Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji maýy aralygyndaky döwürde Italiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow hem-de Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri M.Rensi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de halkara gün tertibiniň örän möhüm meseleleri boýunça dostlukly we işjeň ýagdaýda pikir alyşdylar.
Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze oňyn depginler bilen ösýändigini bellediler hem-de bu gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda we maýa goýumlary babatda ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň, şeýle hem hyzmatdaşlyk we bilelikdäki kärhanalar üçin täze ugurlary öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri şu ýylyň ahyryna çenli Rimde Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak barada Türkmenistanyň Prezidentiniň beýannamasyny goldady.
Ýolbaşçylar energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan tejribesini kanagatlanmak bilen bellediler we bu hyzmatdaşlygy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda giňeltmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.
Baştutanlar üpjünçilik ulgamlary we ulag, şeýle hem agroazyk senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň innowasion ýollary babatda we syýahatçylyk babatda pudaklaýyn guramalary çekmek bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmagy ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri M.Rensi Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň arasynda özara bilimleri we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýan medeniýet babatda alyşmagyň möhümdigini bellediler.
Ýolbaşçylar saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli ösdürmegiň goşmaça tassyklanmasy bolup durýan, salgyt meseleleri boýunça maglumatlary alyşmak baradaky hökümetara ylalaşyga, ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ähtnama, ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilmegini makulladylar.
Halkara meseleleri boýunça ählumumy howplara, şol sanda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de iki döwletiň gatnaşýan beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Rim, 2015-nji ýylyň 4-nji maýy.