8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň nebit we mineral serişdeler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň nebit we mineral serişdeler ministri jenap Ali Bin Ibrahim Al Naimini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdalla Bin Abdel Aziz Al Saudyň we patyşalygyň mirasdüşer şazadasy emir Sultan Bin Abdel Aziz Al Saudyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamlaryny we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy. Jenap Ali Bin Ibrahim Al Naiminiň belleýşi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygynda oňaýly maýa goýum ýagdaýy we türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň netijesinde özapa peýdaly gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler açylýan ýurt bolan dostlukly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen mähirli görşüp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we öz gezeginde Patyşa Abdalla Bin Abdel Aziz Al Sauda we patyşanyň maşgala agzalaryna özüniň mähirli arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Saud Arabystany bilen soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly gadyr goýýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmen döwletiniň Baştutany we Saud Arabystany Patyşalygynyň nebit we mineral serişdeler ministri ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk ugry bolan ýangyç-energetika toplumyndaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak ugruny durmuşa geçirýän, senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň , pudaga iň täze tehnologiýalary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen energogöterijileriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň hasabyna pudagyň gazyp almak we gaýtadan işleýiş kuwwatlygyny artdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanda işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikler döredilýär.

Myhman geljegi uly bolan bu ugur boýunça Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşygy ösdürmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we häzirki döwürde sazlaşykly ösýän türkmen bazary öz ýurdunyň işewür toparlary üçin örän özüne çekijidir diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan özüniň energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy ugur edinýär, munuň özi bolsa öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmäge bolan meýillerini şertlendirýär diýip belledi we şunuň bilen baglylykda Saud Arabystanynyň tejribesi biziň ýurdumyzda giňden ulanylyp bilner diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň hyzmatdaşlaryna bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň däp bolan özara peýdaly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň hatyrasyna ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki Bin Haled Bin Faýsal Al Haşr gatnaşdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Fitch 2020-nji Ýyla Çenli Nebitiň Bahalarynyň 65 Dollara Çenli Ýetmegine Garaşýar

Birža Täzelikleri

Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Duşuşygy