Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Hideomi Nakadzimeni kabul etdi.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar iki ýurduň we iki dostlukly halkyň bähbidine köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etmegine uly gyzyklanma bildirýärler.
Milli Liderimiz öz gezeginde Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasyna, hökümetine we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, ýurdumyzyň geljekde hem özara bähbitleriň hatyrasyna strategiki hyzmatdaşlyga tarap saýlanyp alnan ugra eýerjekdigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen duşuşyklaryny hemişe mähir bilen ýatlaýandygyny aýdyp, hut şol duşuşyklaryň ynamly we birek-biregi hormatlamak häsiýetiniň köp babatda ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolmagyny kesgitleýändigini hem-de ähli ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýapon wekiline syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary nazara almak bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi hem-de taraplaryň bu hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandygy barada pikir alşyldy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
Umumy pikire görä, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň netijeli işi, deňhukuklylyk we uzakmöhletleýinlik esasda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli bolmagyna ýardam edýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi bu maksatlara ýetilmegine gös-göni hyzmat edýär.
Bellenilişi ýaly, özara işewür gyzyklanma iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň üstüniň ýetirilmegi, ýapon hyzmatdaşlarynyň baý tejribesini we innowasion işläp taýýarlamalaryny hem-de tehnologiýalaryny Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine bermäge taýýardygy bilen şertlendirilendir. Türkmen döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň belent sepgitlerine çykýar. Häzir dürli ugurlarda özara bähbitlilik esasda üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki möhüm taslamalar Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orny eýelemek babatdaky gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklary aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikde geçirilýän işlerde toplanan oňyn tejribe, şeýle hem soňky ýyllarda ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňelmegi munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu bolsa iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.