Moskwada “Altyn güýz-2014” atly obasenagat sergisi öz işini tamamlady. Sergä GDA ýurtlarynyň sergileri bilen birlikde türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramaçylyk taýdan ýardam bermegi bilen, Russiýa Federasiýasynyň çägindäki bu giň gerimli oba hojalyk sergisine Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine degişli kärhanalar, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Russiýanyň ähli sebitlerinden we köpsanly daşary ýurtlardan oba hoajlygynyň we azyk senagatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu uly forum hakyky hasyl baýramyna goşuldy. Biziň milli diwarlyklarymyz hem bu sergä güneşe baý sahawatly türkmen topragyna mahsus bolan ajaýyp öwüşginleri çaýdy.
Şonda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa önümler hem-de şolardan taýýarlanýan dürli görnüşli harytlar görkezildi. Aýratyn-da, türkmen gawunlary, şeýle hem süýji garpyzlar, ýurdumyzyň çakyr öndürýän senagatyna degişli aňrybaş önümleri içgin gyzyklanma döretdi. Balyklardan öndürilýän dürli görnüşdäki önümleriň ýerleşdirilen diwarlyklarynyň ýanynda ýygnananlar hem az bolmady. Munuň özi, ilkinji nobatda, türkmen suw howdanlarynyň we Hazar deňziniň ekologiýasy bilen şertlendirilendir.
8-nji oktýabrda açylan serginiň işiniň barşynda azyk önümleriniň gyzgalaňly söwdasy hem guraldy. Bu ýere moskwalylaryň we Russiýanyň paýtagtynyň myhmanlarynyň ýüzlerçe müňüsi gelip gördi. Obasenagat toplumynyň dürli ulgamlarynyň hünärmenleri işewürlige degişli çärelere hem gatnaşdylar. Şonda hyzmatdaşlyga degişli anyk meseleler, senagat taýdan birleşmek hem-de önümleriň, enjamlaryň dürli görnüşlerini ibermek, tejribe, ylmy taýdan gazanylanlary we tehnologiýalary alyşmak boýunça maslahatlar, “tegelek stollaryň” başyndaky duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.