Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda 10-njy sentýabrda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat bilen çykyş etdi.
18-nji awgustda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty üstünlikli geçirilip, onuň barşynda kanunlaryň taslamalarynyň 22-sine garalandygy we kabul edilendigi hem-de milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kararlaryň kabul edilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ony geçirmegiň meýilnamasy işlenip düzüldi, bu çäräni ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri çözülýär.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna birnäçe maslahatlary berdi.
Ýaşulular asyrlaryň dowamynda türkmen halky üçin asylly ýörelgeleriň hem-de pähim-paýhasyň nusgasydyr. Milli Liderimiz biz ýaşulularyň belent abraýyna sarpa goýýarys, olar bilen ýurdumyzyň durmuşynyň möhüm ähmiýetli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, baý durmuş tejribesini türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmagyň bähbidine peýdalanýarys diýip nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşar işler ministrliginiň işi barada hasabat berip, Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň şu ýylyň 24-25-nji awgustynda ýurdumza boljak resmi sapryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we oňyn halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen Ýewropanyň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigi nygtaldy. Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi sapary hem-de hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň awgustynda Bolgariýa bolan resmi sapary şol gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara topary döredildi we hereket edýär, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer-medeni gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.
Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi saparynyň maksatnamasynda belent mertebeli myhmanyň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygynda bolmagy we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, Aşgabat dokma toplumyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Aşgabatda geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şol resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkidier.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň ýakynda Owganystan Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde goňşy döwletler, şol sanda dostlukly Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny Owganystanyň halky bilen köp asyrlyk dostluk däpleri hem-de taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýar. Türkmenistan bu asylly däplere ygrarly bolmak bilen, goňşy ýurda durmuş-ykdysady we medeni taýdan dikeldilmeginde hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz owgan halkynyň parahatçylykly we abadan durmuş gurmak babatdaky tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldap, Owganystana elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy ýeňillikli bahadan iberýär, durmuş maksatly desgalary, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim maksatly desgalary gurýar, işgärleri taýýarlamaga ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, soňký ýyllarda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygy bellenildi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar muňa ýardam edýär. Häzirki wagtda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikler açylýar. Şu babatda bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.
Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek we geljek üçin meýilnamalar babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden gözbaş alýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp türkmen-bolgar gatnaşyklary barada durup geçdi we öňümizdäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Bu gepleşikler Bolgariýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyny geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belläp, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak we ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Mundan başga-da, iki ýurduň geografiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ulag ulgamynda, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän köp şahaly ulag-üstaşyr düzümi döretmek babatda özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri açylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gatnaşyklary baradaky meselä geçip, öňümizdäki ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Bu duşuşyk döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda täze möhüm ädim bolmalydyr. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi hem-de hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk we açyk gapylar syýasatyny durmuşa geçirýändigini belledi. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly ýol arkaly çözmek nukdaýnazaryndan çykyş edýändigini, owgan ykdysadyýetine we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýändigini nygtady. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri halkara forumlarynda beýan eden döredijilikli başlangyçlary, türkmen tarapynyň başyny başlan giň möçberli taslamalary, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant bolar we şunuň bilen birlikde, goňşy Owganystanda möhüm durmuş meselelerini, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda 2013-nji ýylda badalga alan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny mysal getirmek bolar. Geljekde bu polat ýol sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlarynyň möhüm bölegine öwrüler hem-de bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirkizaman ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk hem Owganystan bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrjakdygyny we ösdürjekdigini, halkara bileleşiginiň bu ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny, owgan halkyna ýakyndan goldaw hem-de zerur bolan ynsanperwerlik kömegini berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Owganystan Yslam Respublikasyna boljak resmi sapara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralarynyň işini kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde 2009-njy ýylyň awgustynda döwlet Baştutanymyzyň Karary arkaly tassyklanan gymmatly kagyzlar bazarynda ätiýaçlandyrmak babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu resminamalaryň täze nusgasy Türkmenistanyň Ätiýaçlandyryş hakyndaky, Gymmatly kagyzlaryň bazary hakyndaky Kanunyň, bu ulgamda hereket edýän halkara ölçegleriň, şeýle hem milli ykdysadyýetiň aýratynlyklary nazara alnyp taýýarlanyldy.
Bu işler 2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdurmegiň döwlet maksatnamasynda we 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň barşynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Ätiýaçlandyryş babatyndaky we gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe ulgamynyň durnuklylygyny we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edilen çäreleriň möhümdigini belledi. Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmegiň we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz hödürlenen resminamany oňlap hem-de Ätiýaçlandyryş babatyndaky we gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky Karara gol çekip, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi we üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek medeni çärelere, şol sanda milli baýramçylyklara hem-de ajaýyp wakalara bagyşlanan halkara ähmiýetli çärelere, şeýle hem ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Sentýabr aýynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, sergileriň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçiriljekdigi, şeýle hem döredijilik bäsleşikleriniň jemleriniň jemleniljekdigi bellenildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp orta mekdepleriň 23-siniň, çagalar baglarynyň onusynyň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň, çagalar awtoşäherjiginiň, şeýle hem iri söwda merkeziniň hem-de köp gatly awtoduralganyň açylyş dabaralary bolar. Arkadag seýilgähinde geçiriljek ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti baýramçylyk gününiň jemlenmesi bolar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Sport toplumynyň, Awaza etrabyndaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, Türkmenbaşy şäherinde bekre balygyny gaýtadan işleýän kärhananyň, Kongresler merkeziniň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi, Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanylmagy we medeniýet işgärlerine hormatly atlaryň dakylmagy mynasybetli giň möçberli dabaralar guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň hem-de halkara döredijilik çäreleriniň milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini we türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny açyp görkezmelidigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň özleriniň ýokary ussatlygyny görkezip, bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şol giň möçberli çäreler bolsa milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine, Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 19-njy awgustda badalga alan güýzlük bugdaý ekişiniň barha giň gerime eýe bolýandygy bellenildi. Ýerleri şüdügärlemek bilen bir hatarda, tekizleýiş, topragy gurplandyrmak işleri dowam edýär.
Şonuň bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda agratehniki çäreler alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär, ak altyn hasylyny kabul ediş harmanhanalarynyň 155-si we pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanylýar. Möwsümde awtoulaglaryň 3027-sini, traktorlaryň 2340-syny we traktor tirkegleriniň 3558-sini ulanmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň welaýatlarda gök we bakja önümlerini, kartoşka öndürmegiň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýan daýhan hojalyklary kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekki bol hasylyň ygtybarly binýadyny tutýan güýzlük bugdaý ekişini ähli agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde we ýitgisiz geçirmek üçin möwsüme göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. .
Hormatly Prezidentimiz ilaty öz ýurdumyzda öndürilen gök-bakja önümleri, kartoşka bilen doly üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreleriň möhümdigini nygtap, bu meseleler bilen baglanyşykly ähli işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzire çenli Ýer kadastrasyny düzmek, oba hojalyk kärhanalaryny ýerlerdäki ýagdaýlar baradaky maglumatlar bilen üpjün etmek, şeýle hem ýer böleklerini bölüp bermegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça işler tamamlanylmaýar.
Ýer serişdeleri gullugyny Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek, Oba hojalyk ministrliginiň düzümine bolsa beýleki degişli pudak edaralaryny, mysal üçin, Ekerançylyk ylmy-barlag institutyny girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe bu meseläni öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň
13-17-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oňa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri gatnaşar.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Onuň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizildi. Bu iri sport ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlykda halkara derejesindäki dürli çäreler guralýar. Geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Aziada-2017-niň Guramaçylyk komiteti bilen, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi. V Aziýa oýunlaryna Okeaniýanyň ýurtlarynyň 17-sinden türgenler gatnaşar. Şu ýylyň fewral aýynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň Aşgabatda geçirilen birinji mejlisiniň gün tertibine Aziada-2017-ä taýýarlygyň meseleleri girizildi.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek 34-nji Baş Assambleýasyna Aziýa we Okeaniýa sebitleriniň ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri, halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşar. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine Ýetiriji we Maliýe komitetleriniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň mejlisleri 15-16-njy sentýabrda geçiriler.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aziada-2017-diniň ýaryşlarynyň geçjek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama guralar.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, munuň ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň giňden wagyz edilmeginde, oňa ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň has-da möhümdigini aýtdy. Türkmenistanyň şeýle derejedäki ýaryşlary ilkinji gezek guraýandygyny belläp, Aziada-2017-ä we onuň bilen baglanyşykly ähli meselelere çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Bu ugurda degişli döwrebap düzümi dörertmek, türkmen türgenleriniň taýýarlygyny we ussatlygyny kämilleşdirmek üçin zerur şertleri üpjün etmek, netijeli halkara hyzmatdşlygyny işjeňleşdirmek boýunça makastnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, Aşgabady halkara sport merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Paýtagtymyzda köpugurly sport desgalaryna bildirilýän häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän Olimpiýa şäherjigi gurulýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyna ünsi çekip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýurdumyzda geçirmek baradaky ynamy munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şunda milli Liderimiz Aziýada-2017-niň Watanymyzyň halkara derejesindäki giň möçberli sport çärelerini guramaga ukyply döwlet hökmündäki abraýyny galdyrjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Aziiýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň Aşgabatda geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere bu möhüm forumuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we Aziada-2017-ä taýýarlyk bilen baglanyşykly ähli meseleleri öz wagtynda çözmek boýunça birnäça anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň içerki sarp edijilerinde tebigy gazyň peýdalanylyşyny kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda, şeýle hem edara-kärhanalarda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak, olaryň netijeli işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz topluma dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriň, täzeçil usullaryň we tehnologiýalaryň işjeň çekilmeginiň zerurdygyny belläp, bu işler bilen bir hatarda, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, ulgamda işleýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan karbamid öndürmek we ony eksport etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer ýurdumyzyň himiýa senagatynda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna mineral dökünleri öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy önümçilik pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi. Ýerli çig maly rejeli we netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli önümleri çykarmak üçin pudagyň ähli mümkinçilikleri bardyr.
Milli Liderimiz senagat strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, bu möhüm ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň oňyn usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz awtoulaglarda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda döwrebap ulag düzüminiň hem-de ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidigini belläp, bu pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de oňa iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işi barada hasabat berdi.
Wise-premýer şu ýylyň 17-18-nji awgustynda Mary we Lebap welaýatlarynda iş saparynda bolandygyny hem-de ýerlerde ýollaryň we köprüleriň, etrap elektrik beketleriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, etraplaryň elektroenergiýasy bilen üpjünçiligi, şeýle hem ýokary woltly täze elektrik geçirijileriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Wise-premýer elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçilik edilmeýändiginiň, elektrik energiýasyny bikanun ulanýan sarp edijileriň bardygynyň ýüze çykandygyny aýtdy. Energiýanyň howpsuz, netijeli we kanunalaýyk ulanylyşyna Türkmenistanyň Energetika ministriliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Döwletenergogözegçilik kärhanasynyň gözegçiligi amala aşyrýandygy bellenildi. Bu kärhanada guramaçylyk işleriniň üpjün edilmeýänligi sebäpli, öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilmeýär.
Netijede, döwlet elektrik beketleriniň birnäçesinde kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy.
Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynda ýurdumyzda şu ýylyň 27-29-njy awgusty aralygynda Türkmengurluşyk-2015 atly halkara sergisiniň we Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi atly maslahatyň geçiriljekdigi barada aýdyldy.
Sergide gurluşyk we jemagat hojalygy pudagy üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň giň görnüşleri, döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri, ylmy edaralar, mekdepler we çagalar baglary üçin ýörite enjamlar görkeziler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Şu ýylyň fewral aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny hem-de Mejlisiň Başlygyny ýörite karar bilen Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işlere jogapkär edip belledik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Emma ýarym ýylyň geçendigine garamazdan, paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklar talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär.
Ýokary gözegçilik edarasynyň soňky geçiren barlaglary etraplaryň hiç birinde hem işleriň göwnejaý alnyp barylmaýandygyny, kemçilikleriň wagtynda aradan aýrylmaýandygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerleri Aşgabat şäheriniň etraplary boýunça ýerine ýetirilmeli işler üçin jogapkärçilikden boşadýandygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini Aziýa oýunlaryna doly taýýar etmek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ähli işlere gözegçilik etmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň üstüne ýükledi.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ähli serişdeleri gönükdirilmeli, geçirilmeli işleriň anyk meýilnamasyny düzmeli, eger-de gerek bolsa, ähli pudaklaryň we welaýatlaryň gurluşyk edaralaryny, daşary ýurt kompaniýalaryny bu işe çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. 2016-njy ýylyň tomsuna çenli Aşgabat şäherini Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly taýýar etmeli, zerur bolan halatynda, abadançylyk işleri üçin goşmaça serişdeleri bölüp bermek meselesine garamaly diýip, döwlet Baştutanymyz anyk wezipäni öňde goýdy.
Hormatly Prezidentimiz ýene-de bir möhüm mesele barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Ş.Durdylyýewe «Täze zaman» obasynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini seljermegi we oňa gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Bu oba häzirki döwrüň binagärlik talaplaryna laýyk gelýän uly, döwrebap oba bolmaly. Şoňa görä-de, bu obanyň ýanynda ähli zerur gulluklary bolan, üpjünçilik ulgamlary we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilen edara ediş merkezini gurmaly. «Täze zaman» obasynyň ilat sanyny artdyryp, şäher ilatynyň sanynyň derejesine ýetirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Ahal welaýatynyň häkimi bilen bilelikde täze şäheriň derejesini kesgitlemek bilen bagly meseläni öwrenmegi hem-de bu şäheri nähili atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny kesgitlemegi, täze şäheri Derweze etrabynyň edara ediş merkezi hökmünde bellemek meselesine seretmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň energetika ministri G.Saryýewe ýüzlenip, onuň ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalara ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigini, soňky döwürde elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençlikleriň döreýändigini, ilatymyzdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryndan arza-şikaýatlaryň gelip gowuşýandygyny belledi.
Siz energetika ministri wezipesinde bir ýyldan gowrak wagt bäri işleýärsiňiz, şu döwürde işleri ýaramaz alyp barandygyňyz üçin size üç gezek käýinç yglan edildi. Emma, muňa garmazdan ministrligiň alyp barýan işi ýokarlanmaýar, şeýle hem maýa goýum meýilnamalary ýerine ýetirilmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýerlerde geçirilen barlaglarda köpsanly düzgün bozmalaryň bardygy ýüze çykaryldy, elektrik energiýasynyň sarp edilişine talabalaýyk gözegçilik ýola goýulmaýar, köpsanly hasaba alynmadyk elektrik energiýasyny bikanun ulanýan sarp edijileriň bardygy ýüze çykaryldy, bulardan başga-da, tehniki sebäplere görä, elektrik beketleri doly güýjünde işledilmeýär. Ýurdumyzda energiýa üpjünçilik we energiýa howpsuzlyk ulgamlary talabalaýyk işlemeýär.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçysynyň işde goýberen düýpli kemçiliklerini belläp, B.Saryýewi eýeleýän wezipesinden boşadýandygyny we bu wezipä ozal Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary bolup işlän D.Rejepowy belleýändigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow türkmen-eýran işewürler maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi. 19-njy awgustda geçirilen işewürler duşuşygyna Eýran Yslam Respublikasynyň gurluşyk we gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, maşyngurluşyk, nebitgaz we himiýa pudaklarynda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleriniň 120-den gowragy gatnaşdy.
Forumyň gün tertibine türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi, bilelikdäki kärhanalary döretmek we ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek baradaky anyk teklipler beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin esasda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurt bilen nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, suw hojalygy, elektroenergetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýtdy. Milli Liderimiz bilelikdäki ykdysady forumlaryň hem-de sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň, olaryň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhüm meseleleriniň ar alnyp maslahatlaşylmagynyň ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmegiň möhümdigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Bu aýdylanlar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak we olaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak bilen bagly meselä hem degişlidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Mysal üçin, häzire çenli daşary ýurt pulundaky serişdeleri tygşytlamak boýunça ýeterlik çäreler görülmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, ýurdumyza getirilýän gök önümleriň mukdarynyň azalman, eýsem, soňky döwürde köpelýändigi barada aýdyldy. Häzirki döwürde bolsa, ýurdumyza köp möçberde dürli görnüşli miwe suwlary getirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän bu içgileriň döwletimizde öndürilýän miwe suwlaryndan hiç hili tapawudy ýok. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşyndan getirilýän miwe suwlarynyň bahasy iki esse gymmat düşýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler P.Taganowa we B.Hojamämmedowa ýüzlenip, näme üçin bu meseläniň ýolbaşçylaryň üns mekrezinde durmaýandygy, içerki bazarymyzy goramak boýunça zerur çäreleriň görülmeýändigi bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz içerki bazarymyzy goramak üçin daşyndan getirilýän şeýle önümlere ýokary gümrük pajyny bellemegiň wajypdygyny nygtap, munuň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere bu meseläni seljermegi hem-de 10 günüň dowamynda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew ýurdumyzda geçiriljek halkara we döwlet derejesindäki giň möçberli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini, şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralarda tertip-düzgüni üpjün etmek maksady bilen ýörite taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanylan meýilnama giň möçberli baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk ugurlaryny öz içine alýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garady, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikller arzuw etdi.