Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijesine, resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem döwlet ösüşiniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milletiň Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bilen çykyş etmek üçin oňa gatnaşyjylara söz berdi. Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow guramaçylyk işiniň möhüm meseleleri hem-de milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygynyň golaýlaýandygyny we bu dabaralary ýokary derejede geçirmäge häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görülmelidigini aýdyp, biz uly işleri durmuşa geçirmelidiris diýip belledi. Bu babatda biziň paýtagtymyza gelýän myhimanlaryň mynasyp derejede kabul edilmegi möhüm ugurlaryň biri bolup durýar, şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhamedowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ähli myhmanhanalaryny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur bolan çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine, myhmanhanalarda myhmanlar üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmegine degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmegi ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri myhmanlary garşy almaga taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň utgaşdyrylmagy we bu ugurda ähli wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi bilen baglynyşykly meseleleriň hemmesini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berilýär. Ol türkmen döwletiniň daşary syýasat meseleleri, halkara giňişliginde, DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahaty we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň önümleriniň sergisi barada habar berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu iri ykdysady çärelere gatnaşmak üçin öz pudaklarynda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň sanawyna girýän iri amerikan konsernleriniň we kompaniýalarynyň 60-dan gowragy türkmen paýtagtyna ýygnandy. Munuň özi bu ýurduň işewürleriniň we maýadarlarynyň türkmen bazaryna, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Işewürler maslahatynyň çäklerinde amerikan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen, şol sanda nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri, söwda, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, ylym we bilim babatda netijeli gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Gepleşiklerde özara haryt dolanyşygynyň we önümleriň görnüşleriniň möçberlerini artdyrmak, dürli ulgamlarda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyklaryň barşynda ykdysady ösüşiň has möhüm ulgamlarynda özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi diýlip hasabatda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Türkmenistanyň mundan beýläk hem oňyn we netijeli halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge uly üns berjekdigini nygtap, ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, maýa goýum we gumanitar ulgamlarda Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady aragatnaşyklar babatda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerinden entek doly peýdalanylmaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri iri amerikan işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda serginiň we maslahatyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlarda maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyza iň täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň çekilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, amerikaly hyzmatdaşlar tarapyndan hödürlenen täze teklipleri içgin seljermegi we milli ösüşiň wezipelerine laýyklykda bilelikdäki işiň göz öňünde tutulan meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Parlamentiniň ýolbaşçysynyň habar berişi ýaly, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde möhüm kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň taslamalary taýýarlanyldy. Şol taslamalara 21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrlyşynyň onunjy maslahatynyň barşynda garalar.
Nygtalyşy ýaly, täze kanunlaryň taslamalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň jähetinden we döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýýan gaýra goýulmasyz wezipelerini nazara almak bilen işlenilip taýýarlanyldy. Kabul edilýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine we halkara kadalaryna hem-de ülňülerine laýyk getirmek meselesine aýratyn üns berildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk – hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň häzirki döwürde türkmen döwletiniň üstünlikli ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Kabul edilýän kanunlaryň ählisi döwletiň ösüşini üpjün etmek babatdaky oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň we agzybirliginiň has-da berkidilmegine, onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrmagyna gönükdirilmelidir. Şunuň bilen birlikde deputatlar ýerine ýetiriji häkimiýet edarlary bilen bilelikde özleriniň okruglarynda durmuş-ykdysady meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam etmelidir diýip, milletiň Lideri belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary T.Japarow degişli pudaklardaky işleriň ýagaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna “Halkara pul gaznasynyň we Bütin dünýä bankynyň Şweýsar toparyna girýän ýurtlardan dolandyryjylaryň aralyk duşuşygyny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasarynyň bellemegine görä duşuşyga abraýly halkara maliýe düzümleriniň Şweýsar toparyna girýän ýurtlaryň 60-a golaýynyň wekilleri gatnaşar. Bu wekilçilikli duşuşygyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolup durýandygyny görkezýär. Milletiň Lideriniň Baştutanlyk etmeginde ýurdumyz gysga döwürde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň reýtinginde berk ornaşdy hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryna gatnaşygyny giňeltmek babatda bildirýän gyzyklanmasy has-da artdy.
Döwlet Baştutany hasabaty kanagatlanma bilen diňläp, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ýagdaýda ösdürilmegi boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri ýurdumyzda maliýe-ykdysady taýdan oňaýly ýagdaýy saklamak boýunça esasy wezipeleri çözmek ugrundaky işi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp, geçiriljek duşuşygyň möhüm ähmiýetlidigini nygtady. Milletiň Lideri sözüni dowam edip, bu duşuşygyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hemmetaraplaýyn we yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, halkara derejesinde wajyp ähmiýetli we uly möçberli taslamalar üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen ulanmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany Kararyň hödürlenen taslamasyny umuman oňlap, resminama gol çekdi hem-de agzalan duşuşygy göwnejaý guramak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Taslamalary düzülýän, gurulýan ýa-da ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm ähmiýetli binalarda we desgalarda işleriň barşy barada habar berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly möçberli, il-ýurt bähbitli özgertmeleriň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşi, adamlaryň döredijilikli zähmeti, göwnejaý ýaşaýşy we dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine önjeýli goşant goşmakdan ybarat bolan jogapkärli wezipäniň ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň öňünde durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip, ýurdumyzda ýollary ýokary derejede abadanlaşdyrmak we gurmak bilen bagly işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, olary ulanmak üçin göwnejaý, görkli, türkmen tebigaty bilen sazlaşykly ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk senesi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler D.Orazowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe paýtagtymyzyň möhüm ähmiýetli ulag ýollaryny, şäherleriň köçelerini, olaryň gyra ýakalaryny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň amala aşyrylmagnyň üpjün edilmelidigini aýdyp, ähli binalaryň we desgalaryň baýramçylygyň belent ruhuna kybap bolmalydygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Medeniýet we habar beriş serişdeleri boýunça ýöredilýän döwlet syýasatyna degişli meseleler barada hasabat berdi. Wise-premýer iýun aýynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada, şeýle hem 18-20-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günlerine taýýarlyk görmek barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen medeniýetiniň doganlyk ýurtda geçiriljek Günleriniň medeniýetara gatnaşygy işjeňleşdirmek, halkara döredijilik alyş-çalyşlarynyň täze ýollaryny äşgär emek, daşary ýurtda türkmen halkynyň baý döredijilik mirasy we ýurdumyzyň döwrebap milli sungaty bilen giňden tanyşdyrmak bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Batutany sözüni dowam edip, şunuň ýaly çäreleriň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleriniň diňe bir dostlugyň we sungatyň baýramçylygy bolmak bilen çäklenmän, halklaryň we döwletleriň arasynda köňül gatnaşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän hyzmatdaşlygyň we özara peýdaly gatnaşyklaryň mukaddes köprüsine öwrülmelidigini aýtdy.
Şeýle hem türkmen Lideri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleriň we baýramçylyk dabaralarynyň guralmagyna degişli görkezmeleri berip, bu wezipäniň berjaý edilmegine şu günden örän jogapkärli we çynlakaý çemeleşilmegini tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň biziň özygtyýarly ata Watanymyzyň şanly senesiniň bezegine, halkymyzyň zähmet ýeňişleriniň we üstünlikleriniň, ýurdumyzyň ösüşiniň we rowaçlygynyň ýolunda gazanan üstünlikleriniň joşgunly senasyna öwrülmelidigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol 25-26-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň II halkara gaz kongresine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda halkara gaz kongresiniň her ýyl geçirilýändigini, munuň bolsa ýurdumyzyň ähliumumy energetika bazaryndaky ornunyň we ähmiýetiniň barha artýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Türkmenistan tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek baradaky möhüm wezipäni tapgyrlaýyn çözüp iri düzümleýin taslamalaryň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirýär. Şol taslamalarda Owganystanyň, Paksitanyň, Hindistanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň energetika bazarlaryna göni çykmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň senagat mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň ähliumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşandyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda balyk önümçligini artdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, Esenguly etrabyndan Ahal welaýatyna geçiriljek balygy gaýtadan işleýän önümçilik toplumy ýaly ýene bir kärhana “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda gurulsa, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz kölüň boýunda şunuň ýaly kärhananyň gurulmagy, onuň kenaryny özleşdirmek, daşky gurşawy gowulandyrmak üçin amatly şertleri döreder, şeýle hem balyklaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge we balyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedowa söz berildi. Ol öz hasabatynda ýurdumyzyň ekrançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berdi. Şeýle hem hasabatda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwürde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleriniň tamamlanyp barýandygy, galla kombaýnlarynyň we ýük awtoulaglarynyň taýýarlyk hataryna çykarylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygy pudagynda geçirilýän oňyn özgertmeleriň ýokary netije berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň bol hasyl ösdürip ýetişdirendiklerini nygtady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gallanyň oragyna girişmäge ak pata berdi. Döwlet Baştutany il içinde sylanýan, abraýly ýaşulular asylly däbe görä, “bissimilla” diýip ýerlerde bu möwsümi başlap berseler maksada laýyk bolar diýip belledi we gallaçylarymyza “Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar” diýip, olara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berip, daýhanlar bilen özara hasaplaşyga aýratyn üns bermelidigini aýtdy. Gallaçylaryň zähmet haklarynyň öz wagtynda we bökdençsiz berilmeginiň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu işiň ähli halk işidigini, merdana halkymyzyň rysgal-berekedini meýdanlardan ýygnap almak üçin her bir türkmenistanlynyň işjeň gatnaşmalydygyny, her kimiň öz işleýän pudagy boýunça bu işe ýardam bermelidigini aýratyn nygtady. Milletiň Lideri türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgesine, durmuş dessuryna laýyklykda, gallaçylarymyzyň armasyny ýetirip durmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bar bolan tehnikalaryň gije-gündiziň dowamynda bökdençiz işledilmegini, bu jogapkärli işe ökde mehanizatorlaryň çekilmelidigini belledi we galla oragyny üstünlikli geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler hem-de tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow özüniň gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda geçirilýän işler, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, şu gün Aşgabatda geçirilýän dabara barada hasabat berdi. Bu dabara gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekilleri paýtagtymyza geldiler. Wise-premýer şeýle hem ýakynda ulanylmaga beriljek saglygy goraýyş desgalarynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini işjeň ulanmagyň esasynda ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda syýahatçylygy we sporty ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Bu meseleler Türkmenistanyň döwlet sýyýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz şanly waka – Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 20 ýyllygyna ünsi çekip, bu birleşigiň biziň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde bu birleşigiň işi Türkmenistanyň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk baý taryhy – medeni mirasyny we onuň täze taryhy eýýamda gazanýan ajaýyp üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýär diýip milletiň Lideri aýtdy. Biz geljekde hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugarlarynyň biri hökmünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine uly üns bereris diýip hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ulanylmaga tabşyryljak saglygy goraýyş desgalary barada aýdyp, olarda işiň ýokary hil derejesinde bolmalydygyny, dünýä ülňülerine laýyk alnyp barylmalydygyny hem-de açylyş dabaralarynyň saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärleri we ähli halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrülmelidigini aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsini taslama kuwwatlygyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça giň möçberli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ulag toplumynyň möhüm ornunyň bardygyny belläp, howa, demirýol awtomobil we suw ulagy kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagynyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan sebitleýin we halkara ulag ugurlarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmak bilen, halkara ulag ugurlaryny, şol sanda raýat awiasiýasy we deňiz ulagy pudagyndaky ugurlary ösdürmegiň bar bolan mümkinçiliklerini has doly we netijeli işe girizmek baradaky wezipeleri kesgitledi we şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.
Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsiniň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demirýol gatnawlarynyň Türkmenistanyň içinde bolşy ýaly, halkara ugurlar boýunça onuň ykdysady netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini belledi we demirýol ulgamyny kämilleşdirmek sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmek üçin kuwwatlyklaryň biri bolup durýar diýip aýtdy.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary O.Gurbannazarow dokma pudagynda, haly önümçiliginde, söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we Söwda-senagat edarasynyň işi barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň çäklerinde wise-premýer her ýylda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmegiň barşy barada aýtdy.
Döwlet Baştutany dokma pudagynyň milli ykdysadyýetiň oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan ulgamlarynyň biri bolup durýandygyny hem-de munuň pudagyň sazlaşykly ösüşine we Türkmenistanyň dokma önümlerini uly möçberlerde öndürýän ýurtlaryň arasynda eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam edýändigini belläp, dokma fabriklerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Milletiň Lideri geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler barada durup geçip, tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan türkmen halylarynyň milli buýsanjymyz we halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolup durýandygyny aýtdy. Halyçylygy ösdürmek we bu sungaty giňden wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna goşulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän haly fabrikleri gurulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň geljekde-de halyçylygyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän beýleki el hünärleriniň ösdürilmegine we halyçy zenanlarynyň zähmeti üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berjekdigini aýdyp, ähli baýramçylyk çäreleriniň göwnejaý guralmagynyň, olaryň uly dabaralara beslenmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Mejlisde Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew çykyş edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senäniň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, baýramçylyk dabaralarynyň ählisine, şol sanda paýtagtymyzda ýurdumuzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň gatnaşmagynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Milletiň Lideri bu dabaraly ýörişde şöhratly ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerýän hem-de häzirki wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanalaryny, dogduk diýarymyzyň parahatlygyny we asudalygyny berk goraýan türkmen serkerdeleriniň we esgerleriniň ýokary ussatlygynyň we ezberliginiň görkezilmelidigini aýtdy hem-de Ý.Berdiýewe beýleki harby düzümleriň degişli ýolbaşçylary bilen bilelikde amala aşyrylmaly işler barada anyk tabşyryklary berdi. Şonda döwlet Baştutany Türkmenistanyň amala aşyrýan harby doktrinamsynyň diňe goranyş häsiýetlidigini belläp, milli Ýaragly Güýçleriň ähli kuwwatynyň parahatçylykly maksatlara, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň, türkmen halkynyň bagtly we abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutany iýun aýynda ýurdumyzda geçiriljek möhüm çäreler barada durup geçip, mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Çagalary guoramagyň Halkara gününiň bellenilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti şu barýamçylyk mynasybetli ajaýyp Gökdere jülgesinde durmuşymyzyň güli bolan çagalar üçin niýetlenip gurlan täze sagaldyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegine ykjam taýýarlyk görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Daşoguzda häzirki döwrüň talaplaryna laýklykda gurlan welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň açylyş dabarasy bolar. Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, milletiň Lideri ýörite taýýarlanan maksatnama laýyklykda iýunyň ahyrynda başga-da birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. Şeýlelikde, döwlet Baştutany indiki aýyň dowamynda möhüm ähmiýetli ençeme wakalaryň boljakdygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara geçiriljek çärelere berk taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede guramak we geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, degişli resminamalara gol çekdi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk hem-de işde we öňde goýlan möhüm ähmiýetli wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm