Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň maliýe-bank ulgamynyň öňünde goýan wezipeleri çözmek babatda bu ulgamyň edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Ol şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Hususan-da, standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda şahsy taraplaryň ýurdumyza getirýän we güwälendirmäge degişli önümleriniň aýry-aýry görnüşleriniň sanawyny tassyklamak, ýurdumyzyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň hiline geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada habar berildi.
Habar berlişi ýaly, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, şahsy taraplaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk zerurlyklary üçin niýetlenip, Türkmenistana getirýän önümleriniň aýry-aýry görnüşleri güwälendirmäge degişli edilip bilner. Bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri boýunça şeýle önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär.
Hasabatyň çäklerinde daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň hiline geçirilen seljermäniň netijeleri barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligi öz garamagyndaky Döwlet söwda gözegçiligi gullugy hem-de degişli ministrlikler we edaralar tarapyndan bilelikde ýurdumyzyň bazarlarynda satylýan we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hiline gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümleri güwälendirmegiň möhümdigini belledi. Berilýän güwänamada önümleriň hiliniň, adama we ekologiýa taýdan howpsuzlygynyň ykjam öwrenilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, güwänamanyň bolmagy ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we meseleleriň birnäçesini birbada çözmäge ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi, umuman, makullap, güwälendirmäge degişli önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýurdumyza getirilýän önümleriň hiline geçirilen seljermäniň netijeleri barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz hödürlenen teklibi makullady hem-de degişli mesele boýunça berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deputatlaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň komitetlerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny, hususan-da, onuň döwlete degişli bolmadyk bölegini has-da ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 1-nji martda bolan ikinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň many-muzmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletiň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda, ösüp gelýän nesli terbiýelemek meselelerinde ýurdumyzyň deputatlar düzüminiň ýerli öz özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçlik guramalary we saýlawçylar bilen netijeli gatnaşyk etmek meselesine ünsi çekip, bu işe geljekde uly ähmiýet berilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň geçirýän işleri barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň döwrebap we howpsuz ulag ulgamyny döretmek baradaky garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu möhüm maslahaty ýurdumyzyň paýtagtynda geçirmek baradaky başlangyjy türkmen tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde beýan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, 11-nji martda DIM-de birinji taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Ýewropa ykdysady topary/EYT/, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri üçin Ykdysady we durmuş topary /ESKATO/, şeýle hem ÝHHG, Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi hem-de TRASEKA Hökümetara maksatnamasy bilen bilelikde maslahatyň guramaçylary hökmünde çykyş ederler. Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag geçelgeleriniň eýeleýän orny Aşgabatda geçiriljek maslahatyň esasy meselesi bolar.
Ägirt uly üstaşyr-ulag kuwwatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan döwrebap ulag düzüminiň döredilmegine aýratyn üns berip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda sebit hem-de yklym ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýar we yzygiderli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, bar bolan ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar. Olar halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny amatlaşdyrmaga, hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Merkezi Aziýa üçin Nusgawy gara ýolunyň döredilmegi baradaky başlangyjy bilen bagly meseleler DIM-de geçirilen birinji taýýarlyk duşuşygyna gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ulag ulgamyny halkara aragatnaşyk düzümine işjeň birleşdirmek boýunça çäreler görülýär.
Sebit we halkara ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşýän Türkmenistan öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini nazara almak bilen, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Bu meseleleriň hemmesi Aşgabat maslahatynyň gün tertibine girizilip, bu çäre ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýan köpugurly, sebit we dünýä ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistanyň degişli ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýädigini belledi. Türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren netijeli başlangyçlary, şeýle hem transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda geljekde hem ulag ulgamyny onuň ähli pudaklary-demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary bilen bilelikde toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerine uly üns berler.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, sebit we yklym ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek bilen, Türkmenistanyň degişli ugurda öz mümkinçiliklerini umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmäge çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat maslahatynyň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna bolan iş sapary barada hasabat berdi. Bu ýerde 7-nji martda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Ankarada bolan duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki başdan deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, M.Mämmetalyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek we ony Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Milli bahar baýramyna hem-de 15-17-nji aprelde “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer 21-nji martda Ahal welaýatynyň çäginde Köpetdagyň gözel künjeginde däbe görä geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hakynda habar berdi. Baýramçylyk maksatnamasyny sungat ussatlarynyň konsertiniň, dürli baýramçylyk sergileriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň, milli tagamlaryň görkezilmeginiň, at çapyşyklaryň, milli oýunlaryň, şeýle hem bu gadymy baýramçylyga mahsus bolan çäreleriň düzjekdigi aýdyldy. Olar türkmen halkynyň medeni däpleriniň we özboluşly dessurlarynyň köpdürlüligini şöhlelendirer.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milletiň ruhy taýdan galkynmagynda Milli bahar baýramynyň ähmiýetini, jemgyýetiň ruhy taýdan ösmeginde Garaşsyz Watanymyzyň milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmekde onuň möhümdigini belläp, BMG tarapyndan Nowruz baýramyna halkara derejesiniň berilmegi bilen baglylykda, onuň bütin dünýäde halklaryň arasyndaky raýdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, medeni hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň halkara güni hökmünde bellenilýändigini nygtady. Gadymdan gözbaş alýan bu baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli işleri bilen sazlaşyp, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, parahatçylygy, abadançylygy we agzybirligi alamatlandyrýan bu nurana baýramçylygy milli däplerimize laýyklykda, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň, Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda, şeýle hem gyzykly halk oýunlary we bäsleşikleri, şol sanda gadymy döwürlerden bäri uly türkmen toýunyň bezegi bolan at çapyşyklaryny guramak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwalyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen hem-de dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek işinde onuň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere festiwala guramaçylykly taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç energetika toplumynyň düzüm birliklerinde işleriň ýagdaýy we “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň gurluşygy hakynda hasabatda aýdyldy, ol döwletara Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan Önümleri paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda bu käni işläp taýýarlamagy hem-de abadanlaşdyrmagy Hytaýyň milli nebit korporasiýasy amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýurdumyzyň geljegi uly känlerini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça türkmen “mawy ýangyjyny” ibermegiň möçberlerini tapgyrma-tapgyr artdyrmaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň esasy energetiki bazarlaryna gatnaşmagyny ynamly artdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda türkmen döwleti köp görnüşli gaz ulag ulgamyny döretmek barada iri taslamalary durmuşa geçirmek, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara başlangyçlaryny ösdürmek arkaly energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meselelere jogapkärli çemeleşmäni görkezýär.
Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2014-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça möwsümi guramak hem-de üstünlikli geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň bu pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylyny artdyrmak maksady bilen çäreler toplumyny amala aşyrýandygy bellendi. Welaýat we etrap häkimlikleri bilen bilelikde ýaş tut nahallaryny oturtmagy giňeltmegiň hasabyna ýokary hilli pile öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Wise-premýer şu ýyl 2000 tonna möçberinde pile taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan “2014-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Wise-premýer senagat pudagynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň harytlyk önümleri daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibine üýtgetmeler girizmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berip, degişli kararyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Ýüpekçilik türkmenleriň gadymy halk senetleriniň biridir, şonda halkymyz ýokary ussatlygy we kämilligi gazandy we biziň wezipämiz bu milli däplerimizi dowam etdirip, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny peýdalanmak bilen, pudagy häzirki döwrüň derejesine çykarmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz resminama gol çekip, ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmagyň, daşarky bazarlaryň islegini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň, daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen ýakyndan aragatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, “Senagat pudagyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky” karara hem gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 1718-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini we maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýaýbaňlandyryljak sergide milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýöriteleşdirilen 200-den gowrak ekspozisiýa gurnamak meýilleşdirilýär. Bu ýerde gurluşyk ulgamynda, dokma we haly önümçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki köpsanly ulgamlarda işleýän telekeçileriň önümleri hem-de hyzmatlary hödürlener.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek sergi we maslahat içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän we halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň tejribesini, gazanýan üstünliklerini we artýan kuwwatyny görkezer.
Soňra Aşgabat şäherinde 16-njy martda geçiriljek türkmen-hytaý işewürler maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Maslahatyň işine we onuň çäginde geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşiklere düzüminde döwlet edaralarynyň hem-de esasy kompaniýalaryň wekilleri bolan hytaý wekiliýeti gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe telekeçilige möhüm orun berilýändigini aýtdy. Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçileriň öz işini giňeltmek üçin mümkinçilikleri näçe köp bolsa, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri-de şonça ýokarydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz telekeçileriň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryny ornaşdyrmak we işjeňligi artdyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen ähli zerur çäreleri görýär we hususy önüm öndürijileri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň wajyp meselelerini çözmäge ugrukdyrýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini hem-de maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berip, olaryň diňe bir gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hususy kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny içerki hem-de daşarky bazarlarda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürlik ulgamynda maýa goýum hem-de innowasion işini ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjek toplumlaýyn çäre bolmalydygyny nygtady.
Milli Liderimiz türkmen ykdysadyýetiniň eksport ugurly pudaklaryny goldamagyň, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, ikitaraplaýyn işewürler maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň täze usullaryny, ýokary tehnologiýaly ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, ösen täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ilatymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça raýatlaryň töleýän gatançlarynyň möçberleri barada seljerme işleriniň geçirilendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan döwlet serişdeleriniň hasabyna 20142015-nji ýyllar üçin maliýeleşdirmäge hödürlenýän ylmy-barlag taslamalarynyň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary hem-de ýokary okuw mekdepleri gatnaşarlar.
Şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň teklibi boýunça Milli bahar baýramy mynasybetli Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. 23-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäräniň barşynda Saglyk ýolunyň 8 kilometr böleginde köpçülikleýin ýörişden başga-da, bu aralygy çalt ylgap geçmek boýunça bäsleşik guralar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglygy goramakda ilatyň bähbitlerini döwlet tarapyndan goramagyň kepillendirilen görnüşi hökmünde saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ätiýaçlandyrylan raýatlara edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz «Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakyndaky» Permana gol çekip, bu resminamanyň berjaý edilmegi üçin degişli çäreleriň görülmegini wise-premýere tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ylymlar akademiýasy tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän ylmy-barlag taslamalarynyň bäsleşigi barada aýdyp, bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, oňa ylmy edaralar bilen birlikde ýokary okuw mekdepleriniň hem işjeň gatnaşmagy ylmy barlaglara talyplary, aspirantlary, ýaş alymlary çekmäge, ylmy we bilimi utgaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň fakultetlerinde hem-de ylmy merkezlerinde ylmy barlaglary ösdürmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz bu işleriň alnyp barylmagyna, iň gowy ylmy başlangyçlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw beriljekdigini aýdyp, ylmy taslamalaryň bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Milli Liderimiz Milli bahar baýramy mynasybetli Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guramagyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigini belläp, bu çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna “Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçiliginiň desgalaryny gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Hasabatyň çäklerinde degişli işleri geçirmegiň, şeýle hem taslamany maliýeleşdirmegiň meýilleşdirilýän tapgyrlary barada habar berildi. Bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Işleri ýerine ýetirmegiň barşynda gurulmagy meýilleşdirilen beketleriň onlarçasy bir bitewi energoulgama birikdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurulýan desgalaryň hemmesiniň ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz dürli taslamalar, şol sanda energiýa üpjünçiliginiň desgalaryny gurmak boýunça taslamalar amala aşyrylanda innowasion tehnologiýalaryň, degişli ugurda ylmy-tehniki gazanylanlaryň ulanylmagynyň we paýtagtymyzy elektrik togy bilen durnukly üpjün etmek, ýurdumyzyň energoulgamyny döwrebaplaşdyrmak işinde degişli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap, resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça şu günler geçirilýän işler barada durup geçip, bugdaý ekilen meýdanlaryň köp böleginiň mineral dökünler bilen iýmitlendirilendigini, ösüş suwunyň tutulandygyny, şeýle hem haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleriniň geçirilendigini habar berdi.
Şu günlerde babadaýhanlarymyz 2014-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamakda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de tagt suwuny tutmak işleri depginli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmakda ýerleri ekişe taýýarlamak we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli ekiş geçirmek maksady bilen, ussat babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmäge hem-de ekiş möwsümine başlamagyň gününi kesgitläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde zähmetsöýer daýhanlarymyz oňat netijeleri gazanýarlar. Olaryň bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, häzirki döwrüň iň kämil oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Amala aşyrylýan bu işler özüniň oňat netijesini hem berýär. Geçen ýyl daýhanlarymyz gallanyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bereketli hasyl alynýar.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, yhlas bilen zähmet çekýän oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak barada hem döwletimiz tarapyndan köp işler edilýär diýip belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda ähli amatlyklary bolan döwrebap obalaryň hem-de şäherçeleriň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar giň gerim bilen gurulýar.
Oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýerleri, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleri hususy eýeçilige berilýär. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak isleýän ýa-da satyn almaga isleg bildirýän raýatlarymyza döwletimiz tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Alnyp barylýan bu işler döwletimiziň oba adamlary, daýhanlar barada edýän aladasynyň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzir pagtaçylaryň durmuşynda örän jogapkärli möwsüm gowaça ekişi ýetip geldi. Ekişiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň bol pagta hasylyny ýetişdirmekde uly ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyz ähli agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 26-njy martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 2-nji aprelde gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berip, ajaýyp däbe görä, il içinde sylanýan, hormatlanýan ýaşulularyň ekiş möwsümini «Bissimilla!» bilen başlap bermelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň berýän goldawyndan netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyzyň şu ýyl hem oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna berk ynam bildirip, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, täze, has uly üstünlikleri gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ahal welaýatynda döwrebap ahalteke tohum atçylyk toplumyny, ýaşaýyş jaýlaryny we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz Ahal welaýatynda döwrebap ahalteke tohum atçylyk toplumynyň gurulmagynyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ganatly bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi we hödürlenen taslamany, umuman, makullady hem-de oňa gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu karardan gelip çykýan wezipeleriň doly berjaý edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň suw hojalyk ministri S.Taganow özüne ynanylan düzümde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde suw hojalyk pudagynyň wajyp ähmiýetini nygtap, ýurdumyzda suw serişdelerine bolan talaplary doly üpjün etmek üçin ýer we suw serişdelerini peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, oba hojalyk pudagyny suw serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ministrligiň alyp barýan işinde kemçiliklere ýol berendigi üçin S.Taganowa käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz suwdan rejeli peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, bu öz gezeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek bilen berk baglydyr diýip saklady. Türkmenistan bu meselelerde işjeň orny eýeläp, degişli ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär.
Häzir ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda uly tejribe toplandy, täze suw howdanlarynyň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň, beýleki gidrotehniki we melioratiw desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy oba hojalygyny ösdürmäge we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksadynda “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasy” kabul edildi we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde ähli welaýatlarda suw arassalaýan zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň durmuşynda suwuň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, bu ugurda Türkmenistanda geljekde hem zerur işleriň geçiriljekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz suw pudagynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda suwy tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary öwrenmek we iş ýüzünde ulanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz suw howdanlarynyň gurluşygynyň hem-de durkuny täzelemegiň depginlerini ýokarlandyrmagy, desgalaryň gurluşygynda ulanylýan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň netijeli peýdalnylmagyny, şeýle hem ekin meýdanlarynda suwuň sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, damjalaýyn suwaryş usulynyň işjeň ornaşdyrylmagyny häzirki wagtda Suw hojalyk ministrliginiň öňünde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda geçirilýän işler hakynda, şol sanda ýurdumyzyň milli emeli hemra ulgamyny döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň fransuz kompaniýasy bilen Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny we onuň ýerdäki dolandyryş ulgamlaryny gurmak, milli emeli hemrany älem giňişligine çykarmak we işe girizmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny hem-de ony dolandyrmagyň ulgamlarynyň gurluşygy dowam edýär.
Hasabatyň çäginde “TürkmenÄlem 52,0 gradus E” aragatnaşyk hemrasynda, şol sanda hemrany gije-gündizleýin dolandyrmak boýunça astronomiki ölçeg gurallaryny hem-de aragatnaşyk enjamlaryny oturtmak boýunça gurnaýyş işleriniň tamamlanandygy, hemra antennalarynyň tehniki häsiýetnamalary we beýlekiler boýunça barlag işleriniň geçirilendigi hakynda aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň işgärleri üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, daşary ýurtlaryň esasy barlag institutlaryna uzak möhletli we gysga möhletli iş saparlarynyň, okuwlarynyň guralýandygy hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly ünsüň berilýändigini nygtady hem-de onuň işini has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hili gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda Türkmenistanyň milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň bolmagy üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek meselesiniň üstünde durup geçdi. Öz milli emeli hemramyzyň bolmagy ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny, Interneti we telewideniýäni ösdürmegi çaltlandyrar.
Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn kärhanalary tehnologiýa taýdan täzelemegiň aragatnaşyk ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere döwrebap tehnikasyna oňat hilli hyzmat etmek hem-de ony netijeli ulanmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak hem-de abatlamak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, awtomobil-ýol gurluşygy pudagynda işleriň ep-esli böleginiň ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýandygyny bu ýerde ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu babatda milli Liderimiz ýol gurluşygy ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen bir hatarda, töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meseleleriniň oýlanyşykly çözülmelidigini belledi.
Halkara we döwlet ähmiýetli ýollary çekmek bilen bir hatarda, welaýat we etrabara derejesinde awtomobil ýollaryny gurmakda hem işler alnyp barylýar.
Türkmenistan döwrebap ulag ýollaryny döretmäge uly möçberli serişdeleri goýbermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini artdyrýar, munuň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edip, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin mäkäm esasy döredýär, munuň özi ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlenendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.