9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 5765-nji Permanyny ýerine ýetirmek we 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunuň weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Dokma senagaty minitsrligine we “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasyna uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşine uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, döwrebap bilimli, iş başarjaň we beden taýdan sagdyn ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralyp saklanmagyny, jenaýatlaryň öňüniň alnyşyny we üstüniň açylyşyny halkara tejribesine laýyklykda has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzda kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň işini 2011-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bes etmegi, işini bes eden Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň edara binasyny, desgalaryny, ammarlaryny, tehniki enjamlaryny we ähli emläklerini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutyna bellenen tertipde tölegsiz bermek bellenildi.

Şeýle hem resminama bilenTürkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işini bes eden Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň ähli borçlary we borçnamalary boýunça hukuk oruntutary hasaplamak tassyk edildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işini bes eden Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň 2010-2011-nji okuw ýylynda kabul edilen talyplaryndan okuw meýilnamalaryna laýyklykda özleşdiren dersleri boýunça bellenen tertipde hasap-synaglary alyp, okuwlaryny doly tamamlamandyklary sebäpli, olara şahadatnama bermek we polisiýanyň kiçi leýtenanty diýen ýörite at dakmak bellenildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky instituty hakyndaky Düzgünnama tassyklanyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Sosial Aragatnaşyk Ulgamlarymyz

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Döwletiniň Baştutany Bilen Duşuşdy

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy