Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy– hemmämiz üçin beýik we mukaddes baýramçylyk bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.
Faşizm bilen bolan göreşde deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezip, häzirki we geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülen adamlar Ermenistanda we Türkmenistanda çuňňur hormat bilen ýatlanylýar.
Uruş ýyllarynda halklarymyzyň görkezen dostlugynyň we birek-birege eden goldawynyň mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýola goýulmagy üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
***
Mahmud Abbas,
Palestina döwletiniň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Palestina döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan pugta dostluk gatnaşyklaryna buýsanç duýgulary bilen, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn we Size hem-de tutuş türkmen halkyna gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy kabul ediň.