Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Konnektikut ştatynyň Nýutaun şäheriniň Sendi-Huk başlangyç mekdebinde bolup geçen elhenç atyşygyň netijesinde, aglabasy çagalar bolan 28 adamyň gurban bolmagy zerarly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama gynanç hatyny ýollady.
Türkmen döwletiniň Baştutany öz hatynda gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.