Döwlet Baştutanymyz asylly däbe görä, ýazky bag ekmek möwsümine badalga berip, ilkinji agaç nahalyny oturtdy. Ministrler Kabinetiniň agzalary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň köp sanly raýatlary—uly- kiçi hemmeler, tutuş halk köpçüligi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekdiler. Bu asylly däbe eýerip, her kim buýsanç bilen ählihalk ýowaryna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz anna güni geçirenTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzda umumydöwlet derejesinde amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasynyň, ozaly bilen daşky gurşaw abadançylygy, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri öňümizdäki ýowar güni diňe bir boş meýdanlary bagy-bossanlyga öwürmek meselesine däl, eýsem, ilatly ýerleriň golaýynda hem täze bag ýaýlalaryny döretmek meselesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýakynda paýtagtymyzyň demirgazygygynda ulanmaga berlen “Altyn asyr” gündogar bazarynyň ýanynda bag nahallaryny ekmegi teklip etdi. Şonuň üçin hem ir säher bilen ählihalk ýowaryna gatnaşýan köp sanly adamlar şu ýere bag ekmäge ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu ýerde ýurdumyz boýunça giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bag ekmek möwsümine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde türkmen tebigatynyň özboluşly ösümlik dünýäsi barada ýanyndaky egindeşlerine täsirli gürrüň berdi. Mukaddes türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň biri Garagum sährasyna mahsus sazak, gandym, çerkez ýaly halkymyzyň hakydasyna ornan çöl ösümliklerini köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek barada wise-premýer M.Akmämmedowa degişli tabşyryklary berdi.
Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen bütin ýurdumyzy gurşap alan bag ekmek çäresine halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy oňa özboluşly çuň mazmun çaýýar. Döwlet Baştutamyzyň belleýşi ýaly, şeýle çäreler hakyky zähmet baýramçylygyna öwrülip, ählihalk ruhubelentligini hem-de jebisligini beýan edýär. Çünki öz ene topragyňy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek bilen, ata-baba arzuwyny hasyl etmek ýaly asylly işden möhüm zat ýokdur.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça sahawatly başlangyjy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda bütin ýurdumyzy gurşap alan ägirt uly işleriň anyk ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow “Altyn asyr” gündogar bazarynyň töweregini bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzdan çar tarapa uzaýan ýollaryň, hususan-da, Aşgabadyň daşyndan halkalaýyn geçýän ýoluň boýuny, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde geljekde meýilleşdirilýän gurluşyklaryň taslamalary bilen döwlet Baştutanyny tanyşdyrdy.
Milletiň Lideri görkezilen taslamalarda bellenen çäreleriň ählisi bilen içgin tanşyp, paýtagytmyzyň demirgazygyndan çar ýana uzaýan ýollaryň gurluşygynda, olary abadanlaşdyrmakda döwrebap usullary ulanmagy, ýanaşyk ýerlerde ýaşyl zolaklaryň, bag ýaýlalarynyň, dynç almak üçin niýetlenen ýerleriň we tutuşlygyna sazlaşykly bagy-bossanlygyň döredilmegi baradaky meseleleri jikme-jik öwrenmegi we çözmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanyşmagynyň barşynda wise-premýer D.Orazowa Aşgabadyň daşyndan halkalaýyn geçýän aýlaw ýolunda işleri ýokary derejede alyp barmak, ony dünýä ülňülerine laýyk guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Mydama halkyň aladasy bilen ýaşaýan hormatly Prezidentimiz şol ýerde hökümetiň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa täze “Altyn asyr” gündogar bazarynda halka hyzmat edilişiniň derejesini türkmene mahsus milli dessurlar, ýörelgeler bilen utgaşdyryp barha ýokarldandyrmak, bazaryň söwda işini satyjy bilen müşderiniň gündogarda gadymdan gelýän köňül sazlaşygy esasynda döwrebap guramak hakynda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz egindeşlerine türkmen bazary barada beren gyzykly gürrüňleri halkymyzyň gadymdan gelýän söwda etmek, bazar gatnaşyklary hakyndaky täsirli söhbete syrygyp gitdi. Satyjy hem alyjynyň arasyndaky gatnaşyklaryň söwdanyň erkin alnyp barylmagy bilen bu bazar geljekde has hem giňär hem-de türkmeniň bereket bolçulygynyň aýdyň nyşany bolar. Milli Liderimiziň belleýşy ýaly, şu wagtky ekýän baglarymyz tiz wagtda ösüp, ulalyp, bu töweregiň görküni artdyrmak bilen, bazara ajaýyp öwüşgin çaýyp, salkyn saýalary bilen geljekde adamlara uly peýda berer.
Görnüşi ýaly hormatly Prezidentimiz giň ýaýlada-da ýowara gatnaşmak bilen, döwlet ähmiýetli meselelere ünsi çekip, il-gün bähbitli işleri hemişe bolşy ýaly ileri tutýar. Hawa, Türkmenistany gülläp ösýän baglyga öwürmek boýunça işler dowam edýär. Bagy-bossanlyga büremegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň ýol-ýörelgeleriniň biri hökmünde ileri tutulýar. Ol öňdebaryjy tejribä, täze tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplere daýanýar. Ekologik maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşdyrmak arkaly sagdynlaşdyrmaga hem-de sözüň doly manysynda ýurdumyzy gülläp ösdürmäge gönükdirilendir.
Biraz salymdan hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.
referans: www.turkmenistan.gov.tm