9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerinirň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan amala aşyrylýan ýerli howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen geçirilen ykdysady seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň barşynda Aşgabat şäherniň Ruhabat etrabynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Häzirki döwre çenli paýtagtymyzyň bu etrabynda birnäçe ýaşaýyş jaýlaryynyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, meýilnama laýyklykda, Ruhabat etrabynyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, degişli guramalaryň we edaralaryň binalarynyň, söwda merkezleriniň durkuny täzelemek we abatlamak boýunça işler dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz eksport önümçiligi we daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin amatly şertleri döretmek we olary höweslendirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda bar bolan binalary we desgalary döwrebaplaşdyrmak, boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli ulgamlarda durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýerine ýetirilmegi üçin ygtybarly hukuk binýady üpjün edýän döwlet syýasatyny kadalaşdyryjy täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. 

Milli Liderimiz aýdylan habary diňläp, deputatlaryň netijeli işiniň demokratik ýörelgeleriň ösdürilmeginiň, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyna we ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, şeýle hem döwletimiziň ykdysadyýetiniň we bazar gurallarynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilmelidir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň alyp barýan işinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 8-nji aprelde Aşgabat şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň bäşinji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Hindistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Mejlisiň gün tertibine türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ulag we energetika, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hem-de beýleki geljegi uly pudaklaryň birnäçesi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine üns berdiler. Bu gaz geçirijisi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr we ählumumy energetika howpsuzlygynynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir. 

Gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmek, döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirildi. 

Şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň hem-de çäreleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

Wise-premýer, daşary işler ministri bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary ýurtlarda duşuşyklaryň, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sergileriň, sport we beýleki çäreleriň ençemesiniň geçirilendigini, bu ugurdaky işleriň dowam edýändigini habar berdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Dürli neşirler çap etmäge taýýarlanylýar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmen döwleti we onuň Bitaraplyk derejesi, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, honiýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty barada köpsanly makalalar çap edildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmek meselesi barada durup geçip, ýurdumyzyň däp bolan we möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Hindistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni gatnaşyklaryň umumylygyna, gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisini ulanmagyň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary we gumanitar-medeni hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamakda türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premeýere Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri we dabaralary geçirmäge degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamak hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, gowaça ekişiniň we däne ekinlere ideg işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “2015-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekmek üçin 18 müň 300 gektar ýer bölünip berildi. Şonça meýdandan 81,2 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli çäreler görmegi wise-premýerden talap etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň talabalaýyk geçirilmeginiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmakda, eksport kuwwaty berkitmekde, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde wajyp ähmiýeti bardyr. 

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli synagdygyny nygtap, oňa ykjam taýýarlyk görmek, oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk ministrligini, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerini, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynyň daýhan birleşiklerinde şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edýän Karara gol çekip, önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmagy tabşyrdy. 

Soňra Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, etrabyň çägini abadanlaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň durkuny täzelemek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Arçabil etrabynyň abadanlaşdyrylyşyna we etrabyň çäginde gök zolaklaryň döredilmegine yzygiderli gözegçilik edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýerler A.Ýazmyradowa hem-de M.Ýazmuhammedowa anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 24-28-nji aprelde Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer döredijilik çäresini geçirmek üçin ýurdumyza BAE-niň medeniýet işgärleriniň wekiliýetiniň geljekdigini aýtdy. Çäreleri paýtagtymyzyň iri medeni merkezlerinde – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan” kinokonsert merkezinde, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. 

Medeniýet günleriniň açylyşyny aprel aýynyň 24-ine Mukamlar köşgünde geçirmek, bu halkara medeni çäresiniň ýapylyş dabarasyny hem-de türkmen we arap sungat işgärleriniň dostluk konsertini “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet baýramçylygynyň dowam edýän günlerinde arap sungat ussatlarynyň konserti, folklor aýdym-saz toparynyň çykyşlary, arap kinoflimleriniň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň sergisi guralar. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary dostlukly ýurduň milli tagamlary bilen tanşyp bilerler. Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar muzeý gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýurdumyzda Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtap, BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz tejribe alyşmak, milli ruhy mirasy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek üçin Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik çärelerini giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer ýurdumyzyň senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, welaýatlaryň senagat düzümini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bar bolan çig mal serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işler durmuşa geçirilýär. 

Şeýle hem “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzüminde ýüňi gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň dokma senagatyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini belledi we iri pudaklaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly serişdeleri gönükdirýändigini nygtady. Milli Liderimiz senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak, uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşleriniň çykarylyşyny özleşdirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz pudaga gönükdirilýän maýa serişdelerini özleşdirmek, täze döwrebap kärhanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek, önümçilik düzümlerini ösdürmek işi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady hem-de bu giň möçberli işleriň ählisiniň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan doly we netijeli peýdalanylmagyna, şol sanda dokma pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. 

Soňra paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berildi. Häzirki wagtda 2015-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere laýyklykda, ýaşaýyş jaýlary abatlanyldy we abatlaýyş işleri dowam edýär. Elektrik geçirijileri döwrebaplaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. 

Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde dürli maksatly täze desgalary gurmak we bu ýerdäki edara-kärhanalaryň garamagyndaky binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar hem-de ýollaryň durkuny täzelemek boýunça taslama işleri ýerine ýetirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabyny ösdürmek we abadanlaşdyrmak meseleleri boýunça wise-premýerler B.Ereşowa we S.Toýlyýewe birnäçe tabşyryklary berip, meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow öz gözegçilik edýän söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işi, sergileri we maslahatlary yzygiderli guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra wise-premýer häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyny abadanlaşdyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak, şeýle hem birnäçe kärhanalaryň daşky durkuny abatlamak boýunça alnyp barylýan işler hakynla hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzyň Abadan etrabyny toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça ýaýabaňlandyrylan işleriň hiline yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hem-de wise-premýer P.Taganowa anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer 1941-nji-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurmak hakyndaky permanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. 

Ýurdumyzda uruş weteranlarymyza, tylda zähmet çeken watandaşlarymyza, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çäksiz hormat goýulýar. Döwletimiz olaryň saglygy we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýeňiş güni Türkmenistanda her ýyl uly ählihalk baýramy hökmünde bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan dabaraly ýagdaýda pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň umumy Ýeňşe saldamly goşant goşandygyny belledi. Türkmenistanlylar geljekki nesilleriň parahat we abadan durmuşy, bütin adamzadyň bagtyýar geljegi üçin beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip gaýduwsyz söweşip, deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň we edermenligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz söweşlerde wepat bolan ildeşlerimiziň atlarynyň minnetdar nesilleriň ýüreklerinde müdimilik ýaşajakdygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň mundan beýläk hem uruş weteranlary we tylda zähmet çeken watandaşlarymyz, şeýle hem urşuň yzynda galan zenanlarymyz barada hemmetaraplaýyn alada etjekdigini nygtap, degişli Permana gol çekdi hem-de bu resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabady mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzda täze desgalaryň gurluşygynyň, birnäçe edara jaýlarynyň we beýleki binalaryň durkuny täzelemek, şäheriň ulag we aragatnaşyk düzümini, inžener-tehniki ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynda döwlet gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň 123-sinde, Köpetdag etrabynda 108-sinde, Bagtyýarlyk etrabynda 90 desgada, Arçabil etrabynda 122 jaýda, Ruhabat etrabynda 22 binada durkuny täzelemek işlerine girişildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabady ösdürmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmäge we paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine ulgamlaýyn esasda çemeleşmegi talap etdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň aragatnaşyk, ýol-ulag we hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary ülňülere laýyk gelmelidigini belläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Onuň esaslandyryjylary hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy çykyş eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek we käbir döwlet kärhanalaryna ony esaslandyryjylar hökmünde paýly görnüşde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky degişli Karara gol çekdi. 

Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, etrabyň çäginde döwlet goruna degişli 1042 ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýändigi barada habar berildi. Çäreleriň kabul edilen meýilnamasyna laýyklykda, etrapda ýollary döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Wise-premýer gözegçilik edýän Balkan welaýatynda hususan-da, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berdi. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, bu ugurda Berkararlyk etrabynda geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, wise-premýere gurluşyk işleriniň bellenilen möhletleriniň ýerine ýetirilmegi hem-de olaryň hiline berk gözegçilik edilmegi babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy we sebitiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda hem-de ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda edilen işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Hasabat bermegiň barşynda tassyklanan meýilnama laýyklykda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynda energetika düzümine degişli desgalaryň, ýaşaýjy jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek hem-de täze binalary we desgalary gurmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň ýokary depgin bilen ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, geljekde-de giň gerimli şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýokary depginde işlemegiň möhümdigini hem-de häzirki wagtda bu maksatnamanyň çäklerinde senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köpsanly binalaryň we desgalaryň gurulýandygyny aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz desgalaryň ählisiniň göwnejaý hilli gurulmagyny üpjün etmek hem-de bulary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek bilen bagly meselelelere gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. 

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnaly neşir etmegiň meseleleri barada durup geçip, onuň bu ugurda ylmy maglumatlaryň alşylmagyna hem-de milli binagärligiň we gurluşyk pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň beýan edilmegine ýardam bermelidigini aýtdy hem-de neşiriň şanly senelere bagyşlanan ýörite sanlaryny çap etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyny abadanlaşdyrmak we degişli desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly M.Artykowa degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barylan işler, şeýle hem ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda şertnamalaýyn esasda birnäçe halkara kompaniýalary işleýär. Olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda guryýerde we deňizde uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunda, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ösüşi we netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýle hem şu ýylyň 22-nji aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň hukuklaryny we borçlaryny kadalaşdyrýan toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça Halkara bilermenler toparlarynyň nobatdaky halkara duşuşygyna gatnaşmaga görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. 

Bu duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2013-nji ýylyň maýynda geçirilen 67-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly kararnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan 2014-nji ýylyň dekabrynda Energetika Hartiýasynyň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatyň çözgüdine laýyklykda guraldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady we ýurdumyzyň mundan beýläk-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýelejekdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, dünýäniň energetika ýurdy bolmak bilen, Türkmenistan ägirt uly serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Şunda ýurdumyz bu ýörelgelerini ýangyç-energetika toplumynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugradylmagyna daýanýan syýasaty durmuşa geçirmek arkaly bu babatda anyk işleri alyp barýar. 

Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalaryna mynasyp goşant goşmak arkaly öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň deňeçerligine esaslanýan netijeli energetika gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we dünýä bileleşigi tarapyndan goldaw tapýandygyny nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamany kabul etmegi bu teklipleriň dünýäde örän ähmiýetli hasaplanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň onlarça döwletleri bu başlangyçlaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Hormatly Prezidentmiz bu barada aýtmak bilen, BMG-niň dünýäniň köp ugurly düzüm hakyndaky ähmiýetini belledi we onuň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň täze ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça halkara ylalaşygynyň gazanylmagynyň mümkindigini nygtady. 

Ýangyç-energetika toplumynda ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek arkaly Türkmenistan möhüm wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegini öňe sürýär. Aşgabatda şunuň ýaly maslahatlaryň birnäçesi boldy. Olaryň hatarynda geçen ýyl türkmen paýtagtynda Energetika Hartiýasynyň maslahatynyň hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň hukuk esaslaryny kadalaşdyrmagy ugur edinýjn täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparlarynyň birinji mejlisiniň bolandygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyz şeýle duşuşyklaryň möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýat bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçysyna ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan igşlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Welaýatlarynda we Paýtagtymyzda Täze Ýyl Arçalarynyň Yşyklary Nur Saçdy

turkmenhabargullugy

TÜRKMENİSTAN’DA ÖNEMLİ ULUSLARARASI İHALE

syrach

Önüminiň Hili Bilen Tanymal