Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehini kabul etdi.
Belent mertebeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Babatunde Osotimehin Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny aýdyp, tutuş Birleşen Milletler Guramasy ýaly, UNFPA-nyň hem ýurdumyzy dürli ulgamlarda sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orun eýeleýän ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji direktory hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratiki özgertmelere ýokary baha berdi. Şol özgertmeler bolsa döwleti hem-de jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de ýurdumyzyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirmek arkaly ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna mähirli salam aýdyp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.
BMG-niň ýöritleleşdirilen esasy düzümleri, şol sanda UNFPA bilen netijeli hyzmatdaşlyk, şeýle hem üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan meseleleri barada aýdyp, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna, beden we ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, maşgala meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze ösüşe eýe boldy hem-de anyk wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň hereket etmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, şol sanda gender deňligi babatda gazanan üstünlikleri bellenildi. Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, hukugy goramak ulgamynda maksadalaýyk işleri geçirýär, milli kanunçylygy kämilleşdirýär hem-de köp ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar. Gender deňligini üpjün etmek bolsa şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen 2015-2020-nji ýyllar üçin degişli Milli meýilnama tassyklanyldy. Bu meýilnama UNFPA-nyň maslahat beriş goldawynda işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyz bu ulgamda BMG bilen hyzmatdaşlyga jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
Türkmen döwleti BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen we esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakyndaky Konwensiýa hem-de zenanlaryň ýagdaýy hakyndaky Bütindünýä konwensiýasyna goşulyp, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär we öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zenanlara sarpa goýmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biridigini nygtady. Häzirki döwürde zenanlar türkmen jemgyýetinde mynasyp orun eýeleýärler, olara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olaryň intelektual, durmuş we döredijilik kuwwatynyň ösmegi, zenanlaryň seçip alan hünärine eýe bolmagy üçin amatly şertler döredildi. Türkmenistanda zenanlar dürli ulgamlarda üstünlikli zähmet çekýärler, ýolbaşçy wezipelerde işleýärler.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, enäni we çagany goramak babatda netijeli çäreler görülýändigini belledi. Aşgabatda we welaýatlarda Ene mähri merkezleri, anyklaýyş–maslahat beriş merkezleri açyldy. Şu ýylyň iýul aýynda türkmen paýtagtynda döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez ulanmaga berildi, bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Türkmenistan bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürip, goňşy Owganystana hem ynsanperwerlik kömegini berýär. Hususan-da, ýurdumyz serhetýaka etraplarda durmuş we saglygy goraýyş maksatly desgalary gurýar. Bu babatda golaýda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň düýbüniň tutulmagyny aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanasyna ýurdumyzda amala aşyrýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman UNFPA-nyň Türkmenistanyň durmuş syýasatyny hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli ädimlerini goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň gender deňligini we zenanlaryň hukuklarynyň kepilligini üpjün etmek, saglygy goramak, bilim, ýaşlary goldamak, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýratyn belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory UNFPA-nyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň wezipelerini çözmek maksady bilen Türkmenistanyň bu goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek babatda amala aşyrýan taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Jenap Babatunde Osotimehin Aşgabatda bolmagynyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, täze açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp görmek mümkinçiliginiň döredilendigini nygtady. Bu merkeziň enjamlaşdyrylyşy we onda hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelýär. Belent mertebeli myhman ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözel keşbine haýran galýandygyny aýdyp, Atçylyk toplumyna baryp görmegiň ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny belledi. Şol ýerde myhman bütin dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine we syrdamlylygyna syn etmäge mümkinçilik aldy.
Söhbetdeşligiň barşynda geljek ýyl geçiriljek halkara maslahaty barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu maslahat UNFPA bilen bilelikde guralar we ýaşlar meselesine bagyşlanar. Bellenilişi ýaly, bu forum dünýä bileleşigini ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasaty hem-de onuň bu möhüm ulgamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň we UNFPA-nyň däp bolan köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuşyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda toplan oňyn tejribesiniň sebitde we bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi hem-de onuň wajyp meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda iş ýüzünde ulanylyp bilinjekdigi bellenildi.
Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň bellenip geçilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş sekretaryny we belent mertebeli myhmany bu şanly sene mynasybetli dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Babatunde Osotimehin döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllyk senesine gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyzyň oňyn halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. Şol başlangyçlaryň bolsa sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işinde saldamly goşant bolup durýandygy nagtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehin döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça düýpli söhbetdeşligiň geçirilendigi üçin ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we UNFPA-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa uzakmöhletleýin geljege gönükdirilendir hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.
***
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehiniň ýurdumyza saparynyň maksatnamasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi–Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň Mejlisinde we Hökümetinde, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda duşuşyklar göz öňünde tutuldy.