Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby okuw türgenleşik merkezinde boldy we bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Dikuçarda harby okuw-türgenleşik merkezine gelen Döwlet Baştutanyny harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşy aldylar. Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Goranmak ministri Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa raport berdi we Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge taýýarlyk hakynda habar berdi.
Bu ýerde geçirilen mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine jikme-jik garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Goranmak ministri ÝA.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan harby reformasynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli harby kadrlary taýýarlamak, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol özüne ynanylan gullukdaky işleriň barşy we Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki ýagdaý hakynda hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidentine türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, agzybirligi we jebisligi saklamak hem-de berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygy berjaý etmek boýunça prokuratura edaralarynyň geçirýän işleri hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew häzirki zamanyň global wehimleriniň biri bolup durýan neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi işjeňleşdirmek boýunça görülýän aýgytly çäreleri durmuşa geçirmegiň barşynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy S.Ballyýew, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew, Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ÝA.Ýazmyradow türkmen döwletiniň Baştutanyna özleriniň ýolbaşçylyk edýän edaralarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmek, işgärleriň hünär derejesini, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ulgamlarda işleriň ýagdaýyna şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak ýaly meselelere mejlise gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan bitarap döwletiň derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny ynamly durmuşa geçirýär we dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary belli bir maksada gönükdirip ösdürýär hem-de pugtalandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watana gulluk etmegi belent borç edinen ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini aýratyn belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň her bir işgäri ildeşlerimiz üçin hakyky watançylygyň, jogapkärçiligiň, ak ýürekliligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolmalydyr diýip aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, eşretli, abadan durmuşda, bagtyýar ýaşamagy ugrunda olaryň alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby-okuw türgenleşik merkeziniň atyşhanasyna bardy, bu ýerde harby gullukçylaryň türgenleşmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle hem ok atmak boýunça türgenleşikleri synlady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow nyşana ok atmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri mergenligini ozal hem birnäçe gezek görkezipdi. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýetginjeklik döwründe geçirilen degişli harby türgenleşik bäsleşiklerinde Türkmenistanyň çempiony bolandygyny bellemek gerek.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti atyşhanadan çykyp, türkmen bedewinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň nyzama düzülen aýratyn maksatly toparlarynyň ýanyna baryp, olaryň çykyşlaryna syn etdi. Görkezme okuw-türgenleşik çykyşlarynyň barşynda harby gullukçylar ýokary ussatlygyny we söweşjeň taýýarlygyny görkezdiler.
Milletiň Lideriniň hemişe belleýşi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegi, raýatlarymyzyň hukuklarynyň pugta goralmagy, halkymyzyň asuda durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň arkaýyn ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin şertleriň döredilmegi harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň her biriniň mukaddes borjudyr. Şu mukaddes borja wepaly bolup, Watan goragçylary we kanuna gulluk edijiler öz öňlerinde goýlan wezipeleri ak ýürekden, birkemsiz ýerine ýetirmelidirler.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby türgenleşik merkeziniň meýdançasyndaky türgenleşikleri synlamagyny dowam edip, päsgelçiliklerden geçmäge degişli geçirilýän harby türgenleşikleri gözden geçirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn maksatly toparyň türgenleşigini bedew atyň üstünde üns berip synlamagyny dowam etdi. Olar milletiň Liderine parahat durmuşa hyýanatçylyk etmäge hem-de howpsuzlyga wehim salmaga synanyşjak bolýan terrorçylara garşy barlyşyksyz göreş alyp barýan ykjam toparyň türgenleşigini görkezdiler.
Türkmen esgerleriniň başarnygyna, harby ussatlygyna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz olaryň gullukdaky hem-de durmuşdaky şertleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanynyň bu ýere gelmegine ruhy göterilen harby gullukçylar ähli zerur şertleriň bardygyny buýsançly aýtdylar hem-de milletiň Liderine döwlet tarapyndan döredilýän bu ýokary amatlykly şertler üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Ýol ugra hormatly Prezidentimizi türkmen bedewlerine atlanan esgerler ruhubelentlik bilen garşyladylar. Türkmen bedewleri asyrlaryň dowamynda Watany goramakda halkymyzyň wepadar ýoldaşy bolupdyr. Ahalteke bedewleriniň muşdagy we janköeri — milletiň Lideriniň alada etmegi netijesinde täze Galkynyş eýýamynda atçylygyň milli däpleriniň ösüşi harby gullukda hem öz şöhlelenmesini tapdy. Bu ýerde harbylar türkmen bedewlerinde döwlet Baştutanyna öz ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmen bedewlerine atlanan esgerleriň nyzam dabarasy döwlet Baştutanymyzyň okuw-türgenleşik merkezine barmagyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Türkmenistanyň Prezidenti harbylar bilen bolan söhbetdeşlikde gulluk atlaryny taýýarlamagyň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, ýurdumyzyň her bir harby bölüminde, şol sanda Içeri işler ministrliginiň bölümlerinde ýörite atly gözegçilik toparynyň bolmalydygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz okuw-türgenleşik merkeziniň sport meýdançasyndaky türgenleşikleri synlady. Döwlet Baştutany harby esgerleriň türgenleşmelerini gyzyklanma bilen gözden geçirip, yzygiderli sport türgenleşikleri diňe bir beden taýdan sagdynlyk ýagdaýyny we ony kämilleşdirmek üçin zerur ýagdaýy döretmän, eýsem, ýaşlaryň ruhy taýdan taplanmagy üçin hem iň oňat serişdedir diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby okuw-türgenleşik merkezinde bolmagynyň barşynda görkezilen türgenleşikleri synlamagyny jemläp, geljekde-de harbylaryň öz hünär ussatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmekleri üçin döwletiň hemme zerur şertleri döretjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan aýratyn goranyş, parahatçylyk söýüjilikli häsiýete eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň asuda, parahatçylykly durmuşyny üpjün etmegi öz öňünde baş wezipe edip goýdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Garaşsyz, Bitarap döwletiň esaslaryny berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu gulluklaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hemişe döwletiň üns merkezinde bolar diýip aýtdy.
Döwlet Baştutany harby okuw-türgenleşik merkezinden ugramak bilen, harby gullukçylara berk jan saglyk hem-de olaryň jogapkärli we asylly işinde hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde üstünlikleri arzuw edip, olaryň Watan öňünde öz harby borçlaryny ak ýürekden berjaý etjekdigine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň goragynda gaýduwsyz durjakdygyna ynam bildirdi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm