“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine, Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine esaslyk maýadaky paýy 30 göterim, Ministrligiň “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudak edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda döwrebap binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreleri ýokary derejede dabaralandyrmak, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyza gelýän myhmanlary ýokary derejede garşylamak hem-de Mary şäheriniň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherinde 3 000 orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň, çagalar dynç alyş toplumynyň we awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada konsorsiumyň düzümine girýän “Dolama”, “Aly bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri hem-de “Başlar”, “Ynamly hereket” hususy kärhanalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we binany 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
“Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek we çykarýan benzinleriniň hem-de dizel ýangyjynyň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Toplumda dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalaýan hem-de wodorod öndürýän bölekli haýal kokslama we kataliltik kreking desgalarynyň benzinlerinden wodorod bilen kükürdi aýyrýan desgalaryň taslamasyny düzmek we olary ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada konsorsiumyň düzümine giýrän Günorta Koreýanyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co, LTD” kompaniýalary bilen şertnamany, işleri 3,5 ýylyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.