Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdirýetiniň başlygynyň orunbasary Waleriý Golubýewi kabul etdi.
Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekili wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedewiň, premýer-ministr Wladimir Putiniň mähirli salamlaryny, şeýle hem ýakynda Türkmenistanda giňden bellenilen milli Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli olaryň gutlaglaryny ýetirdi.
W.Golubýewiň nygtaýşy ýaly, Russiýada Türkmenistanda bolup geçýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere hem-de ýurduň ykydysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň artýan kuwwatlyklaryna oňyn baha berýärler. Çünki Türkmenistan halkara gatnaşyklaryna hem-de köp ugurly ykdysady hyzmatdaşlyga işjeň we okgunly goşulyşýar.
Russiýaly işewür Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem nygtady, türkmen döwleti şol toplumy ösdürmek üçin möhüm sebitleýin we halkara ähmiýeti bolan maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli amala aşyrýar. Bu babatda W.Golubýew “Gazpromyň” nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salam ýollady. Milletiň Lideri Türkmenistanyň ägirt uly önümçilik we tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan Russiýanyň kompaniýalary bilen, şol sanda “Gazprom” bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini hem tassyklady. “Gazprom” bilen bolsa gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesi toplanyldy.
Duşuşygyň barşynda şu ýyl “Gazproma” tebigy gazyň iberilmegi hakyndaky ylalaşygyň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, W.Golubýewiň nygtaýşy ýaly, türkmen tebigy gazy satyn alnan mahaly nyrh emele getirmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça öň kabul edilen ýörelgesi häzirki wagtda örän oňat netijeleri berýär. Nebit bazarynda ýagdaýyň üýtgemegine baglylykda türkmen tebigy gazynyň bahasy we ibermegiň möçberleri hem oňyn tarapa üýtgeýär.
Mundan başga hem Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Russiýanyň gaz holdingi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi hakynda düýpli pikir alşyldy. Hususan-da, nebitgaz pudagynda, şeýle hem Türkmenistanyň gazhimiýa senagatyny ösdürmek babatda täze düzüm taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary hem-de görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň degişli ýolbaşçylaryna bu ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini we şertlerini anyklaşdyrmagy tabşyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary W.Golubýew türkmen döwletiniň Baştutanyna kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, geçirilen söhbetdeşligiň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly hem-de özara peýdaly gatnaşyklaryň dowam edýändigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady.
referans: www.turkmenistan.gov.tm