Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz hökümetara toparynyň birinji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Fransiýa Respublikasynyň daşary söwda boýunça Döwlet sekretary hanym Ann-Mari Idraky we senator, Fransiýanyň Prezidentiniň Fransiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatanaşyklary ösdürmek boýunça şahsy Wekili Aýmeri de Monteskýu Fezensaky kabul etdi.
Myhmanlar türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we myhmansöerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň başynda Pariże bolan saparynyň çäklerinde bolan duşuşykdan hoşniýetli ýatlamalary kalbynda saklaýan Fransiýanyň Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň adyndan milletiň Lideriniň doglan güni mynasybetli aýdan mähirli gutlaglaryny gowşurdylar.
Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde dostlukly ýurduň Prezidentine we tutuş ýolbaşçylyk korpusyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy we häzirki döwürde Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky özara gatnaşyklaryň bar bolan oňaýly mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen belläp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem duşuşykda Fransiýanyň işewür toparlary üçin gurluşyk we energetika pudaklary uly gyzyklanma döredýär, çünki Türkmenistan özüniň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlaryny nazara almak bilen, bu ugra aýratyn üns berýär diýlip bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň iri möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşýan hoşniýetli dostlar we ygtybarly hyzmatdaşlar üçin hemişe açykdyr. Soňky ýyllarda dünýäniň belli, şol sanda Fransiýanyň kompaniýalary bilen milli ykdsadyýetimiziň köp sanly möhüm pudaklarynda durmuşa geçirilen birnäçe bilelikdäki taslamalar milletiň Lideriniň aýdanlarynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzakmöhletleýin, deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýakyn we uzak geljek üçin iki ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly we has oňaýly mehanizmini işläp taýýarlamagy ugur edinýän türkmen-fransuz hökümetara toparynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Bilelikdäki topara fransuz tarapyndan ýolbaşçylyk edýän Ann-Mari Idrak döwlet Baştutanyna goldawy üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň soňky ýyllarda sosial-ykdysady ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklaýan Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşykda türkmen Lideriniň ýöredýän açyklyk we giň, netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýeňil bolmadyk dünýä çökgünligi şertlerinde Türkmenistana halkara arenasynda öňdäki orunlara çykmaga mümkinçilik döretdi we ýurt dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp orna eýe boldy diýip bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanlarynda fransuz wekiliýetiniň ýolbaşçysyna ýakyn ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň peýdalylygyny artdyrmagy ugur edinýän hökümetara toparynyň Aşgabatda açylýan mejlisiniň çäklerinde netijeli işleri arzuw etdi.
Duşuşyga Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adadan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Pýer Lebowiç gatnaşdy.
Şu gün Fransiýa Respublikasynyň daşary söwda boýunça Döwlet sekretary hanym Ann-Mari Idrak özüniň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary bilen ýurdumyzyň hökümetinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Olarda türkmen döwletiniň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça täze, geljekki taslamalaryna fransuz hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm