9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri, şeýle hem käbir wajyp resminamalaryň taslamalary girizildi. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri-de çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze, 2014-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi we täze sepgitlere ýetmegi, halkymyzyň asuda we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we maliýe-ykdysady ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ministrliklerde we pudak edaralarynda şu ýylyň 25-nji dekabryna çenli dekabr aýy üçin zähmet haklarynyň berilmelidigi hakynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi. Wise-premýer hasabatyň çäklerinde Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň bazarlarynda satylýan harytlaryň we azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýagdaýyna gözegçiligiň amala aşyrylyşy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleleriň, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2013-nji ýylyň jemleri boýunça makroykdysady görkezijiler baradaky maglumatlary taýýarlamagyň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu jähetden wise-premýere birnäçe tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegine we halkymyzyň abadançlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary, baýramçylyk günlerinde tele we radio ýaýlymlardaky gepleşikleriň many-mazmuny, paýtagtymyzda, şol sanda ýurdumyzyň “Älem” medeni dynç alyş merkezinde Täze ýyl mynasybetli geçiriljek esasy dabaralaryň maksatnamasy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda A.Garajaýewi medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine, A.Kakaýewi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli ähli dabaralaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, medeniýet edaralarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şadyýan we şowhunly ýagdaýyň döredilmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise çagyrylan Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi, ol demirgazyk welaýatdaky işleriň ýagdaýy we Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy baradaky aladanyň türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, şol wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz durmuş ulgamyna degişli meselelere elmydama üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, häkime Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň göwnejaý derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz mejlise çagyrylan Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabatyny diňledi, ol welaýatda amala aşyrylýan işler, barada hasabat berdi. Şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyga – Täze ýyla taýýarlyk görmegiň barşy barada geçirilen işler we ilaty gaz, agyzsuwy, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetldi medeni-köpçülikleýin çäreleriň göwnejaý derejede guralmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan Ahal, Balkan, Lebap welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, Täze ýyly mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmek hem-de baýramçylyk dabaralaryny we medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin ähli şertleri döretmek babatda olara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzümleriniň we aragatnaşyk ulgamynda ýokary tehnologiýalar usullarynyň kemala gelmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň üýtgewsiz şerti bolup durýandygyny nygtamak bilen, bu babatda iň täze tehnikanyň, enjamlaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň we giňden ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş hem-de beýleki ulgamlarda daşary ýurtlaryň ylmy-tehniki gazananlarynyň öwrenilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere 2014-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygy hakynda degişli karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, senagatyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny berkitmek, hususan-da, himiýa senagatynyň kuwwatlylyklaryny artdyrmak, mineral dökünleri öndürmek boýunça kärhanalary gurmak babatdaky toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň hasabatyny diňläp, halk hojalygynyň hajatlaryny üpjün etmek üçin mineral dökünleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň ýurdumyzyň senagatynyň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen milli parlamentiň täze düzüminiň saýlawlarynyň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň ýigrimi üçünji maslahatynyň jemleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, geçirilen saýlawlaryň häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan we Türkmenistanda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty barada durup geçip, oňa taýýarlyk görmek we geçirmek babatda anyk teklipleri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi, ol ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hem ýangyna garşy göreş gullugynyň düzümleriniň ähli ýerlerde netijeli işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, ministre IIM-niň garamagyndaky ähli düzümleriň alyp barýan işlerini berk gözegçilikde saklamak we olaryň öňlerinde goýlan degişli möhüm wezipeleri talabalaýyk çözmegi üpjün etmek barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz däp boýunça Täze ýyly mynasyp derejede garşylamak boýunça bellenen çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ministre degişli tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler we özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen bagly ähli meselelere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, şol ýolbaşçylaryň her birine anyk tabşyryklary, şol sanda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülmegine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, tamamlanyp barýan 2013-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgajyk häsiýetlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň ýanwar aýynyň başynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçiriljekdigini aýtdy. Şol mejlisde 2013-nji ýylyň jemlerine we täze ýylda öňde durýan wezipelere jikme-jik serediler.

Şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 48 mejlisi, dürli meselelere bagyşlanan 16 maslahaty we 41 sany wideoşekilli iş maslahaty geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bulardan başga-da, geçen ýylyň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 14 mejlisi guramaçylykly geçirildi. Mejlislerde we maslahatlarda köp sanly möhüm syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dogry hem-de hemmetaraplaýyn çözgütleri kabul etmegi, biziň sazlaşykly, tutanýerli we maksada okgunly işlemegimiz, başlan özgertmelerimizi mähriban halkymyzyň giňden goldamagy ähli meseleleri oňyn çözmäge bize mümkinçilik berdi.

Şoňa görä-de, biz şu ýylyň dowamynda köp sanly işleri amala aşyrdyk we möhüm meseleleri çözmegi başardyk diýip, milli Liderimiz belledi. Biz 2013-nji ýylda göz öňünde tutan işlerimiziň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik. Şoňa görä-de, biz öňümizde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça nobatdaky möhüm ädimi ädip, Täze – 2014-nji ýyla oňat mümkinçilikler we uly üstünlikler bilen gadam basýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara gatnaşyklarynda Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn şertleri döretmäge uly goşant goşdy we bu işlere öz mynasyp goşandyny goşmagyny dowam edýär. Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylyň uly üstünliklere beslenendigini, oňat ýyllaryň biri bolandygyny belledi.

Şenýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul etdildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemlemek bilen, bu ýere ýygnananlary Täze – 2014-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25-Ýyllygyna Bagyşlanan Neşirleriň Tanyşdyryş Dabarasy

Türkmenistanyň Topary Ýene Bir Bürünç Medaly Gazandy

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Baýragy Gowşuryldy

turkmenhabargullugy