,2 göterim köpeldi.
Ýurdumyzda dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu desgalaryň köpüsi umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan bölegi durmuş maksatly desgalardyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan ösüş depginlerini goldamagyň biziň üçin möhüm wezipe bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap edip, olaryň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Wise-premýerlere ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul eden Maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada aýratyn tabşyryk berildi.
Biz mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meselelere aýratyn üns bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.