9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awsrtriýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýer bilen duşuşdy. Wagt tapyp duşuşandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, iri halkara guramasyngyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy iki ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini äşgär eden ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleriniň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň birnäçe abraýly halkara düzümleri, şol sanda BMG we sekretariaty Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalar bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy bardyr.

Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýändigi üçin ÝHHG-niň baştutanyna minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna doly hukukly agza bolmak bilen, biziň ýurdumyz ösüşiň umumy dünýä ýagdaýyna oňyn täsir etmäge gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmeginiň tarapdarydygyny nygtady. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ÝHHG-niň ýolbaşçysy bilelikdäki işiň geljekki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň  bähbidine dahylly we dünýä giňişliginde  durnukly geostrategiki ýagdaýa oňyn täsiri bolan meseleleri nazara almak bilen energiýa göterijileriň halkara derejesinde howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Baş sekretary häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, şol sanda ählumumy energiýýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe wajyp halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Türkmen tarapynyň bu meselelere bolan täzeçe çemeleşimeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryna goldaw berilýändigini nygtamak bilen, Lamberto Zanýer köpsanly Ýewropa ýurtlary Türkmenistany tebiga gazy esasy ugradýan we bu möhüm ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar ýurt hökmünde görýändigini nygtady. 

Möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde soňky ýyllarda oňyn netijeleriň gazanylandygyny we olary ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, söhbetdeşler birnäçe möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşdylar we sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda we ýük akymlarynyň ösdürilmegine, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan durnukly ösüş üçin amatly ýagdaýyň döredilimegine gönükdirilen ulag we üstaşyr geçelgeleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

Bu ugruň aýratyn möhümdigini bellemek bilen,  milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi bu möhüm meselä dünýä bileleşiginiň ünsüni gönükdirdi we ol döwletara hem-de halkara derejelerdäki netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berdi diýip aýtdy.

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň dürli pudaklar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk babatda gazanan tejribesiniň oňyn netijä eýedigini kanagatlanmak bieln belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallala çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Şu ýyl biziň ýurdumyza BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berkidilmegine 20 ýyl dolýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ÝHHG-niň Baş sekretaryny bu şanly senä bagyşlap Türkmenistanda guraljak dabaraly çäreler gatnaşmaga çagyrdy.

Jenap Lamberto Zanýer çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem halkara jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan bu şanly sene bilen gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, agzybirlik, gülläp ösüş we rowaçlygyň hem-de oňyn özgertmeleriň ýolunda täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Hoşlaşanlarynda birek-birege mähirli sözleri aýdyp, hormatly Prezidentimiz we ÝHHG-niň Baş sekretary parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Täze ýyl gutlagy.

syrach

Azyk Bolçulygyny Üpjün Etmegiň Meseleleri Çözülýär

Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi