9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňişiň 70 Ýyllygy Mynasybetli Moskwada Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

9-njy maýda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady, bu ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Üç ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň “Wnukowo-2” Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Kremle tarap ugrady. Bu ýerde, Tugraly zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar. Iki ýurduň liderleri dostlarça salamlaşýarlar, soňra olar ýadygärlik surata düşýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa gelen belent mertebeli myhmanlar – döwlet we hökümet baştutanlary bilen Kremlden Gyzyl meýdandaky merkezi münbere tarap ugraýarlar.

Türkmen halky beýik Ýeňişe uly goşant goşdy. Gazaply uruş ýyllary türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki halklar bilen egin-egine berip, janyny aýaman söweş meýdanlarynda edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, häzirki wagtda onuň gahrymançylykly durmuş ýoly türkmen ýaşlyry üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we kasama wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

 

Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen harby ýöriş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Wnukowo-2” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Degişli makalalar

TÜRKMENISTAN DAŞARY ÝURTLY

syrach

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Türkmenistanyň Halkara Žurnalistika Fakulteti

syrach