Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa bu ulgamlara gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, täze Galkynyş eýýamynda döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň işgärlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Il-ýurt bähbitli şol wezipeler ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, ýokary aň-düşünjeli we hünärli nesli kemala getirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň maslahatda nygtap belleýşi ýaly, dünýä okgunly ösýär, şunda döredijilik we oňyn özgertmeler ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan şu umumy ösüşden çetde durmaýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da ýaşlar şol ösüşiň tizligine öz bilimleri, hünärleri, başarnyklary bilen sazlaşykly goşulmalydyr.
Ýurdumyzyň mekdeplerinde bilim we terbiýe bermek, ýaşlaryň öz ýaş derejesi boýunça, gadymdan gelýän türkmen ýörelgesinden ugur alnanda, olaryň oglanlyk, ýetginjeklik we ýigitlik döwri göz öňüne tutulyp, bilim-terbiýe berilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi. Ýaş nesli watansöýüjilik we beýik ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň meseleleri durmuşa geçirilende-de halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýollary ýörelge edinilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz maslahatda bu ulgamda ýurdumyzda soňky ýyllarda gazanylan tejribeleri okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ylymly-bilimli, hünärli we beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giňden ulanmagy tabşyrdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz her bir okuwçynyň hökman üç dili bilmegini, hökmany suratda haýsy hem bolsa sportuň bir görnüşi bilen höweslenip, meşgullanmagyny gazanmagy, olaryň döwrebap ylymly – bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda döwlet tarapyndan döredilen ägirt uly mümkinçiliklere ünsi çekip, Bilim ministri G.Mämmedowadan durmuşa geçirilýän işleri düýpli gowulandyrmagy hem-de anyk netijeleri gazanmagy talap etdi.
Bilim ministri hormatly Prezidentimiziň bildirýän ähli döwrebap talaplarynyň hökman ýerine ýetiriljekdigini aýtdy. Çünki munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde hemme zerur şertler döredildi diýip nygtamak bilen, Bilim ministri milli Liderimizi ýurdumyzyň ähli bilim işgärleriniň adyndan ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermeklige ägirt uly üns berýändigi, kämil nesli ýetişdirmek boýunça uly tagallalary edýändigi, şeýle hem ajaýyp paýtagtymyz Aşgabadyň Köpetdagy etekläp oturan, iň gözel künjeginde gurlan Bilim ministrliginiň täze belent binasyny açyp berendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly dabara beslenip açylan, daşky keşbi ägirt uly açyk kitaby ýatladýan bu belent bina milli Liderimiziň başlangyjy bilen berkarar edilýän Türkmenistanyň täze bilim syýasatynyň özboluşly aýdyň nyşany bolup durýar.
Şeýle-de Bilim ministri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, türkmen halkynyň gadymdan gelýän bilim we terbiýe bermek ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meselä entegem ünsi güýçlendirmegi, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň ýaşlary zähmete ugrukdyrmak, olaryň hünär edinmegini we özleriniň eýe bolan hünärleri boýunça türkmen halkyna mahsus, gadymdan gelýän zähmet endiklerini gazanmak, netijede häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli, il-ýurt bähbitli işlere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi hem-de bu işi ýurdumyzyň beýleki degişli ministrlikleri bilen utgaşyklylykda alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda tomusky dynç alyş döwründe geçirilmeli çärelere ünsi çekip, bu möhüm ähmiýetli meseläni aýdyň çözmegi, ony häzirden içgin öwrenmegi, oňa oýlanyşykly çemeleşmegi hem-de talaba laýyk guramagy Bilim ministrine tabşyrdy hem-de anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatda belleýşi ýaly, bilim, sport, saglyk biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr we döwlet derejesinde ony sazlaşykly, oýlanyşykly, örän paýhasly we guramaçylykly alyp barmak bu ulgamlara jogap berýän ýolbaşçylaryň mukaddes borjudyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ý.Atalyýewe ýüzlenip, onuň bu ulgama döwlet tarapyndan döredilýän ägirt uly mümkinçiliklere garamazdan, işleri talaba laýyk guramaýandygyny, şol ägirt uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaýandygyny aýdyp, işi döwrebap gurap, onuň netijeliligini üpjün etmegi talap etdi. Türkmenistanda häzir 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde sport desgalaryny gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar we milli maksatnama boýunça bu ugurda beýleki zerur serişdeler goýberilýär hem-de degişli goldawlar berilýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň günortasynda gurulýan iň häzirki zaman Olimpiýa sport toplumlarynyň şäherjigini muňa mysal hökmünde getirmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz şu giň mümkinçilige ünsi çekip, anyk netijeleri gazanmagy, diňe bir köpçülikleýin sportda däl, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän ýokary maddy-tehniki şertlerden peýdalanyp, dünýä derejeli türgenlerimizi taýýarlamak işini ýokary derejede ýola goýmaklygy talap etdi. Milli Liderimiz türkmen halky başarjaň hem-de zehinli halk, asly gujurly ussat türgenler bolup ýetişjek ýaşlar milletimiziň içinde bar, ýöne şol zehini tapmak, ony açmak hem-de dogry ýola gönükdirmek gerek diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek her bir türkmenistanly üçin täze Galkynyş eýýamynda mukaddes ýörelgä öwrülmelidir diýip nygtady.
Bu gürrüňi dowam etdirmek bilen, döwlet Baştutanymyz her bir türkmen raýatynyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň bu ýörelgä eýermegini we oňa uýmagyny gazanmagyň gerekdigini aýtdy we diňe şu meseläni ýokary derejede çözen we durmuşa ornaşdyran halatymyzda merdana milletimiziň tämiz genofondyny saklap we ony beýik galkynyşlaryň üpjün edilmegine gönükdireris diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz zyýanly endiklere garşy ählihalk göreşiniň hem şu meseläniň düýpli çözülmegi bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady we bu babatda maslahata gatnaşan ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz maslahatda garalan möhüm meseleleriň nukdaý nazaryndan degişli ýolbaşçylaryň 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününi bellemäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlaryny hem diňledi. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, halkymyzyň beden hem ruhy sagdynlygyny üpjün etmek döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir we milletiň saglygy hemişe döwletiň baş wezipeleriniň biridir diýip belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu möhüm işe ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününe görülýän taýýarlyk çäreleriniň Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny gurşap almalydygyny, sportuň dürli görnüşleri boýunça, aýratyn hem, halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen we öz manyly ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegine öwren milli sport oýunlary boýunça giň möçberli çäreleriň geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak we berkitmek, halkymyzyň beden we ruhy sagdynlygyny ýokary derejede üpjün etmek meselesine ünsi çekip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mingistri G.Elýasowdan bu ulgamda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleri, döredilen giň mümkinçilikleri giňden peýdalanmak bilen işi döwrebap guramagy, anyk netijeleri gazanmagy talap etdi. Ministrligiň bu giň mümkinçiliklerden ýerlikli, rejeli, oýlanyşykly peýdalanmaýandygyny belläp, işi düýpli guramaga borçly etdi, hususan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda arassaçylyga gözegçilik etmek, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak, ýerli çig mallardan milli derman önümçiligini ýokary derejede ýola goýmak işini talaba laýyk guramaýandygyna ünsi çekip, bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde aradan aýyrmagy talap etdi we anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde hemişe täze ýol-ýörelgeleriň we usullaryň gözleginde bolmalydyklaryny, bu babatda halkymyzyň gadymdan gelýän milli dessurlarynyň, synagdan geçen ýörelgeleriniň türkmen jemgyýetiniň häzirki ösüşi bilen berk baglanyşykly alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara öňde goýulýan möhüm wezipeleri çözmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi we anyk tabşyryklary berdi.
Maslahata gatnaşyjylar öz öňlerinde goýlan wezipelere çuňňur düşünýändiklerini we il-ýurt bähbitli ol möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna, bildirilýän ýokary talaplaryň derejesinde beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesli, hakyky watançylary kemala getirmekde zerur çäreleri geçirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanyny ynandyrdylar.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edilen gürrüňleriň, garalan meseleleriň ählisiniň halkymyzyň hem-de Watanymyzyň mukaddes bähbitlerine gönükdirilendigini bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm