Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sunil Jaini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 15 ýyllygy mynasybetli Hindistan Respublikasynyň Premer-ministri Manmohan Singhden we ähli hindi halkyndan gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Hindistanda Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna we parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň bähbitleri üçin türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlara ýokary baha berilýär hem-de goldanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Sunil Jaini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen hem-de hindi halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany we Hindistan Respublikasynyň ygtyýarly wekili söhbetdeşligiň barşynda uzak möhletli, özara peýdaly esasda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ilçiniň aýdyşy ýaly, Hindistan şu ýyllarda ýola goýlan, dostluk, taryhy we medeni taýdan umumylyk däplerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryna tüýs ýürekden sarpa goýýar.
Jenap Sunil Jain Hindistan Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, şu ýylyň maý aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasyna döwlet sapary we onuň çäklerinde ýokary derejede geçirilen, iki dostlukly döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolan gepleşikler döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berdi diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge taraplaryň taýýardygyny beýan etdiler. Bu babatda şol taslama gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyna, şeýle hem tutuşlygyna alnanda sebitde konstruktiw hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine hyzmat etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda TOPH taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň ýakyn günlerde boljak duşuşygynyň möhüm orny bellenip geçildi. Şol duşuşygyň gün tertibine bu halkara taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky meseleleri giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýanyň ýurtlaryna ygtybarly ibermegi ýola goýjak, sebitde durmuş-ykdysady ösüşe, parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjek Türkmenistan tarapyndan başy başlanan transmilli taslamanyň örän ýokary ähmiýetiniň bardygyny nygtap, öňde boljak duşuşykda gutarnykly ylalaşygyň kabul ediljekdigine ynam bildirdi. Ol ägirt uly energetika köprüsini gurmak boýunça bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esasy döreder.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Sunil Jain duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we özüniň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm