Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat serhet otrýadynyň «Bagyr» serhet galasynda boldy. Döwlet Baştutany häzirki zaman nusgasyndaky serhet galalary gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan desgalar toplumynyň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.
Bu wakanyň türkmen halkynyň esasy baýramçylygy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bolýandygy çuňňur mazmuna eýedir. Çünki serhet goşunlary parahatçylygyň we dogduk topragymyzyň rahatlygynyň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň öňdäki hatarlarynda bolmak bilen, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda eserdeň durýarlar.
Asyrlaryň dowamynda türkmen halky parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdy, garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär, biziň ýurdumyz şol syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürip, planetamyzyň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bu maksatlara ýetilmegine türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän we howpsuzlygyň täze global arhitekturasyny kemala getirmäge, sebitde we bütin dünýäde durmuş-ykdysady abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen konstruktiw başlangyçlar hyzmat edýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen bu başlangyçlar ähli halkara bileleşiginiň goldawyna hem-de ykrar etmegine eýe bolýar.
Döwlet Baştutany serhet goşunlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini birsyhly nygtap gelýär. Olaryň öňünde bolsa türkmenistanlylaryň parahat durmuşyna islendik kast edilmegine ygtybarly böwedi üpjün etmek we şunda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň hemişe parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek baradaky asylly we jogapkärli wezipe goýlandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly, döwletimiz Türkmenistanyň serhediniň hoşniýetli dostlarymyz we goňşularymyz üçin hemişe açyk, haçan-da, neşeleriň, ýaraglaryň kontrabandasy ýa-da ýurdumyzyň howpsuzlygyna islendik wehimler barada gürrüň barýan mahaly bolsa eldegirilmesiz bolup galmagy barada ähli çäreleri görýär.
Ýaragly Güýçlerimiziň, şol sanda Serhet goşunlarymyzyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, olary iň täze harby tehnikalary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de durmuşy, olaryň doly derejede zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin göwnejaý şertleri döretmek, şol sanda häzirki zaman harby şäherçeleri we serhet galalaryny gurmak meseleleri milletiň Lideriniň elmydama üns merkezindedir.
Täze nusgadaky galalaryň ýene biriniň işe girizilmegi türkmen serhetçileri üçin şanly baýramçylyk bolan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Şu gün bu ýerde ählumumy ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýy höküm sürýär.
Gala tarap barýan ýoluň ugrunda ýaş serhetçi esgerler hatara düzülipdir. Olaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary bar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakanyň bolýan ýerine awtomobilde geldi. Milletiň Liderini dabara gatnaşyjylar—Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Döwlet Baştutanyna gül desseleri gowşurylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow raport berýär.
Milletiň Lideri raporty kabul edip, «Bagyr» serhet galasyna tarap ugraýar, şol ýerde galanyň şahsy düzüminiň dabaraly lybasdaky esgerleri hatara durlar. Döwlet Baştutany esgerler bilen mähirli salamlaşýar we olary şanly waka bilen gutlaýar. Öz nobatynda serhetçiler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowy dabaraly ýagdaýda mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» ansamblynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti simwoliki lentany kesýär we täze «Bagyr» serhet galasynyň çäklerine geçýär, ol abadanlaşdyrylan häzirki zaman harby şäherçesinden ybaratdyr. Bu ýerde serhetçileriň üstünlikli gulluk etmekleri, ýaşamaklary we göwnejaý dynç almagy, şeýle hem olaryň maşgalalarynyň amatly durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan harby reformalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan serhet galasynyň ak mermere örtülen toplumy gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş we sport maksatly desgalary özünde jemleýär.
Ilki bilen döwlet Baştutany 4 maşgala üçin niýetlenilen ýaşaýyş jaýyna tarap ugraýar. Şonda ýaşaýjylar üçin örän oňat şertler döredilendir, olar amatly mebel we häzirki zaman durmuş tehnikasy bilen üpjün edilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýleriň birine baryp gördi, şol ýerde milletiň Lideri uly şatlyk bilen garşylandy. Täze jaýa göçüp gelen bagtly ýaşaýjylar mähriban myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, döwlet Baştutanyna häzirki wagtda şeýle ajaýyp öýlerde ýaşamaga mümkinçilik alan serhetçileriň maşgalalary hakynda edýän aladalary üçin çäksiz, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, täze göçüp gelenlere saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Gepiň gerdişine görä aýdylsa, ak mermere örtülen jaýyň öňünde çagalar üçin abadanlaşdyrylan oýun oýnalýan meýdança hem ýerleşýär. Şäherçäniň ýaşajyk ýaşaýjylaryna gürrüňsiz suratda bu ýerde guralan hiňňillikler, typylýan depeler we beýleki oýun oýnalýan attraksionlar uly gyzyklanma döreder.
Türkmenistanyň Prezidenti täze serhet galasy bilen tanyşmagyny dowam etdirip, gulluk itleri üçin ýataklary we athanany gözden geçirdi. Bu ýerde esgerler bilen serhetçileriň Döwlet serhedini goramakdaky ýakyn kömekçilerini saklamak üçin ähli göwnejaý şertler döredilipdir.
Häzirki zaman tehniki serişdeleriň bardygyna garamazdan, serhetde öňküleri ýaly ýörite tälim berlen gulluk itleri bolmazdan işläp bolmaz. Şunda it saklamak däpleriniň Türkmenistanda gadymy kökleriniň bardygyny belläp geçmeli. Asyrlaryň dowamynda toplanan bu tejribe serhetçileriň dört aýakly kömekçileri bilen iş alyp barýan ýurdumyzyň häzirki zaman kinologlary üçin doly derejede zerurdyr.
Häzirki wagtda serhetde, aýratyn hem ýörite awtomobil tehnikasy geçip bilmeýän uçastoklar köp bolan çylşyrymly daglyk ýerlerinde atsyz hem oňup bolmaýar. Gadymdan bäri at türkmen halkynyň wepaly dosty bolupdy we häzir hem şeýle bolmagynda galýar. Serhetçiler öz ygtybarly kömekçilerini zerur üns bilen gurşap alyp, olar barada, göwnejaý aladalanýarlar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasy bilen tanşyp, serhet goşunlarynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmagyň we onuň üstüni ýetirmegiň çäklerinde ýakynda satyn alnan we garażda öz ornuny eýelän täze awtomobil tehnikasyny, şeýle hem serhetçiler üçin zerur bolan beýleki tehniki serişdeleri gözden geçirdi. Häzirki wagtda iň häzirki zaman ýörite maşynlar türkmen serhetçileriniň ygtyýaryndadyr, olar serhetçilere gulluk etmekde kömek edýär.
Serhet galasynyň çäklerinde, hususan-da, azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenilen ammar jaýlary hem ýerleşýär.
Täze serhet galasynda sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler hem göz öňünde tutulandyr. Dürli sport esbaplary we türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen sport şäherçesi munuň üçin niýetlenilendir. Bu ýerde kiçi futbol üçin meýdança we başgalar bar. Şular ýaly ajaýyp enjamlaşdyrylan meýdançalar döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan harby reformanyň çäklerinde ýurdumyzda gurulýan ähli häzirki zaman serhet we harby şäherçelerine mahsusdyr. Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti öz göreldesinde bu babatda Watan goragçylary üçin aýdyň nusga bolup, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlyklaryny birsyhly görkezip gelýär. Milletiň Lideri serhetçileriň türgenleşmelerini gyzyklanmak bilen synlap, yzygiderli sport türgenleşikleri diňe bir beden taýdan sagdynlyk ýagdaýyny we ony kämilleşdirmek üçin däl, eýsem, ýaşlaryň ruhy taýdan taplanmagy üçin hem iň oňat serişdedir diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň esasy binasy bolan gulluk we durmuş maksatly jaýlara tarap ugrady. Döwlet Baştutany nobatçydan raporty kabul edip, serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan häzirki zaman inżener-tehniki enjamlar bilen tanyşdy. Milletiň Lideri ammar we beýleki jaýlary, şol sanda ýaraglary saklamak we arassalamak üçin niýetlenilen jaýlary /?/ gözden geçirdi.
Binada esgerleriň we serkerdeleriň bilimlerini artdyryp, öz boş wagtlaryny peýdaly geçirip biljek ýeri bolan kitaphana, dabaraly we beýleki jemgyýetçilik-syýasy çäreleri geçirmek üçin niýetlenilen «Galkynyş» otagy, administratiw otaglary, ähli zerur zatlar bilen üpjün edilen sport-türgenleşik zaly we lukmançylyk nokady ýerleşýär. Baş korpusda ýerleşen kazarmalaryň abadanlaşdyrylyşy döwlet Baştutanynyň ünsüni çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti serhetçileriň durmuş we gulluk şertleri bilen gyzyklanyp, naharhana baryp gördi hem-de serhetçileriň nygmat üpjünçiligi bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanynyň harby gullukçylar bilen bilelikde naharlanmagynyň barşynda häzirki wagtda serhetçileriň nähili ýaşaýandyklary we gulluk edýändikleri hakynda, şeýle hem parahatçylyk, döredijilik we progres ýoly bilen ynamly gadam urýan biziň ýurdumyzy gurşap alan giň möçberli derwaýys özgertmeler hakynda ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlik boldy.
Serhetçiler harby gullukçylar hakynda yzygiderli üns berýändigi we alada edýändigi üçin baýramçylyga ajaýyp sowgat bolan täze häzirki zaman serhet galasy üçin milletiň Liderine çäksiz hoşallyk bildirdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ätiýaçdakylaryň hataryna boşanlaryndan soň, geljekde ýaş esgerleriň nähili meýilleriniň bardygy bilen gyzyklanyp, olaryň häzirki gulluk etmegi diňe bir Watan öňündäki mukaddes borjy bolmak bilen bir hatarda, eýsem, uly durmuş mekdebidir diýip nygtady. Döwlet Baştutany serhetçilere ak ýol arzuw edip, türkmen halky asyrlaryň dowamynda hakyky watançylyk ruhuna, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr diýip belledi, şolaryň ruhunda ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirjek ýurdumyzyň ýaş nesli kemala gelmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň baş binasyndan çykmazyndan öňürti Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutany serhet gözegçilik nokadyna tarap ugrady. Bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa milli serhet goşunlarymyzyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenip satyn alnan täze häzirki zaman tehnikasynyň mümkinçilikleri hereketde görkezildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti gije-gündiziň bütin dowamynda islendik howa şertlerinde uçuşlary amala aşyrmaga ukyply uçarmansyz uçaryň uçuşyny synlady. Munuň özi Döwlet serhedini goramak boýunça gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik berer, biziň ýurdumyzyň çäklerinde islendik bikanun aralaşmagyň, şol sanda bikanun neşe serişdeleriniň getirilmeginiň öňüne berk böwet bolar.
Synag uçuşlary tamamlanandan soň döwlet Baştutany Türkmenistanyň serhediniň parahatçylyk we dostluk serhedi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Emma döwletimiz geljekde hem biziň serhetlerimiziň türkmenistanlylaryň parahat durmuşyna hyýanat edilmegi hakynda, ýurdumyzyň howpsuzlygyna islendik wehimler hakynda söz barýan mahaly berk goralmagy üçin ähli zerur şertleri görjekdigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasyna gaýdyp gelmek bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Milletiň Lideri mejlis tamamlanandan soň, serhetçileri täze häzirki zaman serhet galasynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara söýgüli Watanymyzyň parahatçylygyny we rahatlygyny, türkmen halkynyň bagtly hem-de abadan durmuşyny goramak ugrundaky ýeňil bolmadyk, ýöne asylly gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi. Şunda döwlet Baştutany döwletimiziň geljekde hem serhet goşunlarynyň täze tehnika we enjamlar bilen üpjün edilmeginiň, şeýle hem Watanymyzyň serhetlerini goraýjylar üçin mynasyp sosial-durmuş şertleriniň döredilmegine degişli meseleleri üns merkezinde saklajakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, «Bagyr» serhet galasyndan ugrady.
Bu wakanyň şanyna, dogduk Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm