Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň saparynyň ilkinji güni Türkmenbaşy şäherinde geçdi. Premýer-ministr şol ýerde Halkara deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler we onuň geljekki ösüşi bilen tanyşdy. Şeýle hem belent mertebeli myhman sebitiň iri senagat kärhanasy bolan we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň giň görnüşlerini öndürýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördi.
Şu gün irden belent mertebeli myhman kaşaň Oguzkent myhmanhanasynda özi üçin berlen kabulhanasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan köşkler toplumyna ilçileri kabul edýän köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda Bolgariýanyň hökümet Baştutanyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanymyz we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri dostlarça görşüp, haly düşelen ýoda bilen Köşgüň eýwanyna geldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Boýko Borisowy köşgüň
Bugdaý zalyna çagyrdy. Şol ýerde ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Bolgariýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bolgariýa Respublikasy bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukukly esasda we gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalara daýanmak arkaly ýola goýulýan dostlukly hem-de özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Öz gezeginde, Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýyl belleniljek dabaralar bilen gutlady. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möçberlerine haýran galýandygyny belläp, bolgar hökümetiniň baştutany özüniň Türkmenistana guran saparynyň baş maksadynyň iki ýurduň we halklaryň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermekden, täze mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ýetirmekden ybaratdygyny nygtady.
Soňra gepleşikler Ak altyn zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministr jenap Boýko Borisowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Türkmenistanda mübäreklemäge şatdygyny aýdyp, Aşgabada gelmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilki bilen, Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky häzirki dostlukly, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny belläp, Aşgabatda we Sofiýada ýokary derejedäki resmi duşuşyklaryň geçirilendigini, iki ýurduň Hökümetleriniň we pudak edaralarynyň ugry boýunça iş duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň işläp başlandygyny, parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Meniň pikirimçe, bularyň ählisi taraplaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Muňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, türkmen-bolgar gatnaşyklaryny dürli ulgamlarda ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz, ilkinji nobatda, biziň söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklarymyzyň barşyny we ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny bellemek isleýärin diýip nygtady we türkmen-bolgar ykdysady hyzmatdaşlygynyň kuwwatynyň örän uludygyna, olaryň şu günki derejesiniň biziň umumy mümkinçiliklerimize laýyk gelmeýändigine göz ýetirýändigini belledi.
Biz Bolgariýany gurluşyk, oba hojalygy we gaýtadan işlemek, enjamlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda ulag we elektrik enjamlaryny öndürmek, tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Öz nobatynda, Türkmenistan Bolgariýa ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň-ýokary hilli dokma, nebit we gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň, himiýa senagatynyň önümleriniň iberilmeginiň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topar biziň gatnaşyklarymyzyň barşyny we ýagdaýyny seljermelidir, säwlikleri ýüze çykarmalydyr, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk teklipleri bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen döwletiniň ýurtlarymyzyň işewür toparlarynyň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda işewürlik taslamalaryny bilelikde ösdürmekde, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde olaryň umumy bähbitleriniň bardygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz şu maksat bilen ikitaraplaýyn işewürler forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýdyp, bu işiň başy geçen ýylyň iýul aýynda Sofiýada başlanandygyny nygtady.
Häzirki wagtda biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategiki ugurlary bolan energetika we ulag ulgamlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Bolgariýanyň ählumumy gün tertibiniň energiýa howpsuzlygy ýaly möhüm meselede jogapkärli we yzygiderli orun eýeleýändigini bellemek isleýärin. Biz bolgariýaly dostlarymyzyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygy hakyndaky başlangyjyny goldandygyna mynasyp baha berdik. Biz şol başlangyç bilen Birleşen Milletler Guramasynda çykyş etdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bu mesele boýunça giň halkara gatnaşyklary häzirki wagtda aýdyň häsiýete eýe boldy we biziň ýurtlarymyz oňa işjeň gatnaşýarlar.
Şeýle hem, 2009-njy ýylda Aşgabatda we Sofiýada dünýäniň energetika giňişliginde gatnaşyk etmek, energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan iri halkara maslahatlarynyň geçirilendigini ýatlamak ýerlikli bolardy. Bolgar wekiliýeti 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Forumyna gatnaşdy. Forumyň barşynda energetika ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň häsiýetine hem-de mazmunyna oňyn täsir etmäge ukyply tekliplere garaldy we kabul edildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bolgariýa özüniň möhüm we yzygiderli hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýandygyny belledi. Ol köp babatda biziň energiýa akymlarynyň geljekki ugurlaryna garaýşymyzy, Ýewraziýa giňişliginde giň halkara hyzmatdaşlyk filosofiýamyzy paýlaşýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde özüniň energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine jikme-jik we gyzyklanma bildirip garaýar, Ýewropa komissiýasy bilen bilelikde hukuk hem-de tehniki meseleleriň üstünde işleýär. Biz Ýewropa Bileleşiginiň hormatly we abraýly agzasy hökmünde Bolgariýanyň bu işe mundan beýläk hem goldaw bermegine bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Umuman, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky energetika babatdaky gatnaşyklarynyň çäklerinde özara mümkinçilikleri ulanmagy netijeli hasaplaýaryn. Biz energetika syýasatymyzyň Ýewropa ugruny işjeňleşdirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklardan, bar bolan özara düşünişmek ýagdaýyndan netijeli peýdalanmak isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda iki ýurduň uzakmöhletleýin maksatlarynyň gabat gelýändigini belledi.
Ulag ulgamynda Türkmenistan we Bolgarýiýa üçin Günorta we Gündogar Ýewropa, Hazar, Gara hem-de Ortaýer deňizleriniň kenarlaryna, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak arkaly Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna işjeň goşulyşmak babatda mümkinçilikler açylýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň täze port düzüminiň giň möçberli gurluşygy alnyp barylýar. Deňiz arkaly gatnawlar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin özara mümkinçiliklerden, geografiki ýerleşişiň amatlyklaryndan peýdalanmak zerurdyr. Biz bu babatda hem, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk babatda Bolgariýa geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi..
Geljegi uly ugamlaryň ýene-de biri syýahatçylykdyr. Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy has özüne çekiji ýere öwrülýär, onuň gurluşygy we ösdürilmegi dowam etdiriler. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bolgariýaly hyzmatdaşlary Awaza gelip görmäge, bu zolagy ösdürmäge gatnaşmak boýunça mümkinçiliklerine üns bilen garamaga çagyrdy. Ilkinji nobatda, Türkmenistan Awazada döwrebap dynç alyş düzümini döretmekde Bolgariýanyň baý tejribesine gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Bolgariýanyň wekillerini şu ýylyň 29-30-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek Syýahatçylyk we jahankeşdelik atly Halkara sergisine we syýatçylyk maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Biziň hyzmatdaşlygymyzyň syýasy ugry barada aýdylanda bolsa, ony ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri we abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde dowam etmegi we ösdürmegi zerur hasaplaýaryň diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň gatnaşyklary hemişe deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guraldy, halkara we sebit syýasatynyň dürli meselelerine garaýyşlarymyz köp babatda meňzeşdir. Munuň özi halkara işlerinde özara gatnaşyklarymyz üçin oňat esas bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdmuhamedow nygtady.
Milli Liderimiz medeni-ynsanerwerlik we sport ulgamynyň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belläp, ýaş türkmenistanlylaryň Bolgariýada yzygiderli geçirilýän matematika boýunça halkara olimpiadalaryna, Türkmen türgenleriniň soňky ýyllarda Sofiýada we Bolgariýanyň beýleki şäherlerinde geçirilýän dürli halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iri halkara sport ýaryşlaryny guramak babatda, ilkinji nobatda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda bolgar tejribesine gyzyklanma bildirilýändigini bellemek bilen, iki ýurduň degişli edaralarynda bu ugurda tejribe alyşmagyň usullarynyň üstünde işlemegi teklip etdi.
Biziň ýurtlarymyz şeýle hem işgärleri taýýarlamak hem-de ylym-barlaglary geçirmek ulgamynda, Sofiýanyň we Bolgariýanyň beýleki şäherleriniň bilim we ylym merkezlerinde türkmen talyplaryny hem-de hünärmenlerini okatmagyň mümkinçiliklerini ulanmakda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, iki ýurduň bu ugurdaky gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikber bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Preidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginiň köp bölegini Garagum çölüniň eýeleýändigini aýdyp, ondaky çägeleriň düzüminde kwarsyň hem-de kremniniň ägirt uly golarynyň bardygyny belledi. Kwarsyň aýna önümçiliginde, kremniniň bolsa gün batareýalaryny öndürmekde zerur serişde bolup durýandygyny nazarda tutanyňda, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň uly geljegi bardyr diýip milli liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiziň şeýle mysallaryň başga-da örän köpdügüni aýtdy. Munuň özi iki ýurduň alymlarynyň ylmy işläp taýýarlamalarynda örän ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Bolgariýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa biziň hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga we anyklaşdyrmaga, onuň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň iki döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, biziň halklarymyzyň ösüşine we abadançylygyna ýardam edýändigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmany we bolgar wekiliýetiniň ähli agzalaryna oňyn meýilleri hem-de hyzmatdaşlyga taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisowa söz berdi.
Belent mertebeli myhman türkmen Liderine myhmansöýerlik hem-de ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň dürli pudaklarda bolgar-türkmen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy baradaky pikirini goldaýandygyny aýtdy. Jenap Boýko Borisowyň belleýşi ýaly, türkmen tarapynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, özlerini gyzyklandyrýan ähli ulgamlarda gatnaşyklaryň geljegi bilen ýerinde tanyşmak maksadynda Bolgariýa gelip, bolgar kärdeşleri bilen duşuşyp bilerdiler. Munuň özi anyk ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Bolgariýanyň Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 20 ýyl dolýandygyny belläp, ýurtda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň, sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirendigi bellenildi.
Jenap Boýko Borisow bolgar-türkmen gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam edip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň sebitara derejesinde hyzmatdaşlyk hem-de iri geostrategiki taslamalara gatnaşmagy babatda hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat esas bolup biljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýewropaly hyzmatdaşlaryň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan bu ulgamda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar.
Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin amatly şertleriň bardygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny kesgitlemek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Bolgariýa Türkmenistana özüniň ähli tejribesini we kuwwatyny, şol sanda metropoliten, ulag düzümine degişli hem-de beýleki maksatly desgalary gurmak, saglygy goraýyş we derman senagaty, azyk senagaty babatdaky tejribesini hödürlemäge taýýardyr. Sport ulgamy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Belent mertebeli myhman Bolgariýa Respublikasynyň uzakmöhletleýin esasda Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bolgar-türkmen gatnaşyklary meselelerine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra köşgüň Mermer zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Bolgariýanyň Kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça döwlet agentliginiň arasynda Ylalaşyga, Gurluşyk we binagärlik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Bolgariýa Respublikasynyň Sebit ösüşi we jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow Bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerine baha bermek bilen, Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministrine hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetine özara düşünişmek, ynam we açyklyk ýagdaýynda geçirilen oňyn gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de bähbitlilik esaslarynda ýola goýulýan ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda türkmen-bolgar gepleşikleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki sapara iki ýurtlaryň arasyndaky uzakmöhletleýin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Gepleşikleriň barşynda türkmen-bolgar gatnaşyklaryna täze mazmun we itergi berjek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, iki tarapyň hem pikirine görä, bu ulgamyň uly kuwwata eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan mümkinçilikleri has netijeli herekete getirmäge taýýardygyny tassyklady. Bu ulgamda ösüşler we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi türkmen-bolgar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz iki ýurduň işewürler toparlarynyň bilelikdäki işewürlik taslamalary durmuşa geçirmekde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolgar hyzmatdaşlarymyzy ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum hem-de önümçilik taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrandygyny habar berip, geljegi uly ugurlaryň hatarynda energetika, syýahatçylyk, gurluşyk, lukmançylyk we derman senagaty, oba hojalyk hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, dokma we himiýa senagaty, maýa goýum boýunça hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary görkezdi.
Duşuşygyň barşynda energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlary hökmünde kesgitlendi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem-de Bolgariýa ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we ýangyç akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny görkezdiler. Bu maksada ýetmek ýolunda taraplaryň garaýyşlary köp babatda meňzeşdir we jogapkärçilikli hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda çemeleşilmegine, dünýä energetika giňişliginde köp taraplaryň bähbitleriniň deňeçerligini hasaba almagyň zerurlygyna esaslanýar. Türkmenistan şunda Bolgariýa Respublikasyna geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar we bu ugurda ikitaraplaýyn esasda hem, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda energetika ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem anyk gepleşiklere başlamaga taýýardyr.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Gündogar-Günbatar ugry boýunça Günorta we Gündogar Ýewropa, Hazar, Gara deňiz we Ortaýer deňzi sebitlerine, Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak boýunça üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek babatynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň iri göwrümli täze port düzümleriniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belläp, ulag gatnawlary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikiri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet bermek bilen, bilim, ylym we sport ugurlary boýunça türkmen bolgar hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde ikitaraplaýyn ýardam etmek barada ylalaşdylar.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklar meseleler baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Bolgariýa Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary giňeltmek babatynda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy, şunda soňky ýyllarda oňyn ösüşler bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ylalaşylan meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginde hem-de täze geljegi uly taslamalara çykmakda netijeli we oňyn ýardam berip biljekdigi baradaky pikiri aýdyp, Türkmenistanyň, öz nobatynda, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, sebitde ýewropa işewürligini artdyrmaga ýardam bermäge taýýardygyna ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Boýko Borisowyň resmi saparynyň we geçirilen gepleşikleriň jemlerine doly kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň öz gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda guraýandyklaryny hem-de iki tarapyň-da bähbidine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowa açyklyk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen oňyn gepleşikler üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Bolgariýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleriniň öňünde çykyş edip, gepleşikleriň jemlerini beýan etmezden ozal, öz adyndan hem-de Bolgariýanyň resmi wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik we birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Bolgariýanyň Premýer-ministri şu gezekki saparyň barşynda taraplaryň oňyn gepleşikleriň ýokary derejesini görkezendigini, şol gepleşikleriň jemleriniň bolsa däp bolan hyzmatdaşlyga täze okgunly depgin berjekdigini aýdyp, ýokary derejede Sofiýada geçiriljek nobatdaky duşuşyga çenli eýýäm bilelikde uly ýoluň geçiljekdigine ynam bildirdi.
Jenap Boýko Borisow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda energiýa serişdelerini ugratmak, olaryň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energetika howpsuzlygy meseleleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, öz ýurdunyň we tutuş Ýewropa Bileleşiginiň energiýa serişdeleri bilen durnukly üpjün edilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, bu maksada bolsa Türkmenistandan tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmegi netijesinde ýetilip biliner.
Bolgariýanyň azyk senagaty önümlerini Türkmenistana ibermek, şeýle hem oba hojalyk, gurluşyk, ýeňil senagaty, kosmetologiýa we beýleki pudaklar boýunça uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birdikde, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek biziň üçin örän möhümdir diýip, Boýko Borisow aýtdy.
Belent mertebeli myhman “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen işleriň we alnyp barylýan gurluşyklaryň geriminiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýdyp, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ajaýyp geljeginiň bardygyny belledi, Bolgariýa bu girdejili pudagy ösdürmäge ilkinji derejeli üns berýän ýurt hökmünde baý tejribä eýedir.
Bolgariýanyň Premýer-ministri ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara bolgar-türkmen toparynyň ornuny belledi.
Belent mertebeli myhman bolgar tarapynyň hyzmatdaşlygyň däp bolan ulgamlarynda, ilkinji nobatda, oba hojalygynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hil taýdan täze, häzirki döwürde has köp isleg bildirilýän ugurlarda, ýokary tehnologiýalar ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.
Premýer-ministr şu ýylyň Türkmenistan üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen aýratyn şöhratlanýandygyny belläp, häzirki döwri ykdysady we syýasy ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, iki ýurduň ýokary ýolbaşçylary tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleriň kesgitlenilendigini nygtady. BolgariýaTürkmenistanyň ygtybarly dosty we hyzmatdaşy bolmak bilen, hemişe onuň Bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly daşary syýasy başlangyçlaryny goldaýar.
Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanyna we Türkmenistanyň tutuş halkyna döredijilikli zähmetde uly üstünlikler, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Şu günüň ikinji ýarymynda bolgar hökümetiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Gypjak obasyna ugrady, şol ýerde jenap Boýko Borisow kümmete gül goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Şol gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Jenap Boýko Borisow Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda, asylly däbe görä, agaç nahalyny oturtdy.
Soňra Bolgariýanyň hökümetiniň Baştutany Olimpiýa şäherjeginde gurulýan desgalara baryp gördi we Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimine hem-de depginine ýokary baha berdi.
Soňra Bolgariýanyň Premýer-ministri ýurdumyzyň öňdebaryjy gaýtadan işleýän senagat kärhanasyna-Aşgabat dokma toplumyna baryp gördi we nah matalaryň öndürilişi hem-de önümleriň köp görnüşleri bilen tanyşdy. Bolgariýanyň hökümetiniň Baştutany Boýko Borisow kärhanada bolmagynyň barşynda bu toplumyň tehniki we tehnologiki üpjünçiliginiň derejesine, eksport kuwwatyna ýokary baha berip, özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz we Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy söz sözlediler.
Şu gün Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow Watanyna ugrady.