14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip,  döwlet Baştutanymyza GFR-iň Prezidenti Ýoahim Gaukyň we Federal kansler Angela Merkeliň hoşniýetli sözlerini hem-de iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny ýetirdi.

Oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan we sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmak GFR-iň we tutuşlygyna alnanda bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrunyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň jenap Ralf Andreas Breti GFR-iň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn derejede, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we beýlekiler ýaly  iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen işlerinde üstünlik arzuw etdi. Munuň özi ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegini öz içine alýan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine iki ýurduň garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny nazara alanyňda has-da wajypdyr.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygy nygtaldy. 

Döwlet Baştutanymyz hem-de GFR-iň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda  medeni-ynsanperwer ulgamlardaky, aýratyn-da, saglygy goraýyş we derman senagatynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribelerini nazara almak bilen türkmen-german gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomat gatnaşyklaryň köpýyllyk işewür häsiýete eýe bolmagyny hem-de ony ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny   belläp,  bu gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmeginde halkara hyzmatldaşlygyna, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklara hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermeginiň  örän ähmiýetlidigini nygtady.

Germaniýanyň işewür düzümleriniň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalary, soňky ýyllarda nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen taslamalar, şeýle hem olaryň Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle taslamalar nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ugurlarynda, energetika we täze tehnologiýalar, oba hojalyk ulgamlarynda amala aşyryldy. Türkmenistanda Germaniýanyň Ykdysadyýet gününi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu çäre iki ýurduň önüm öndürijileriniň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini we türkmen-german hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi Türkmenistanyň we GFR-iň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap,  söwda-ykdysady gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmegiň, ynsanperwer ulgamdaky, has takygy, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň ylym we medeniýet wekilleriniň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, 2017-nji ýylda 2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasyny ýygnamak, hasaba almak, barlamak, saklamak we goramak baradaky Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda germaniýaly alymlar we hünärmenler bilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.  

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we GFR-iň ilçisi iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän türken-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ýagdaýda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany jenap Ralf Andreas Bret ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, milli Liderimizi iki ýurduň däp bolan hoşniýetli gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, Türkmenistanyň we Germaniýanyň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän syýasy-diplomatiki we söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda  tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Degişli makalalar

Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Iş Duşuşygy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Gazagystanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20-Ýyllygy Mynasybetli Dabara Geçirildi

syrach