Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we ýolbaşçylar bilen bagly käbir meselelere seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganowa söz berdi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz söwda pudagynda düzgün-tertibiň gowşadylandygyna, ýolbaşçylaryň arasynda, hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda parahorluk hadysalarynyň ýüze çykarylandygyna, hünärmenleri taýýarlamak işlerine ýeterlik üns berilmändigine, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigine ünsi çekip, P.Taganowyň özüne ynanylan wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi başarmandygyny aýtdy. Bu jogapkärli wezipelerde iki ýyldan gowrak wagtlap işlemek bilen, ol işleri göwnejaý derejede guramagy başarmady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz P.Taganowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadýandygyny yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny degişli derejede ýerine ýetirmändigi hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe hem berk käýinç yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine Batyr Atdaýewi belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de oňa Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Döwlet haryt çig- mal biržasyna, Söwda-senagat edarasyna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem B.Atdaýew Ahal welaýaty boýunça jogapkär edilip bellenildi.
Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine ozal Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Çary Gylyjow bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesine wise-premýer Ş.Durdylyýewi belläp, ony Ahal welaýaty boýunça jogapkärlikden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz işgärler boýunça ähli degişli resminamalara gol çekip, mejlisi dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. 2015-nji ýylyň esasy görkezijileriniň jemleri jemlenildi. Geçirilen makroykdysady seljermeleriň netijlerine laýyklykda, geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 106,5 göterim üpjün edildi. Şol sanda senagat pudagynda 103,1 göterim, gurluşykda 108,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 109,8 göterim, söwdada 110,4 göterim, oba hojalygynda 107,9 göterim hem-de hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterim ösüş gazanyldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,8 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijeleri hakyndaky maglumatlara laýyklykda, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.
Wise-premýer ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 100,2 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 88,2 göterim derejesinde bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň 111-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň
23-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we inženerçilik-tehniki ulgamyň desgalarynyň gurluşygy amala aşyryldy. Özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 156,9 million manada deň boldy.
Welaýatlaryň senagat pudagynyň esasy ösüş ugurlaryna laýyklykda häzirki döwürde 183 desga guruldy we 135-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Degişli kadalaşdyryş namany kämilleşdirmek maksady bilen, çäreler durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda güýje giren Sertifikatlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalara laýyklykda eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Milli Liderimiz ähli pudaklarda durnukly ösüş depginini saklamak üsin bar bolan kuwwatlyklary hem-de mümkinçilikleri amatly herekete girizmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň wajypdygyna üsni çekip, işleriň ýagdaýyna we makroykdysady görkezijilere yzygiderli seljermek geçirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz sertifikasiýalaşdyrmak ulgamynda Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine ünsi çekip, bazar gatnaşyklary şertlerinde bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, hususy pudagyň maýalaryny işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ägirt uly ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap, degişli Karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew
2016-njy ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri we Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy çykarmak, guýulary burawlamak, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek, awtomobil hem-de dizel ýangyjynyň polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizde nebitgaz toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudaklardaky ähli serişdeleri seljermegi, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny, gaýtadan işlenilişini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri herekete girizmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan-Owganystan-
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 105,4 göterime deň boldy. Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinde 106,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,9 göterime hem-de Türkmen atlary döwlet birleşigi boýunça 122,4 göterime babarar boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 14 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 1,7 göterim hem-de etiň öndürilişi 1 göterim ýokarlandy. Obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamany 164,1 göterim ýerine ýetirdiler.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gök we bakja önümleriniň öndürilişini, gaýtadan işleniş we eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Häzirki döwürde ýaz ekişine oba hojalyk tehnikalary we tohum taýýarlanylýar. Gowaça ekmäge niýetlenen ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp barýar. Agrotehniki kadalara laýyklykda sürüm geçirilen ýerlerde mineral dökünler bilen gurplandyrmak we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, suwdan netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilek ýeterlik derejede üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üsni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şu ýyl yssy hem-de örän gurak bolar. Hut şonuň üçin nem häzirki döwürde suw howdanlarynyň ýaglaýyny seljermek zerurdyr we olary suw bilen doldyrmak üçin zerur çäreler durmuşa geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ähli derýalary we akabalary arassalamak, çuňaltmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bol hasylyň esasy şerti bolan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hillii geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna, täze serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, tutuşlygyna alnanda bolsa, obasenagat toplumynyň ösdürilmeginiň girewi bolan ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynyň ösüşini häsiýetlendirýän görkezijileri beýan etdi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu döwürde öndürilen önümleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 127,5 göterime, ösüş depgini bolsa 109,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 105,5 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 116 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 101,2 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 102,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 112,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Nah matalaryň öndürilişi boýunça 103,7 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi boýunça 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenhaly döwlet birleşigi boýunça ýanwar aýynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy. Şol döwürde 3 müň 217 inedördül metr haly önümleri dokaldy.
Türkmenhimiýa döwlet konserni boýunça ýanwar aýynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 126,1 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 103 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,4 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 100 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 170,9 göterime deň boldy, şol sanda tutulan balyk boýunça 100,2 göterim, balyk we gaýtadan işlenip gaplanan balyk önümleri boýunça 118 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat kärhanalarynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenhaly döwlet birleşigine degişli kärhanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görkezmeleri berdi. Halyçylyk gadymy däplere esaslanýan pudakdyr. Bu pudak ýokary kämillik derejesine ýetirilen örän düşewüntli pudak bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen halylary halkymyzyň milli mirasydyr. Döwlet Baştutanymyz bu halylaryň asyrlaryň dowamynda halkymyza şan-şöhrat getirendigini, ýokary hilli halylarymyza hemişe guwanyp gelýändigimizi nygtap, haly önümlerini ýerlemek üçin degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda öndürilýän halylaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi
Aşgabat şäheriniň häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarda ýanwar aýynda öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,9 göterim ösüş gazanyldy.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň garamagyndaky kärhanalarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 521 million 540 müň manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Ösüş depgini 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 103,9 göterime deň boldy.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan ýanwar aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň 124,5 göterim derejede üpjün edilendigini, hem-de 102,4 göterim ösüş gazanylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 122,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar we ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 109 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyz boýunça elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüşi 100,1 göterime, eksportuň möçberi bolsa 106,6 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýanwar aýy üçin bellenilen meýilnama 113,9 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 110,8 göterim derejede üpjün edildi.
Türkmenawtoýollary döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 105 göterim ýerine ýetirildi we 106,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça giň möçberli şähergurluşyk işleriniň ýaýbaňlandyrmagynyň barşy barada habar berildi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde bina edilýän ähli desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagy we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň soňky ýyllarda çylşyrymly gurluşyk we inženerçilik taslamalarynyň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirip, häzirki wagtda uly iş tejribesini toplandyklaryny belledi hem-de bu işleri geljekde-de kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow jemgyýetçilik tertibiniň hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirlýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä çekdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagy netijesinde, käbir raýatlar birnäçe öýleri satyn alyp, olary kärendesine berýärler, emma häzire çenli bu mesele boýunça kesgitli bir düzgün ýok.
Döwlet Baştutanymyz IIM-niň, ýerli häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň ýolbaşçylaryna bu meselä jogapkärçiliksiz çemeleşýändikleri üçin düýpli nägilelik bildirip, öýleri kärendesine bermegi resmileşdirmek ulgamyny düzgünleşdirmegi hem-de ony kanunçylyk hukuk esasynda berkitmegi talap etdi. Şunda öýleri kärendesine alýanlaryň şol salgy boýunça wagtlaýyn ýazga durmalydygy, öýleri kärendä berýänleriň we olarda ýaşaýanlaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyk düzgünleriniň üpjün edilmelidigini, bu ugurda Döwlet salgyt gullugy bilen kanunda bellenilen tertipde sazlaşykly işiň alnyp barylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara binäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe, B.Hojamämmedowa içeri işler ministri I.Mulikow bilen bilelikde Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň tükellemesini geçirmegi, eger zerur bolsa, bu meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň degişli çözgüdiniň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer geçen aýyň birinji ongünlüginde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde köpsanly çäreleriň geçirilendiginiň habar berdi. Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda 2016-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi jemgyýetçilik, syýasy ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, şu mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Guramaçylyk komiteti döredildi. Şeýle hem ýylyň dowamynda geçiriljek şol dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Wise-premýer şu Meýilnama laýyklykda, ýanwar aýynyň dowamynda ýurdumyzda baýramçylyk duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilendigini aýtdy.
Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 41 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň 15 görnüşi neşir edildi. Haryt öndürmegiň meýilnamasy 128,7 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan teleradio ýaýlymlara berilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagy ugrunda ýurdumyzda geçirilýän çäreler baradaky habarlary, täzelikleri, gepleşikleri öz wagtynda halka ýetirmek ugrunda işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň, döwletimizde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek ugrunda işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler barada aýdyp, türkmen halkynyň baý milli medeni mirasyny wagyz etmek, ony düýpli öwrenmek boýunça köpugurly işleriň yzygiderli geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa, S.Toýlyýewe ýüzlenip, ýaşlarymyza halkymyzyň medeni mirasyny mekdep ýyllaryndan öwredip başlamagyň, soňra bu işi ýokary okuw mekdeplerinde dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nakyllar we atalar sözleri hem biziň baý milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Nakyllarda we atalar sözlerinde halkymyzyň asyrlarboýy toplan pähim-paýhasy jemlenendir. Ýurdumyzdaky gadymy ýadygärlikler hem medeni mirasymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýadygärliklere bütin halkymyz buýsanýar. Şonuň üçin hem, ösüp gelýän ýaş nesillere medeni mirasymyzy giňden öwretmek möhümdir, şu maksat bilen medeni mirasymyz, nakyllar we atalar sözleri gymmatly çeşme hökmünde orta we ýokary mekdepleriň okuw kitaplarynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynda geçen aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýylyň ilkinji aýynyň başlanmagy bilen, asylly däbe görä, okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsümine gabat gelen Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Dynç alyş döwründe çagalar üçin paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde baýramçylyk çäreleri, sahanalaşdyrylan çykyşlar, gyzykly gezelençler we dürli bäsleşikler guraldy. Gökderedäki we welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpe nesilleriň döwrebap dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Şeýle hem ýanwar aýynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynň halkara ders olimpiadalaryna gatnaşyp, 5 bürünç medaly eýeländigi barada habar berildi.
Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 15 görnüşi neşir edildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi we Türkmen diliniň orfografik sözlügi neşir edildi.
Wise-premýer bu neşirleriň okuwçylar, mugallymlar, talyplar, döredijilik işgäreri üçin häzirkizaman türkmen diliniň söz baýlygyny öwrenmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk hem-de önümçilik ähmiýetli tehnologik taslamalar işlenip taýýarlanyldy we önümçilige ornaşdyryldy.
Hasabat döwründe Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy bounça 7 desganyň gurluşygy alnyp baryldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 105 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we ýerlenen önümleriň görkezijisi 110 göterime deň boldy. Derman serişdelerini öndürmegiň möçberi 108 göterim, daşary ýurt walýutasynda alnan girdejiniň möçberi bolsa 102,6 göterim artdy.
Wise-premýer syýahatçylyk pudagynda alnyp barýan işleriň netijeleri barada hasabat berip, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan jemi girdejiniň 102,8 göterim ýokarlanandygyny, daşary ýurt walýutasynda alnan girdejiniň 106 göterim artandygyny belledi. Hasabat döwründe syýahatçylara hyzmat etmegiň ösüş depgini 101 göterime deň boldy.
Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň iki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine bu iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle hem bu meseleler geçen aýda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Aziada-2017-ä taýýarlygyň we öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmegiň barşynda Türkmenistanyň wekillleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparynda boldular.
Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 9-sy we köpçülikleýin sport çäreleriniň 5-si geçirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 5-sine gatnaşyp, 12 medal– 5 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal eýelediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň, olaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, degişli hünärmenler bilen üpjünçilik meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işleriň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz pudaklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine ünsi çekip, wise-premýerler S.Toýlyýewe we B.Hojamämmedowa güýz-gyş pasyllarynda hem syýahatçylary çekmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar aýynda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň edaralarynda alnyp barlan işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Bu toplumda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edilip, 104,9 göterime barabar ösüş gazanyldy.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 111,3 göterim berjaý edildi. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 115,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýolagçy gatnatmak boýunça bu görkeziji 102,9 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 100,9 göterime, ýük daşamak boýunça 100,6 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,2 göterime barabar boldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,4 göterim derejede boldy. Degişli döwürde 43,5 müň telefon nokady, şol sanda 39,8 müň öýjükli belgi we 3,7 müň ýerli telefon nokatlary gurnaldy. Şunda meýilnama 185 göterim ýerine ýetirildi. Oba milli maksatnamasyngy durmuşa geçirmegiň çäklerinde 142 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
Hasabat döwründe Türkmenhowaýollary döwlet milli gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125,7 göterime deň boldy. Ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça görkezijiler degişlilikde 117,4 göterim we 101,4 göterim derejesinde boldy.
Ýanwar aýynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,2 göterim boldy. Ýük dolanyşygy boýunça görkeziji 130 göterime, ýolagçy gatnatmak boýunça bolsa 112,7 göterime ýetirildi.
Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi üçin ýük wagonlaryny satyn almak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde häzirki zaman meýillerini hasaba almagyň, täzeçe çemeleşmeleri ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigini, şunuň bilen baglylykda, örän wajyp halkara ulag- üstaşyr geçirijisi hökmünde ýurdumyzyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Demir ýol ulaglary ministrligi üçin ýük wagonlaryny satyn almak baradaky Karara gol çekip, wise-premýer bu resminamanyň ýerine ýetirilmeginge berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ministrlik tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini nygtady.
Döwletimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 21-si Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 40-sy daşary ýurtlara ugradyldy. Şu döwürde Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler geçirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu ýylyň ýanwar aýynda şeýle geňeşmeleriň ençemesi geçirildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletara derejesinde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigini, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň 7-11-nji fewral aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa hem-de Awstriýanyň Wena şäherlerine gulluk iş saparlaryna ugradylýandygyny aýtdy. Bu saparlaryň dowamynda halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirilip, hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar hem-de degişli maksatnama serediler.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Ş.Meredowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakyndaky hem-de ony Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, M.Seýitmämmedow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenilip, ol ýurdumyzyň Türkiýedäki Baş konsullygynyň konsuly wezipesinden boşadyldy.
Milli Liderimiz şeýle hem resminamalaryň birnäçesine gol çekip, M.Dowdanowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşatdy we bu wezipä M.Öwezowy belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, A.Goçmyradow Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Konsullygynyň wise-konsuly wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň birinji aýynda milli parlamentiň alyp baran işi barada habar berdi. Hasabat döwründe Mejlisiň bir maslahaty geçirilip, onda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 9-sy kabul edildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, adam hukuklaryny, tebigaty goramak, ýerli häkimiýet guramalaryny pugtalandyrmak, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylýar.
Şu ýylyň 12-nji ýanwarynda deputatlar bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. Onuň netijeleri we konstitusion özgertmeleriň möhüm meseleleri Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň 2-nji fewralda geçirilen nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Deputatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämil görnüşini giň köpçülige düşündirmek, Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga hödürlemek işlerine girişdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýakyn geljek üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, onuň azatlyklaryny we erkinligini doly derejede saklamak häzirki döwrüň esasy meselesi bolup durýar.
Milli Liderimiz demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň gurluşy, kanunçylygy we tertip-düzgüni berjaý etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ykdysadyýeti, ylmy, bilimi we medeniýeti, şeýle hem ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş, raýatlyk edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmek babatda birnäçe möhüm meseleleri öňe sürdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini talaba laýyk dolandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri has köp öndürmegi ýola goýmaly, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmeli we bu ugurda kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegi dowam etmeli diýip, milli Lideriimz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwleti dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kabul edilen Oba milli maksatnamasynda şu ýyl göz öňünde tutulan işleri doly ýerine ýetirilmelidir, munuň özi biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biri bolmalydyr. Biz Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlgynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamaly, şoňa görä-de, ýubileý ýylynda ýurdumyzyň her bir şäherinde we obasynda täze desgalary açyp, ulanmaga bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Geçiriljek baýramçylyk çärelerini, täze gurlan binalaryň açylyş dabaralaryny Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriň belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň nyşany hökmünde, halkymyzyň hakydasynda hemişelik galar ýaly ýokary derejede geçirmeli.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.