«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleriniň gözleg işleri Balkan welaýatynyň Barsagelmez ýatagynda täze nebit gorlarynyň üstüniň açylmagyna getirdi. 435-nji gözleg guýusy burawlananda 4548-4551 metr, 4563-4566 metr çuňlukdan kuwwatly nebit akymy alyndy. Deslapky maglumatlar boýunça guýynyň bir gije-gündiziň dowamyndaky akymy nebitiň 129 tonnasyna deň boldy.
«Türkmennebit» döwlet konserninde TDH-a habar berişleri ýaly, Türkmenistanda uglewodorodlaryň täze senagat gorlaryny artdyrmak boýunça işleri konsern geologiýa-gözleg işlerini ösdürmegiň tassyklanan maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet konserni Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde nebitgazly täze ýataklaryň mümkinçiliklerine baha bermek boýunça işler bilen birlikde öňden bäri işlenip taýýarlanylýan ýataklaryň çuň gatlaklarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirýär.
Barsagelmez ýatagynda nebit gorlarynyň tapylmagy hünärmenlere onuň geljeginiň uludygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde üsti açylan aşaky gatyň dykyzlygy suwuk uglewodorodlaryň çykarylýan möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda ýatakda «Nebitgazylmytaslama» instituty gatlagyň parametrlerini öwrenmek we gazyp almak mümkinçiliklerini ýüze çykarmak maksady bilen barlag işlerini geçirýär.
Barsagelmez ýatagy eýýäm häzir Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylmagyna öz uly goşandyny goşýar. Täze nebitgaz ýataklaryň abadanlaşdyrylmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda 30-a golaý ýatagy ulanýarlar. Işläp taýýarlamagyň duürli tapgyrlarynda bolan şol ýataklar 600-den gowrak nebit, nebitgaz we gaz ýataklaryny özünde jemleýär. Ýakynda abadanlaşdyrylan we ulanmaga berlen ýataklaryň arasynda Çekişler, Garadurun, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije we beýleki ýataklar bar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm