14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýanyň Prezidentiniň Arasyndaky Gepleşikler

Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Kwirinal köşgüniň öňünädäiki meýdança – Italiýanyň Baştutanynyň kabulhanasyna gelýär. Belent mertebeli myhmany Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adýutanty garşylaýar. Türkmenstanyň Prezidenti ugrunda hormat garawulynyň nyzamy düzülen haly ýodasy bilen ýöräp, Italiýa Respublikasynyň Baýdagynyň öňünde baş egýär. 

Türkmen Lideri köşgüň ikinji gatynda ýerleşen dabaralar zalyna çagyrylýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti garşylaýar. Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryş boldy. 

Şondan soň iki döwletiň Baştutanlary Italiýanyň Prezidentiniň iş otagyna barýarlar, bu ýerde olaryň ikiçäk duşuşygy boldy. 

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. 

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Munuň üçin bolsa uly mümkinçilikler bar. 

Italiýanyň Baştutany Türkmenistanyň we Italiýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine eýedigini belläp, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň gazanylan ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň binýatlyk şerti bolup durýandygyny nygtady. 



Türkmenstanyň dünýä ýüzünde artýan abraýy ençeme şertler, ilkinji nobatda, türkmen Bitaraplygynyň dünýäde dowam edýän geosyýasy wakalara, Merkezi Aziýada ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň kemala gelmegine, Ýewropanyň hem-de Aziýanyň, dünýäniň beýleki künjekleriniň halklarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprüleriniň gurulmagyna oňyn täsiri bilen şertlendirilendir. Onuň aňyrsynda dünýä bileleşigi tarapyndan türkmen Lideriniň oňyn içeri hem-de daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygy babatda we has takygy, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, ählumumy ýaragsyzlanmak babatda netijeli başlangyçlaryna bildirilýän goldaw durandyr. 

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli we myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi üçin Italiýanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, öz italiýaly kärdeşini azyk meseleleri ýaly dünýä bileleşigi üçin möhüm mowzuga bagyşlanan “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisiniň işiniň başlanmagy bilen gutlady. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda birek-birege hormat goýmak, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-italýan gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar hem muňa ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrandygyny belledi. Milli Liderimiz gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek üçin möhüm we ygtybarly binýady döredendigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň energetika, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Biziň ýurdumyz öz gezeginde italýan kärdeşleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygyny we gyzyklanma bildirýändigini beýan edýär. 

Türkmenistan we Italiýa BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, Italiýanyň Hökümetine Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek işinde berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýyl ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenstanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakynda” Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. Şol resminamanyň kabul edilmegine BMG-niň agza döwletleri biragyzdan ses berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow italýan kärdeşini bu şanly waka bagyşlanyp şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşmaga çagyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigini hem aýratyn belledi. Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň halklary baý taryhy we medeni mirasa eýe bolup durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjekdigini aýtdy. 

Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň ýokary depgine eýedigini belläp, has uly görkezijileri gazanmak maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy okgunly giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. 

Türkmenstanyň Prezidenti türkmen-italýan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Italiýanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýdyp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. 

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda öz italýan kärdeşine berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Italiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançlyk, parahatçlyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Kwirinal köşgünden Rim şäheriniň howa menziline tarap ugur alýar, milli Liderimiz şol ýerden Watanymyza ugrady. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Baştutanynyň Italiýa saparynyň maksatnamasy tamamlandy. Onuň çäginde geçirilen duşuşyklaryň we çäreleriň mähirlilik, myhmansöýerlik we dostluk, özara gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek. Bu bolsa gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlary boýunça netijeli işleri dowam etmek üçin örän amatly ýagdaýy döredýär.

Degişli makalalar

Kikboksing Boýunça Aziýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleriniň Üstünlikli Çykyş Edendikleri Bilen Gutlady

Gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlanylýar.

syrach

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Täze Köprüler Sebit Hyzmatdaşlygynyň Gerimini Giňelder