15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli guramalarynyň —welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany bu gün saýlaw uçastogyna ilkinji bolup gelenleriň hatarynda ir säher bilen ses berdi.

Baýramçylyk lybasyna beslenen Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen mekdepde ir bilen aýdym-saz ýaňlanýar. Milletiň Lideri we öz ýurdunyň raýaty bu ýere Watan öňündäki raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň 16-njy saýlaw uçastogynda ses berdi. Bu ýerde etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna bir ýere dalaşgärleriň ikisi dalaş edýärler.

Ýurdumyzda şu gün geçirilen saýlawlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik özgertmeler we hakyky halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagynyň ýoly bilen öňe barýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip: «Halkara bileleşiginiň doly hukukly gatnaşyjysy bolmak bilen, Türkmenistan milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslaryny ösdürýär. Adam, onuň hukuklary we azatlyklary biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. Häzirki wagtda ol biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan wezipesidir» diýip nygtady. Şu gün döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri özüniň aýdyň tassyklanmasyna eýe boldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Soltan Sanjaryň Türbesi

syrach

Babadaýhanlar Şaly Ekişine Taýýarlanýar

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy