8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda saparda bolmagynyň çäklerinde welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, galla oragy möwsümi häzirki döwürde hökümetiň mejlisleriniň we göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli maslahatlaryň gün tertipleriniň esasy meselesi bolup durýar. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen içgin tanyşdy, daýhanlar, mehanizatorlar we iş tejribesini geçýän talyplar bilen duşuşdy hem-de sebitiň oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitläp, degişli tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri özüniňm il-ýurt bähbidine gönükdirilen iş maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Demirgazyk welaýatyna iş saparyny gurady. Mälim boşly ýaly, bu welaýatda ýokary hasyl almakda oňyn tejribe toplan ussat daýhanlaryň nesilleri zähmet çekýärler. Bu ýerde ýerli howa şertlerine laýyklykda, galla oragyna ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna garanyňda biraz gijiräk girişilýär. Ýöne, munuň özi ýerli gallaçylaryň jogapkärçiligini artdyrýar, olary ýygym möwsüminiň netijeliligini ýokarlandyrmaga borçly edýär. Welaýatyň galla meýdanlarynyň umumy mukdary 180 müň gektara barabardyr. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar watan harmanyna 300 müň tonna däne tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Häzirki döwürde galla oragynda “Keýs”, “Jon Dir” we täze görnüşdäki “Klaas” ýaly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 394-si işledilýär.

Işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy ugrunda welaýatda 30 sany galla kabul ediş merkezleri hereket edýär. Olaryň her birinde ýörite enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana işleýär. Olar gelip gowuşýan dänäniň hilini kesgitleýärler. Galla meýdanlaryndan gelýän bugdaý welaýatda bar bolan elewatorlaryň dördüsinde, şol sanda täze Ruhubelent etrabynda gurlan, döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilen elewatorda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlaryň golaýynda 50 müň tonna dänäni arassalamak we saklamak üçin niýetlenen elewator, şeýle hem iki sany däne üweýji kärhana bar. Welaýatda bina edilýän desgalaryň arasynda Görogly etrabynda bir ýylda 50 müň tonna bugdaýy gaýtadan işlemäge we bir wagtda şeýle möçberdäki dänäni saklamaga mümkinçiligi bolan, dänäni gaýtadan işleýän we saklaýan iri önümçilik toplumy bar.

Ir säher bilen döwlet Baştutany Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşligine degişli bolan galla meýdanlaryna geldi. Bu ýerde ylmy-önümçilik tejribe-synag merkeziniň ekin meýdanlary hem bar. Galla ekilen meýdanyň ýanynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy hökümet agzalary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, birnäçe pudak edaralarynyň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki degişli oba hojalyk hünärmenleri, kärendeçiler we mehanizatorlar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, derwaýys oba hojalyk möwsüminiň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekdi. Döwletimiz ýurduň oba hojalyk toplumynyň ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw berýär diýip bellemek bilen, milletiň Lideri onuň önümçiliginiň ähli zerur şertler bilen, şol sanda ýokary öndürijilikli tehnika, dökünler bilen üpjün edilýändigini belledi we galla oragynyň guramaçylykly geçirilmeginde esasy jogapkärçiligiň pudagyň ýolbaşçylaryna düşýändigini nygtady. Döwlet Baştutany ýerlerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýetişdirilen hasylyň göwnejaý saklanmagyny we öz wagtynda gaýtadan işlenmegini üpjün etmek meselelerine uly üns bermelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, oba hojalyk düzümleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, möwsümleýin oba hojalyk işlerine, oba hojalyk düzümlerini has-da ösdürmek babatda degişli hünärmenlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna möwsümi öz wagtynda jemlemek, ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnap almagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Bu ýerde Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow sebitde galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany welaýatda galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen içgin gyzyklandy we bu möhüm möwsümiň gysga wagtda, ýokary hilli geçirilmegi, ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagy ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

“Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow häzirki döwürde ýurdumyzda gyzgalaňly alnyp barylýan galla oragynyň barşy, bu möhüm işiň ýokary öndürijilikli tehnikalar bilen üpjün edilişi we beýleki zerur şertleriň döredilişi barada birin-birin hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möwsümiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, ýetişdirilen bol hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalmagy ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri ýokary öndürijilikli tehnikalardan ýerlikli peýdalanmaga, olaryň işini sazlaşykly guramaga, ýygnalan hasyly aýawly saklamaga, indiki ýylyň hasyly üçin häzirki döwürden tohumlyk dänäni seçip almaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Welaýatdaky Türkmen oba hojalyk instituty bilim ulgamyny özgertmek we bu boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirýän toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreleri durmuşa geçirýär. Kompýuter we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen, özünde köp sanly okuw otaglaryny, barlaghanalary, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnikalary bolan “Jon Dir”, “Keýs”, “Klaas” ýaly dünýä belli we biziň ýurdymyzda giňden ulanylýan kuwwatly tehnikalary öwrenmek boýunça ýörite otaglary bolan bu institutda halkara derejelerine laýyk gelýän bilim-terbiýe berilýär.

Talyplar häzirki döwürde kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýörite otaglarda dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak bilen bir hatarda ekerançylyk meýdanlarynda önümçilik tejribelerini geçýärler. Olar institutyň Gubadag etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik tejribe-synag merkezinde önümçilik tejribesinde bolup, alan bilimlerini iş ýüzünde berkidýärler.

Institutyň ýolbaşçysy E.Orazgeldiýew bu ýokary mekdepde işlemek we döretmek üçin dünýä derejesine laýyk gelýän zerur şertleriň ählisiniň bardygyny belläp, munuň üçin mugallymlaryň we talyplaryň adyndan döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiz bu ugurda daýhançylygyň milli däpleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz önümçilikde alymlar bilen talyplaryň, institutyň mugallymlarynyň bilelikdäki we sazlaşykly işiniň zerurdygyny nygtady. Şeýlelikde milletiň Lideri Daşoguzdaky ýokary mekdebiň ýolbaşçysy E.Orazgeldiýewe institutda berilýän sapaklaryň tejribe bilen utgaşdyrylmagynyň netijelidigini aýdyp, munuň üçin halkymyzda gadymdan gelýän halypa- şägirtlik mekdebiniň ýörelgleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň, alymlaryň institutyň mugallymlary we talyplary bilen içgin aragatnaşykda bolmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzda alnyp barylýan galla oragynyň tehniki üpjünçiligi barada “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew döwlet Baştutany hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň ýokary öndürijilikli alnyp barylmagynda kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, bu ugurda bökdençligiň bolmazlygy üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri ýokary öndürijilikli tehnikalaryň sazlaşykly we netijeli işlemegini gazanmak barada degişli tabşyryklary berdi.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy N.Orazow häzirki möhüm möwsüm bolan galla oragynda gullugyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ähli beýleki önümler bilen bir hatarda ýygnalýan galla hasylynyň hiliniň halkara talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, galla meýdanlarynyň golaýynda hereket edýän kabul ediş merkezlerinde gullugyň hünärmenleriniň sazlaşykly işini üpjün edýän ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini nygtady. Häzirki döwürde hil ölçegleri esasy talap bolup durýar diýip bellemek bilen, milletiň Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra galla meýdanda geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy B.Akmämmedow häzirki döwürde bugdaý hasylyny ýetişdiren kärendeçiler bilen hasaplaşygyň öz wagtynda geçirilýändigini aýdyp, bank -maliýe ulgamynda daýhanlaryň il-ýurt bähbitli işiniň sazlaşykly barmagy üçin durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda zähmet çekýän hünärmenler, kärendeçi- daýhanlar üçin döwletiň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigi barada aýdyp, galla oragynda işleýänler bilen hasaplaşygyň öz wagtynda we bökdençsiz geçirilmegi esasy talap bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlarynda yhlasly zähmet çekýänleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olar üçin ýeňňillikli karzlaryň berilmegi hem-de azyk bolçulygyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan hususýetçileriň işine maliýe taýdan goldaw berilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda suw üpjünçiliginiň yzygiderli ýola goýulmalydygyny belläp, bu işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, hasyllylygyň ýokarlandyrylmagy, pudaga dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli tagalla etjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz tohumçylygyň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda milletiň Lideri oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň ýolbaşçylaryna durmuşa geçirilýän her bir il-ýurt bähbitli işiň netijeli bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Suwdan rejeli peýdalanmagyň möhüm bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz suwy tygşytlamaga, täze suwarymly ýerleriň ekin dolanşygyna girizilmegine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyza Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk instiutynyň binýadynda hereket edýän Ylmy-önümçilik tejribe-synag merkeziniň wekili, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-barlag dänelik ekinler institutynyň ýolbaşçysy tohumçylygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurtda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, hasyllylygy artdyrmak boýunça ylmy esasda netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny ýörite nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnanalaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda alyp barmaklyga çekip, ýerli howa şertleri nazara almak, döwlet tarapyndan döredilýän ägirt uly şertleri we mümkinçilikleri ýerlikli, rejeli, ýokary netijeli ulanmak, özem önümçiligi ylmy esasda alyp barmak, netijede hasyllygy artdyrmak boýunça ylmy maglumat seljermeleri, her bir gündelik işde ulanmak babatda düýpli pikirler aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň ähli serişdelerinden, aýratyn-da suwdan we dökünden ylmy esasda peýdalanyp, döwrüň ylmy gazananlaryny önümçilige ugrukdyryp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeligini ýokarlandyrmak boýunça anyk görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda howa – toprak şertlerini, esasan hem häzirki zaman ylmy ösüşiň gazananlary esasynda öňünden anyklamak bilen, alnan maglumatlary seljermek, ony oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak, tohumçylygy ylmy esasda alyp baryp, ony ýokary derejelere götermek, ahyr netijede hasyllylygy artdyrmak babatda anyk-aýdyň tabşyryklary berdi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giň gerim bilen ekilýän ak bugdaýyň tohumy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmy-barlag dänelik ekinler institutynyň ýolbaşçysy A.Annaýewe her ýylyň gelşini nazara almak bilen, ýurdumyzyň alymlary bilen maslahatlaşyp, ylmy esasda ýakyn ýyllarda biziň howa şertlerimize çydamly, ýokary hasylly, bugdaý däneleriniň çykymy ýokary bolan galla tohumyny taýýarlamagy tabşyrdy hem-de degişli ýolbaşçylara şu işiň guramaçylygyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutany Daşoguz welaýat ýlmy – önümçilik merkeziniň gallaçy-kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Ş.Orazmetowa degişli galla meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu ýerde ylmy önümçilik merkezine degişli ýerleriň umumy meýdany 340 gektara barabardyr. Daýhan azabynyň miwesi bolan bol hasylly galla meýdanlary gözüň dokundyrýar. Geçen ýyl bu toparyň kärendeçileri meýilnamalaşdyrylan 850 tonna derek 932 tonna bugdaý hasylyny almagy başardylar. Bu bolsa gektaryň ortaça hasyllylygynyň 27,4 sentnere barabar bolmagyny üpjün etdi. Bu ýyl hem gallaçylar meýilnamadan artyk däne tabşyrjakdyklaryna ynam edýärler. Döwlet Baştutany bugdaý meýdanlarynda galla oragyny alyp barýan kuwwatly tehnikalaryň golaýynda Ş.Orazmetow bilen gürrüňdeş boldy. Ussat daýhan bilen hal-ahwal soraşdy we onuň işleýän merkezinde döredilen şertler, daýhanlaryň geljekki aladalary we meýilnamalary bilen gyzyklanýar. Şeýle hem döwlet Baştutany şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna gallaçylyk pudagynda işleriň ulgamlaýyn usulda alnyp barylmagy degerli netijeler berer diýip, olara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnanalaryň ünsüni seleksiýa we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak we ony ýurdumyzda ýaýbaňlandyrmaklyga çekdi hem-de güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly we gowy sortlaryny döretmegi, bu sortlarynyň tohumçylyk işiniň usulyýete laýyk alyp barylmagy, şeýle-de bugdaýyň guraklyga, yssa, sowuga we gyşyň aňzagyna çydamly sortlarynyň üstünde işlemegi hem-de şolaryň esasynda täze has ýokary hilli sortlary önümçilige giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şu işleri aspiranturalarda, doktoranturalarda dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, olaryň netijelerini önümçilige giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlaryň ýanyna bardy we olaryň işleri bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde oba hojalyk institutynda okaýan talyplar hem önümçilik tejribesini geçýärler. Olar ussat mehanizatorlara berkidilip, halypalary bilen bir hatarda dünýäniň öňdebaryjy tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýärler we kombaýn sürmegiň inçe syrlaryny höwes bilen öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiz olar bilen içgin söhbetdeş bolup, tejribe geçýän talyplaryň iş şertleri, olaryň ukyp-başarnyklary, halypa-şägirt gatnaşyklary bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutany talyplaryň we mehanizatorlaryň “Klaas” kysymly kombaýnyň aýratynlyklary baradaky pikirlerini, aýratyn-da bu tehnikalaryň Daşoguz welaýatynyň toprak-howa şertlerine näderejede laýyk gelýändigi barada sorady.

Soňra döwlet Baştutanymyz talybyň saýlap alan hünäri, onuň meýilleri bilen gyzyklandy we maksada ýetmek üçin köp okamalydygyny, halypalardan öwrenmelidigini, yhlasly zähmet çekmelidigini aýdyp, talyp döwründe öwrenilen bilimiň we tejribäniň hiç wagt ýatdan çykmaýandygyny, olaryň ynsan durmuşynda mydama gerek bolýandygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary öndürijilikli tehnika atlandy-da, “Klaas” kysymly kombaýna ussatlyk bilen erk edip, bugdaý oragyny geçirdi. Kuwwatly tehnika döwlet Baştutanynyň örän ynamly hereketlerine tabyn bolup, ösüp oturan bugdaýy gyradeň ordy we soňra milli Liderimiz ondan düşüp, bugdaýly meýdanyň bir çetinde bu tehnikanyň özünde galan täsirleri hem-de artykmaç taraplary barada paýhasly pikirlerini aýtdy. Şu ýerde döwlet Baştutany “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna we beýleki degişli ýolbaşçylara häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ulanylýan kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň haýsynyň has ýaramlydygyny kesgitlemegi tabşyrdy.

Şeýle hem şu ýerde döwlet Baştutany galla oragynda tapawutlanan mehanizatorlara, önümçilik tejribesini geçýän talyplara sowgatlar gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz kärendeçilere, mehanizatorlara ýüzlenip, olaryň ýurtda azyk bolçulygyny berkarar etmekde asylly işleri bitirýändiklerini belledi we özüniň olaryň arasyna “arma” diýmäge gelendigini aýdyp, çäçleriniň bereketli bolmagyny arzuw etdi.

Bu ýerde bugdaý meýdanyň ýanynda oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda öndürilen we gaýtadan işlenilen önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we bulka önümleri, şeýle hem “Daşoguzgalla” önümçilik birleşiginiň tohumçylyk gaznasynyň önümleri görkezildi.

Sergi welaýatda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gubadag etrabynyň “Amyderýa” daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlaryna baryp gördi. Döwlet Baştutany bu ýerde ekilen gowaçalaryň göwnejaý ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, kärendeçi Ejeş Orsbekowanyň ekin ýerine bardy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz pagtaçy kärendeçiniň işi, onuň ideg edýän gowaçalarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy, onuň bilen hal-ahwal soraşdy.

Kärendeçi E.Orsbekowa özüniň bir gektar ýere gowaça ekendigini we ondan 3,5 tonna hasyla garaşýandygyny aýtdy. Şeýle hem kärendeçi gelin oba hojalyk ulgamynda işleýän daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdi.

Milletiň lIderi oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin döwletiň mundan beýläk-de yzygiderli goldaw berjekdigini aýdyp, bu ulgamda işleýänleriň halal zähmetiň nusgasyny görkezip, uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi we yhlasly zähmetiň rehnet getirýändigini, onuň ynsan durmuşyny berekede beslenýändigini, daýhançylygyň türkmen halkynda ata-baba halal kesp-kär hasaplanýandygyny belledi.

E.Orsbekowa hoşniýetli sözler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy we döwlet Baştutanyndan kärende ýerinde gowaçanyň ilkinji ösüş suwyny tutmak üçin ýabyň böwedini açyp bermegini haýyş etdi we munuň öz maşgalasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Milletiň Lideri eline pil alyp, kärendeçiniň haýyşyny bitirdi. Döwlet Baştutany ussatlyk bilen ýabyň böwedini açdy. Şol pursat bereketiň aýdyň nyşany bolan suw ýaba dolup ýörite oturdylan turbajyklardan joýalara akyp başlady. Bu usulyň artykmaçlyklary barada aýdyp, kärendeçi onuň Daşoguz welaýatynda geçen ýyldan bäri ulanylýandygyny belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz ussat kärendeçä işlerinde uly üstünlik arzuw edip, ýadygärlik sowgat gowşurdy hem-de bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugruna Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine bardy we bu ýerdäki bazara geldi. Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ýurdumyzda ýokary netijeleri gazanýan hojalygyň ýolbaşçysy K.Rozmetow mähirli garşylady. Milli Liderimiz oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyndan obanyň ýagdaýlaryny sorady, halkyň hal-ýagdaýyndan habar aldy. K.Rozmetow döwlet Baştutanymyza hojalygyň zähmetkeşleriniň döwlete pile tabşyrmaklyk baradaky borçnamany berjaý edendiklerini, galla tabşyrmak baradaky meýilnamanyň bolsa şu gün hötdesinden gelinýändigini habar berdi.

Soňra milli Liderimizi bu ýerde bazaryň satyjylary mähirli garşy aldylar. Döwlet Baştutanymyz olar bilen gadyrly görşüp, hal-ahwal soraşdy, azyk önümleriniň görnüşleri, aýratyn-da gök ekinler, olaryň ýetişdirilip, bazara getirilişi hem-de geçginliligi, bazarda bolçulygyň döredilişi, satyjylaryň iş şertleri we girdejileri bilen içgin gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde hojalyk mallaryna niýetlenen iýmler, diri agramdaky mallar, guşlar-towuklar, olaryň lomaý söwdasy bilen hem gyzyklandy, satyjylardan Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän tüwileriň sortlary barada sorady. Oba bazarynyň söwdagärleri, ähli gullukçylary hormatly Prezidentimize döwletimizde diýarymyzyň bazarlarynda bolçulygyň berkarar bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi, telekeçilere, aýratyn-da azyk önümlerini we halkymyza gündelik zerur bolan harytlary öndürýän husuyýetçilere uly goldawyň berilýändigi üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolan içgin gürrüňdeşligiň barşynda döwletimiziň mundan beýläk hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da artdyrylmagy, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň bol öndürilmegi üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Olaryňam bu işe örän işjeň hem-de hyjuwly gatnaşmaklary, ýurdumyzda berkarar bolan bolçulygyň has-da ösdürilmegi üçin öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýandygyny mälim etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow bilen oba hojalygynda olaryň alyp barýan işleri hakyndaky gürrüňini dowam etdirdi. Ol hormatly Prezidentimize öz ýolbaşçylyk edýän hojalygynda işleriň barşy, häzirki galla oragynyň gidişi, pagtaçylykda alnyp barylýan gündelik işler, şeýle hem oba bazarynda bolçulygyň, aýratyn-da azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu hojalygyň soňky onýyllyklarda gazanan netijelerini we tejribelerini öňküden hem artdyrmak, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan milli maksatnamanyň çäklerinde oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyklaryny aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow hem-de bazardaky satyjylar bilen hoşlaşyp, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we Daşoguz şäheriniň aeroportuna tarap ugrady hem-de ol ýerden Aşgabada uçdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Meseleleriniň Çözülmegine Goşandyny Artdyrýar

syrach

Olimpiýa Şäherjiginiň Gurluşygy

syrach

Bazalt Süýüminiň Giň Gerimi