8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak hem-de işgärler üçin zerur önümçilik şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine 2011-nji ýylda çykarylan “Chevrolet Captiva” kysymly awtoulaglary üç ýylyň dowamynda kepillendirilen hyzmatlary etmek şertinde satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “General Motors Uzbekistan” Ýapyk Paýdarlar Jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň meseleleri bilen bagly makalalary, dünýäniň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu pudagynda gazanylýan üstünlikler baradaky täzelikleri hem-de habarlary okyjylar köpçüligine yzygiderli we öz wagtynda ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligine “Nebit-gaz” gazetini hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän edara görnüşli tarap hökmünde bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. “Nebit-gaz” gazetini 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan türkmen dilinde A3 ölçegde 8 sahypada, hepdede bir gezek neşir edip başlamak bellenildi.

* * *

“Syýahatçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda Milli syýahatçylyk zolagynyň işine gatnaşyjy tarap diýen hukuk ýagdaýyny bermegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Milli syýahatçylyk zolagynyň işine gatnaşyjy tarap diýen hukuk ýagdaýyny bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

* * *

Ýurdumyzda arassaçylyk hem-de iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet gözegçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Durmuş-sagdynlaşdyryş boýunça yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýan edaralaryň sanawy, Iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet gözegçilik we barlag edaralary hakyndaky Düzgünnama, Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça yzygiderli gözegçilik hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek we “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrine “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň uzynlygy 311 km bolan Bereket-Buzhun böleginiň energiýa, habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny hem-de ýoluň tehniki üpjünçilik enjamlaryny satyn almagy we gurnamagy maliýeleşdirmek üçin, 5 ýyl ýeňillikli döwrüni hasaba almak bilen, 25 ýyl möhlete, umumy möçberi 125 000 000 amerikan dollary bolan “Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky (Demirgazyk-Günorta demir ýol taslamasy) Karz ylalaşygyna” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, edara görnüşli we şahsy taraplaryň bähbitlerini töwekgelçiliklerden goramagyň netijeli usulyny döretmek, şeýle hem ätiýaçlandyryş işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin dölet maksatnamasy, Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2011-2015-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *

“Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama” laýyklykda, Balkan welaýatynda suw üpjünçiligi toplumlarynyň gurluşygyny üstünilkli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Yslam Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň we Yslam Ösüş Bankynyň arasyndaky üç ýyllyk maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna, Türkmenistan tarapyndan Yslam Ösüş Bankynyň dolandyryjysyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan welaýatynda suw üpjünçiligi taslamasyny maliýeleşdirmek barada Yslam Ösüş Banky bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri hasaba almak bilen, 19 ýyl möhleti bolan, umumy möçberi 121 170 000 amerikan dollaryna barabar “Istisna” Ylalaşygyna hem-de Agentlik Ylalaşygyna gol çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Ulag we kommunikasiýa ministrleriniň 8-nji duşuşygyny 2011-nji ýylyň 28-29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine şu duşuşygy talaba laýyk guramak hem-de ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen welaýatlarda we Aşgabat şäherinde täze guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk meýdançasynyň çäklerine düşýän öýleriň ýaşaýjylarynyň arza-şikaýatlaryna garamak boýunça pudagara topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde welaýatlarda we Aşgabat şäherinde täze guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk meýdançasynyň çäklerine düşýän öýleriň ýaşaýjylarynyň arza-şikaýatlaryna garamagyň tertibini 1 aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Pudagara topara öz işine zerur halatlarda beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini hünärmen hökmünde gatnaşdyrmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy B.Berdiýew we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew “Terrorçylyga garşy bütindunýä göreşi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin, 2011-nji ýylyň 25-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türk Ýyldyzy Aşgabatda

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Meseleleriniň Çözülmegine Goşandyny Artdyrýar

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni Mynasybetli Dabaralara Gatnaşdy